• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

caklenilen abortSoňky 30 ýylda, dünýä ýüzünde niýetlenilmedik göwrelilikleriň sany azaldy, emma abortlaryň sany köpeldi. Şeýle-de bolsa, aborta kanun taýdan rugsat berilýän ýurtlarda onuň azalandygyny görmek bolýar. Dünýädäki abort ýagdaýlary barada Lancet Global Saglyk ylmy barlagy şeýle netijeleri ýüze çykardy:

Dowamy

  • 1906 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

abort barada

Abort – bu emeli usullaryň kömegi bilen ýatgydaky çagany aýyrmadyr.

Abort – kanuny, howpsuz we seýrek bolmalydyr!

Abort kanun taýdan kepillendirilmeli. Jemgyýetde abortyň kanun taýdan elýeter bolmagy we jynslaryň arasyndaky deňsizlik, zyýanly däp-dessurlar we dini düşünjeler bilen arabaglanşykly bolýar. Aborta çäklendirmäniň girizilmegi jemgyýetde jynslaryň deňsizliginiň döremegine, aýal-gyzlarynyň hukuklarynyň ýoýulmagyna goşant goşýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň geçiren seljermelerine görä, abortyň rugsat edilen we rugsat edilmeýän ýurtlary deňeşdirilende, olaryň ikisinde hem abort etdirmegi ýüregine düwen aýalyň aborty etdirmek ähtimallygy deň bolup galýlar. Aborta girizilen çäklendirilmeler we gadagançylyklar abort etdirýan aýallaryň sanyna täsir edenok.

Dowamy

  • 3456 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

pap test4-nji fewral – rak keseline garşy göreşmegiň Bütindünýä günüdir.

Dünýäde aýallaryň arasynda howply döremeleriň ýaýramagy boýunça ýatgynyň boýunjygynyň rak keseli 3-4-nji orny eýeleýändir. Irki döwürde anyklanylan ragyň doly bejerilme mümkinçiliginiň ýokarydygyny ýatda saklamalydyr.

Dowamy

  • 2347 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (9 Ses)

is we aybasyIki ýyl mundan öň Culture Machine atly Mumbaý şereketi habarlar mediýasynyň baş mowzugyna öwrüldi. Bu şereket zenanlara aýbaşylarynyň ilkinji günlerinde her aýda iki gün jogap berýändigini yglan etdi we Hindistandaky ähli şereketleri şeýle etmäge çagyrdy.

YouGov Omnibus ylmy barlag işiniň netijelerine görä, aýbaşynyň ilkinji günleriniň ynjalyksyzlygyny başdan geçirýän işgär zenanlaryň 57%-i agyrylaryň iş etmekde uly kynçylyk döredýändigini tassykladylar. Her on aýalyň üçüsi başlygyna agyrynyň hakyky sebäbini aýdyp bilmeýär.

Dowamy

  • 2539 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (13 Ses)

gyssagly kontrasepsiyaGyssagly kontrasepsiýa (rus. экстренная контрацепция) – bu goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň meýilleşdirilmedik, islenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin ulanylýan usullaryň toparydyr. Gyssagly kontrasepsiýa göwrelilikden goraýan hiç bir başga usul ulanylmadyk ýagdaýynda peýdalanylýar. Bu usuly goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň 3-5 günüň dowamynda ulanmagа çemeleşmelidir, has dogrusy, näçe çalt ulanylsa şonçada netijeliligi ýokary bolýar.

Dowamy

  • 3112 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (11 Ses)

yumurtgalygyn rak keseliÝumurtgalygyň rak keselinden döreýän ölümçilik aýallaryň ölümçiliginiň arasynda dünýä boýunça 7-nji orny eýeleýär. Bu kesele mahsus bolan alamatlaryň ýoklugy sebäpli ony irki tapgyrlarda anyklama mümkinçiligi bolmaýar we bu kesel köplenç giç anyklanylýar. Eger kesel ilkinji tapgyrlarda anyklanylsa, bejergiden soň näsagyň ömrüni bäş ýyla uzaltmak mümkinçiligini gazanma 90-95%, ikinji tapgyrda – 70%, üçünjide – 15-20%, dördünji tapgyrda 1,5% düzýändir.

Dowamy

  • 4920 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (12 Ses)

EKT

Uzak wagtdan bäri çaga isläp, birnäçe bejergilerden haýyr tapman oz çagalaryny dünýä indirmegi arzuw edýän çatynjalary maksadyna ýetirýän ekstrakorporal tohumlandyrma (EKT) usulydyr. Ýatgy boşlugyna tohumlandyrylan düwünçek goýlan badyna, zenany göwreliligiň alamatlaryna degişli soraglar biynjalyk edip başlaýar.

Dowamy

  • 3576 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.24 (29 Ses)

ayal masturbasiyasy

"Salam lukman! Gyz jyns agzalaryny gyjyndyryp sypalanda gyzlyk perdesine zyýan ýetirip bilermi?"

"Hormatly lukman! Men durmuşa çykmadyk gyz. Jynsy gatnaşygy başlamok. Ýöne jyns agzalaryny sypalap, gyjynma endigi mende döredi. Degişli maglumat çeşmelerinden bu ýagdaýyň "masturbasiýa" diýip atlandyrylýandygyny bildim. Ol endik meniň durmuşa çykyp, çaga dogurma mümkinçiligime zyýanyny ýetirip bilermi?"

"Salam saýtyň lukmanlary? Durmuşa çykan aýalyň masturbasiýa bilen meşgullanmagy zyýanmy? Onuň meniň adamym bilen gatnaşyklaryma zyýanyny ýetirmegi mümkinmi?"

Saýtyň okyjylaryndan gelen soraglar.

Dowamy

  • 9029 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (44 Ses)

zenanlar barada maglumatMeniň öňümde oturan gelin durmuşa çykandan soň birinji gezek aýal lukmanynyň maslahatyny almak üçin gelipdi. Ýüzüni aşak salyp, utanyp we çala ýylgyryp maňa arzyny aýtmaga ymtylýardy: "Meniň aýal ugrum agyrýar we hapa gelýär. Aýbaşydan soň ol ýerde agyrylar has hem güýjeýär". Men onuň "aýal ugrum" diýip atlandyrýan ýerini, şonuň ýalyda onuň agyrýan ýerlerini aýdyňlaşdyrmak üçin sorag berýärin we aýallaryň aglaba böleginiň aýal jyns agzalaryny dogry atlandyryp bilmeýändigine göz ýetirýärin. "Aýal ugrum, aşagym" diýen ýaly salgy beriji sözleri ulanyp umumylaşdyrýarlar, ýöne bu agzalary atlandyrýan sözleriň bardygyny bilmeýärler. Tersine, näme üçindir halk arasynda zenan jyns agzalaryny kemsidiji paýyş sözleri ulanmak has ýörgün bolup, ol sözler bolsa hemmelere mälimdir.

Dowamy

  • 15293 gezek okalan