2021-nji ýylda dünýäniň ýeke ýurdy hem BSGG-nyň howanyň hili boýunça gollanmasynyň düzgünlerine laýyk gelmedi. Munuň netijesinde millionlarça adam BSGG-nyň saglyk standartlaryna gabat gelmeýän hapa howadan dem alýar.
Dünýäniň diňe 222 şäheriniň BSGG-nyň standartlaryny kanagatlandyrýan orta hilli howasy bar. BSGG-nyň standartlaryna görä, howadaky howply maddalaryň (PM2.5) ýyllyk mukdary her kub metrde 5 mikrogramdan geçmeli däl. Aşgabat şäheriniň howasyndaky PM2.5 maddalaryň ýyllyk ortaça mukdary 20.4 mikrograma barabar bolup, maslahat berilýän howpsuz derejeden 3-5 esse geçýär.
Dowamy
10 ýyl bäri BSGG ilkinji gezek iň progressiw we hemmetaraplaýyn abort gollanmasyny taýýarlady.
BSGG-nyň maslahatlaryna esaslanyp geçirilýän abort howpsuz proseduradyr. Emma, dünýädäki abortlaryň diňe ýary howpsuz şertlerde geçirilýär we howply abortlar ýylda 39,000 ölüme sebäp bolýarlar. Bu ölümleriň agramly bölegi pes girdejili ýurtlarda we iň ýaramaz ýagdaýlarda ýaşaýanlaryň içinde bolup geçýär: 60%-den gowragy Afrikada we 30%-i Aziýa ýurtlarynda.
Okamany dowam et
Bu çaganyň nirede ýaşaýandygyna bagly.
Latyn Amerikada we Karib adalarynda rak keselleri 19 we ondan ýaş adamlaryň ölümçiliginiň ikinji sebäpkäri bolup durýar. Muny sebitiň pes we orta-girdejili ýurtlarynda bejerginiň ýetmezçiligi bilen düşündirip bolar. Bu ýerlerde rak keselliler wagtynda anyklaýyş barlaglaryndan geçmekde we ýerlikli bejergi almakda deňsizlige sezewar bolýarlar.
Dowamy
Ölmek prosesi global taýdan "geň hadysa" öwrüldi. Baý ýurtlarda ölýänler barada köplenç "artykmaç alada edilýär" – olar ýakynlaryndan aýralanyp, çekýän yzalary dereksiz uzaldylýar. Garyp ýurtlarda bolsa, adamlar palliatiw (ýeňillik beriji) idegiň elýetersizliginde, öňüni alyp bolýan sebäplerden ölýärler.
Dowamy
Insult (beýnä gan inme) ýüze çykan halatynda, minutlar ölüm bilen ýaşaýşyň arasyndaky tapawudy aňladyp biler. Günorta Afrikanyň obalarynda ýaşaýjylaryň insultan diri galmak ähtimallygy juda az. Onuň sebäpleri:
Dowamy
Eksperimental rak terapiýasyny alanyndan 10 ýyl geçse-de, leýkemiýa pasiýenti Doug Olsonda rak keselinden nam-nyşan görünmeýär.
Olsonyň wakasy alymlaryň CAR-T öýjük terapiýasynyň güýjüne we onuň täsiriniň uzak wagt dowam etjegine bolan ynamyny artdyrdy. Adatça rak keselinden gutulýan az, emma CAR-T öýjük terapiýasy ragy bejermäge umyt berýär.
Dowamy
Dowamy
Alymlar ýatgynyň boýunjygynyň barlagy geçirilende alynýan nusga bilen aýalda 4 görnüşli ragyň töwekgelçiligini ölçeýän testiň üstünde işleýärler. Ýatgynyň boýunjygynyň öýjüklerini barlamak arkaly, ýumurtgalygyň ragyny, göwüs ragyny, ýatgynyň boýunjygynyň ragyny we ýatgynyň ragyny ýüze çykmazyndan öňürti anyklamak mümkin bolar diýlip çaklanylýar.
Bu test ähli 4 görnüşli raklary irgözin anyklamaga we rak heniz ýüze çykmanka ony duruzmaga ýol açar. Bu aýallaryň saglygyny goraýyşda ýetiljek ýene bir uly üstünlikdir.
Dowamy
Tebigy gaz bilen işleýän plitalaryň howany öň bilinýäninden hem has beter hapalaýandygy belli boldy. Täze geçirilen barlaga görä, gaz plitalary diňe bir ýakylanda kömürturşy gazyny bölüp çykarman, eýsem öçük wagtlary hem metan gazyny syzdyrýarlar. Meselem, Amerikanyň öýlerinden bölünip çykýan metanyň täsiri ýarym million awtoulagdan çykýan zyýanly gazlaryň möçberine deňdir. Barlagda aýdylyşyna görä, gaz plitalaryndan çykýan metan gazynyň tas dörten üç bölegi plitalar öçük durka syzyp çykýar.
Dowamy
Lancet žurnalynda çap edilen barlag işi Hindistandaky suisidiň häzirki ýagdaýy, töwekgellik faktorlary, öňüni alyş çäreleri we esasy bökdençlikler barada habar berýär:
Dowamy