Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ENDOKRIN ULGAMY NAME?
Endokrin ulgamy – endokrin öýjükleriniň işläp çykarýan gormonlary arkaly içki agzalaryň işini kadalaşdyryjy ulgamdyr.
Bu ulgam:
↪ Daşky gurşawyň üýtgäp duran şertlerinde bedeniň içki ýagdaýynyň durnuklylygyny saklamaga kömek edýär;
↪ Nerw we immun ulgamy bilen bilelikde ösme, beden kämilleşmesi hadysalaryny, onuň jynsy aýratynlygyny we önelgeliligi kadalaşdyrýar;
↪ Beden energiýasyny emele getirme, harçlama we saklama hadysalaryny sazlaýar;
↪ Nerw ulgamy bilen bilelikde gormonlary, emosional durky sazlamaga we adamyň psihiki işjeňligini amala aşyrmaga gatnaşýar.
Endokrin ulgamyň esasy mäzleri
Gipotalamo-gipofizar ulgamy – gipotalamus bu ulgamyň wajyp bölegi hasaplanýar. Gipotalamusda wazopressin ýa-da antidiuretiki gormony, oksitosin, neýrotenzin gormonlary we gipofiziň iňini kadalaşdyryjy bioligiki işjeň maddalar bolan somatostatini, tiroliberini, gonadoliberini, kortikoliberini, somatoliberini işläp çykarýar.
Bedeniň esasy mäzleriniň biri bolan gipofizi, işjeňliginiň wajyplygy boýunça orkestriň dirižýory bilen deňeşdirip bolar. Bedeniň içki durkunyň ýagdaýyna görä, ol gerekli gormonlaryň bölünip çykma ýa-da togtatma düzgünini sazlaşdyrýar. Agramy 1 gr. hem pes bolan bu mäz üç bölümden ybaratdyr: öňki (mäzli ýa-da adenogipofiz), aralyk (ol ol diýen kämilleşmedik) we yzky (neýrogipofiz). Ýokarda agzalan gipotalamusyň gormonlarynyň gipofiziň portal ulgamyna bölünip çykmagy we onuň öňki böleginiň öýjüklerine täsir etmegi netijesinde gipofiziň gormonlarynyň işläp çykarylmagyna gözegçilik edilýär. Olar bolsa öz gezeginde başga mäzleriň işjeňligini sazlaýarlar.
Gipofiziň öňki bölegi (adenogipofiz) hemme beden mäzleriniň işini kadalaşdyryjy 6 sany esasy gormony işläp çykarýar:
↪ Tireotrop gormony – galkan şekilli mäziň işini sazlaýar;
↪ Adrenokortikotrop gormony – böwreküsti mäziň gabygynyň işine gözegçilik edýär;
↪ Somatotrop gormony (ösüş gormony) – süňk ulgamynyň, myşsalaryň, kekirdewükleriň ösüşini amala aşyrýar;
↪ Laktotrop gormony – süýt we başga mäzleriň işine täsir edýän prolaktiniň mukdaryna we işjeňligine gözegçilik edýär;
↪ Iki sany jyns mäzlerine täsir edýän gormonlar – follikulin we lýutein tijendiriji gormonlar jynsy aýratynlygyny kesgitleýji alamatlaryň döremegine, adamyň önelgelilik hadysasyna jogap berýärler.
Gipofiziň yzky bölegi gormon işläp çykarmaýar, ol ýerde gipotalamusyň işläp çykaran antidiuretiki we oksitosin gormonlary ýygnanýar we bölüp çykarylýar. Antidiuretiki gormon suw çalşygyna gatnaşýan bolsa, oksitosin myşsalaryň, şol sanda dogumda ýatgynyň myşsalarynyň ýygrylmagyna gözegçilik edýär. Gipofiz gipotalamus bilen ýakyn arabaglanyşykda bolup, şonuň bilen birlikde-de beýnini, nerw ulgamy we gan aýlanyş ulgamy baglaýjy koordinatoryň işini ýerine ýetirýär. Gipofiz bilen gipotalamusyň arabaglanyşygy beýnide neýrosekretor öýjükleriň işläp çykarýan himiki maddalary arkaly amala aşyrylýar.
↪ Galkan şekilli mäz – boýnuň öň tarapynda ýerleşýän, 20-30 gr agramly mäz bolup, ýod saklaýan gormonlary (T3 we T4 gormonlary) işläp çykarýandyr. Bu gormonlar bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny, öýjükleriň bölünişini kadalaşdyrmaga kömek edýärler. Mäz iki bölekden we olary birleşdirýän boýunjykdan ybaratdyr. Onuň düzümi follikulalardan – kolloid saklaýan owal ýa-da togalak görnüşli düwmejiklerden ybarat bolup, olaryň arasyny birleşdiriji dokuma araçäkleýändir. Kolloid öz düzüminde gormonlary saklaýandyr. Galkan görnüşli mäz ýene bir gormony – kalsitonini işläp çykarýandyr. Bu gormon kalsiýniň we fosfatlaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Şeýle hem, süňkleriň emele gelme we dargama hadysalaryny deňagramlylykda saklaýar.
↪ Galkan şekilli mäziň ýanyndaky mäz – bu mäz hem nerw we hereketlendiriş ulgamynyň işiniň kadalygy üçin ganda kalsiýniň derejesini saklamaga kömek edýär. Bu gormon mineralyň ýetmezçiliginde süňk dokumasynyň öýjüklerini tijendirip, kalsiýniň gana bölünip çykmagyna itergi berýär.
↪ Aşgazanasty mäz – garyn boşlugynyň ýokarsynda, dalak bilen oniki barmak içegäniň arasynda ýerleşýän uly mäz bolup, iki görnüşli işi amala aşyrýar: oniki barmak içegä aşgazanasty şiresini, şeýle hem gana gormonlary işläp çykarýar. Gana göýberilýän gormonlar mäziň guýruk bölüminde ýerleşýän Langergansyň öýjüklerinde işlenilip çykýar. Bu öýjükler birnäçe gormonlary işläp çykarýan öýjükleriň görnüşinden düzülendir:
◈ Alfa öýjükler – uglewod çalşygyny sazlaýjy glýukagon (insuliniň garşydaşy) gormonyny bölüp çykarýar;
◈ Beta öýjükler – gandaky glýukozanyň derejesini peseldiji insulini işläp çykarýar;
◈ Delta öýjükleri – köp mäzleriň işini togtadyjy somatostatin gormonyny öndürýär;
◈ PP-öýjükler – aşgazanasty mäziň işini togtadyp, aşgazan şirtesiniň bölünip çykmagyny tijendirýän aşgazanasty polipeptidi işläp çykarýar;
◈ Epsilon öýjükler – işdäňi açýan grelin gormonyny işläp çykarýar.
↪ Böwreküsti mäz – Böwrekleriň ýokarky polýusynda ýerleşýän piramida görnüşli uly bolmadyk mäzler bolup, ol daşky, gabykly gatlakdan we içki, beýnili maddadan ybaratdyr. Böwreküsti mäziň bölümleriniň gormonal işjeňligi dürlüdir. Gabykly gatlakda mineralkortikoid we glýukokortikoid gormonlary işlenilip çykarylýar. Mineralokortikoid gormony (olaryň esasy – aldosteron) beden öýjüklerinde elekrtolit çalşygyny kadalaşdyrýar. Glýukokortikoid gormonlary (meselem, kortizol) bolsa beloklaryň dargamagyny we uglewodlaryň sintezini tijendirýär. Beýnili madda bölegi bolsa nerw ulgamyny tijendiriji adrenalin gormonyny işläp çykarýar. Adrenalina köplenç göreşiň, howpuň gormony hem diýilýär, çünki onuň bölünip çykmagy howp abanýan halatlarda ýokarlanýar. Adrenaliniň ýokarlanmagy mahsus fiziologiki üýtgeşmeleri döredýär – ýürek urmalar ýygylaşýar, gan damarlary daralýar, myşsalar dartylýar, göreçler giňeýär. Şeýle-de, beýnili gatlakda uly bolmadyk mukdarda androgenler – erkeklik gormonlary işlenilip çykarylýar.
↪ Jyns mäzleri – jyns mäzlersiz adamyň jynsy işjeňligini we ösüşini göz öňüne getirip bolmazdy. Olara erkeklik ýumurtgajyklary (androgen gormonlary) we aýal ýumutgalyklary (estrogenler) degişli edilýändir. Kiçi çagalarda jyns gormonlary az mukdarda bölünip çykýandyr. Bedeniň ösmegi bilen, jyns mäzleriň işjeňligi hem ýokarlanyp, ikilenç jynsy sypatlaryň emele gelmegini üpjün edýändirler. Erkek we aýal jyns mäzleriniň işjeňligi geljekde önelgelilik ukybyny hem ýola goýýandyr.
↪ Epifiz – bu mäziň işjeňligi doly öwrenilmedik. Epifiz öz öýjüklerinde melatonina öwrülýän serotonin gormonyny işläp çykarýar. Bu gormonlar gije-gündiz çalşygyna uýgunlaşmaga, uklama hadysasyny, keýpiň döremegini sazlamaga kömek edýärler. Ondan başga-da, mäzde işlenilip çykarylýan jyns gormonlaryna garşydaş gormonlar seksual işjeňligi kadalaşdyrmaga ýardam berýändir.
↪ Timus (çarşak görnüşli mäz) – bedeniň immun ulgamy, şol sanda bu mäz hem immun ulgamynyň T-öýjükleriniň emele gelmegini, ösmegini we işjeňleşmegini sazlaýan timopoetin we sitokin gormonlaryny işläp çykarýandyr. Wagtyň geçmegi bilen, timus kiçelip, mäzli dokuma birleşdiriji dokuma bilen çalşylýandyr.
Endokrin ulgama diňe mäzler degişli edilmän, eýsem bedende ýaýraň (diffuz) ýerleşýän we gormon çykarýan öýjükler hem degişli edilýändir. Endokrin işjeňligini bagyr (somatomedin, ösüşiň insulina meňzeş faktory), böwrekler (eritropoetin, medullin), içegeler (peptidleriň görnüşleri) we dalak (spleninler) hem amala aşyrýandyr. Iýmit-siňdiriş ulgamynda ýerleşýän öýjükleriň 30-a golaý dürli gormonlary işläp çykarýandygy bellidir: gastrin, sekretin, holesistokinin, somatostatin, motilin, galanin, neýrotenzin, neýromedin, glýukagon we baş.
Saýtyň lukmany
- 235 gezek okalan