Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
BEDENIMIZDÄKI PLASTIK HIMIKATLARY AZALTMAGYŇ 3 ÝÖNEKEÝ ÝOLY
BPA we ftalatlar ýaly plastik himikatlar her bir adamyň diýen ýaly bedeninden tapylýarlar – olar ulanýan gündelik azyk önümlerimiziň plastik gaplaryndan, iýmit konteýnerlerinden/lançiklerden, hatda şampunlarymyzdan we gözellik kremlerimizden hem syzyp, ganymyza düşýärler. Bu himikatlar endokrin ulgamyny bozýarlar, ýagny gormonlarymyzyň işine zyýan berýärler, şeýle-de olar ýürek we metabolik keselleriniň döremesi bilen hem baglanyşdyrylýar. Gowy habar: Ýakynda Nature Medicine ylmy žurnalynda çap edilen synag işi bedeniňde bu himikatlary ýekeje hepdäniň içinde 60%-e çenli azaldyp boljakdygyny görkezdi.
Western Australia uniwersitetinden ylmy barlagçylar topary ýedi günläp plastik düzümi pes iýmitleri iýen adamlaryň peşewinde plastik himikatlaryň 60% azalýandygyny öwrendiler. Barlaga gatnaşyjylaryň ikinji topary bolsa, diňe diş pastalaryny, şampunlaryny we beýleki şahsy arassaçylyk önümlerini "az plastikli" görnüşlerine çalyşypdyrlar we başga hiç zatlaryny üýtgetmezden bir hepdäniň içinde peşew düzümindäki ftalatlary 35% azaldyp bilipdirler.
Bu barlag bedene düşýän plastik himikatlary azaltmagyň 3 ýönekeý ýolunyň üstüni açdy:
↪ Plastik gaplary azaltmak. Iýmit we azyk önümlerini satyn alanyňda ýa-da saklanyňda plastik gaplary ulanmajak bolmaly. Olaryň ýerini mata sumkalar, aýna we poslamaýan polat gaplar bilen çalyşyp bolar.
↪ Alýumin/metal bankaly iýmitleri we içgileri azaltmak. Alýumin we metal bankalaryň aglabasy BPA ýa-da onuň himiki “garyndaşlary” bilen örtülýär we bular bankanyň içindäki iýmite ýa-da içgä syzyp geçýärler. Kabul edilýän her bir bankaly iýmit ýa-da içgi peşewde BPA mukdarynyň 14.3% ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrylýar.
↪ Aşa gaýtadan işlenilen önümleri az kabul etmek. Önümçiligiň her bir etabynda (ýasamak, çykarmak, gaplamak), aşa gaýtadan işlenilýän önümleriň içine plastik himikatlar düşüp durýar. Hatda içinde bu himikatlar bolmaýan-da hem, aşa gaýtadan işlenilen önümleriň saglyga zyýanlary çilimiňkä deňeşdirilýär.
Şahsy arassaçylyk önümlerine gezek gelende welin, sintetik yslar ftalatlaryň esasy çeşmesi bolup durýarlar. Şonuň üçin yslandyrylmadyk önümleri saýlamakdan başlap bolar. Sabyn görnüşli, gatadylan şampunlar we aýna/metal gaplarda satylýan kremler hem plastik gaplardan gaça durmaga kömek edip biler.
Ylmy barlagçylaryň bellemegine görä, diňe bir hepdelik üýtgeşmeler seniň saglyk ýagdaýyňy känbir özgertmän biler, emma bu endikleri hemişelik dowam etdirmek ençeme saglyk töwekgelçiliklerini azaldar. Şeýle-de, bu meselede çynlakaý özgerişlikleriň diňe hökümetleriň berk kanunlary kabul etmegi we durmuşa geçirmegi bilen gazanylyp bilinjekdigi aýdylýar.
- 11 gezek okalan