Dünýäniň köp ýurtlarynda poliomiýelitiň soňuna çykylandygyna garamazdan, geçen ýyl Malawide bolşy ýaly, ysmazlyga sebäp bolýan poliomiýelitiň birnäçe ýurtlara ýaýramagy dünýäniň beýleki ýerlerine-de howp salýar.
Saglygy goraýyş edaralary çagalarda birden köpelen ýiti gepatitiň sebäbini derňemäge çalyşýarlar.
Gepatit bagyr çişmesine getirip, ölüme eltip bilýär. Kesellän çagalardan entek ýogalan bolmasa-da, birnäçe çaga bagyr transplantasiýasyny etmek zerurlygy döredi.
2020-nji ýylda ABŞ-da ýarag ölümleri awtoulag heläkçiliklerinden geçip, çagalaryň we ýetginjekleriň ölümleriniň esasy sebäbine öwrülde we 2019-njy ýyla seredende 29% köpeldi.
2020-nji ýylda ABŞ-da 1-19 ýaş aralygyndaky 4300-den gowrak çagalaryň we ýetginjekleriň ýaraglar bilen bagly sebäplerden ýogalandygy Miçigan uniwersitetiniň alymlarynyň taýýarlan CDC maglumat seljermesinde bellenilýär. Ýaraglary öz içine alýan ölümlere suisid (janyňa kast etmek), adam öldürmek we tötänleýin ölümler hem girýär.
Gruziýa "dostlukly wiruslar" (fag wiruslary) arkaly global ölüm howply antibiotiklere durnuklylygy arzan bejergileriň nähili bejerjekligi ugrundaky ylmy barlaglaryň öňüni çekýär.
Fagoterapiýa bir asyr öň tapylan köne düşünje bolsa-da, 1930-njy ýyllarda antibiotigiň oýlanyp tapylmagy we terapiýanyň esasy alymynyň jezalandyrylmagy bilen gözleg bes edilipdi.
Göwreliligiň ýarysyndan gowragy – takmynan 121 milliony meýilleşdirilmedik göwrelilikdir. BMG-nyň Ilat Gaznasynyň täze hasabatyna görä, bu mesele maşgalany meýilleşdirmegiň elýetersizliginden däl-de, toslamalar, biabraýlyk we nädogry maglumatlar zerarlydyr.
Zenanlaryň saglygy ugrundaky ylmy barlaglaryň aglabasynyň aýallaryň reproduktiw döwrüne, aýratynam göwrelilige üns berýänligini, zenanlarda keseliň we ölümiň esasy sebäpleri barada az makalanyň barlygyny täze barlag ýüze çykardy.
Aýallaryň keseli nähili başdan geçirýändikleri bilen onuň diagnoza we bejergä edýän täsiriniň aratapawudynyň barha artýandygy bilinse-de, soňky on ýylda bu ugurdaky ylmy gözlegler has-da selçeňleşdi.
2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi "Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda" 108 belgili buýrugy çap etdi. Buýruga görä, aýalyň islegine görä abort etdirmek 5 hepdä çenli rugsat berilýär we diňe belli sebäpler ýüze çykan ýagdaýynda 22 hepdä çenli rugsat berilýär.
Russiýanyň Ukraina çozmagy COVID-19-yň täze we has tiz ýaýraýan tolkunyna badalga berip biler. Häzirki wagtda Ukrainada ilatyň diňe 35% COVID-19 sanjymyny alan we uruş başlaly bäri 10 million adam öýüni terk etmäge mejbur boldy. Şeýlelikde adamlaryň diri galma ugrundaky aladalary pandemiýanyň protokolyndan öňe geçdi. Başga meseleler:
Halkara Pul gaznasynyň täze hasabatyna görä, klimatyň üýtgemegi adamzadyň iň uly meseleleriniň biri bolup durýar. Orta Gündogar we Merkezi Aziýa (OG&MA) sebiti hem klimatyň üýtgemeginiň saglyk, fiziki we ykdysady täsirleri bilen çaknyşjak ilkinji ýerdir. Sebitiň aglaba bölegi eýýäm ýowuz klimat zonalaryna eýeçilik edýär – bu ýerlerde global maýylganlygyň netijesinde çölleşme, suw ýetmezçiligi we deňiz derejesiniň ýokarlanmagy ýaramazlaşýar. Bu ýagdaý düýpli ykdysady bozulmalara, iýmit ýetmezçiligine we jemgyýetçilik saglygynyň howplaryna sebäp bolup, garyplygy, deňsizligi, göçüşligi we dawa-jenjelleri beterleşdirer. OG&MA sebitinde ilatyň ýaryndan köpüsi klimatyň üýtgemegini global ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý hasaplap (UNDP we başgalar 2021), bu meseleleriň bardygyny kabul etse-de, aýgytly we uly göwrümli çärelere heniz girişilmedi.
Dünýäde milliardlarça adama täsir edýän we global maýylganlyk sebäpli barha ýaramazlaşýan suw ýetmezçiligi meselesiniň çözgüdi edil aýagymyzyň aşagyndaky ýerasty suwlar bolup biler.
Ýerasty suwlara köplenç dogry düşünilmeýär we netijede olaryň gymmaty bilinmän, nädogry dolandyrylýar we hatda haraplanylýar. Häzirki wagtda dünýäniň şäherlerindäki ilatyň takmynan 50%-i ýerasy suw çeşmelerine bil baglaýar. Ýerasty suwlar oba ýerleriniň ýaşaýjylary üçin hem iň amatly agyz suw çeşmesi bolup durýar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.