• Türkmençe
  • Okyjylardan Saglyk.info barada iň köp gelip gowuşýan sowallar we olara jogaplar
Bize goşul!
Lukmanlary işe çagyrýas!
Bize goşul!
Lukmanlary işe çagyrýas!

OKYJYLARDAN SAGLYK.INFO BARADA IŇ KÖP GELIP GOWUŞÝAN SOWALLAR WE OLARA JOGAPLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.07 (14 Ses)

Sorag 1: Saýty kim döretdi? Döredenler daşary ýurtlylar bolmaly we olar takyk syýasy maksatlar bilen saýty döreden bolmalydyr?

Jogap: Saglyk.org saýty Türkmen halkynyň saglyk baradaky bilim derejesi we düşunjesi barada çynlakaý aladalanýan Türkmenler tarapyndan döredildi. Sen bu meseleler bilen gyzyklanýan bolsaň bize goşul! Kömegiňe we goldawyňa elmydama isleg bardyr.

Sorag 2: Näme maksatlar bilen bu maglumatlar Internetda goyulýarka? Sebäbi Interneda baglanmak Türkmenistanda gaty kyn, hemmelere elýeter däl, onuň tizligi haýal.

Jogap: Hawa, entek Türkmenistanda Internet hemmelere elýeter dal, ýone saýt üç ýylyň dowamynda ýurtda ýaşaýan okyjylaryň arasynda goldaw tapmana başardy. Saglyk we daşky gurşaw barada täze, ýokary hilli türkmen dilinde bolan materiallary taýynlamak we olary köpçülige hödürlemek – bilimi artyrmakda ilkinji möhüm ädim bolýar diýp hasaplaýas. Bu saýt türkmen dilinde saglyga degişli meselelerden söz açýan birinji we ýeke-täk çeşme bolup durýandyr. Internet hyzmatlary kämilleşenden soň bu maglumatlar köpçüligiň peýdalanmagy üçin taýyn bolup durar. Käbir okyjylar saýtdaky maglumatlary indirip we çap edip, Internedy ýok kärdeşleri, okadýan mekdep okuwçylary we talyplary, dost-ýarlary bilen paýlaşýarlar.

Sorag 3: Bu başlangyjy kim maliýeleşdirýär?

Jogap: Täze, peýdaly, ýokary hilli makalalary, kitapçalary taýynlamak, lukmanlar tarapyndan okyjylaryň soraglaryna jogap bermek kän wagty we pul serişdesini talap edýar. Hemme ýerde bolşy ýaly, girdeji almak üçin däl-de, ynsanperwerlik maksady bilen döredilen başlangyjy işletmek hem-de kämilleşdirmek uçin, biz pul serişdeleriň we donorlaryň gözleginde. Şeýle-de, biz elmydama täze we gyzykly teklipleriň we täze hyzmatdaşlygyň gözleginde. Bize haýyr-sahabat işine düşünýän we goldaw berjek adamlary tapmana kömek ber! Biz elmydama Türkmen halkyna saglyk baradaky esasy maglumatlary ýaýratmagyň gymmatyna düşünýan adamlaryň we guramalaryň gözlegindediris.

Sorag 4: Men siziň terjime eden kitaplaryňyzy çap edip ýaýradyp bilerinmi?

Jogap: Işgärler topary iki kitaby: Maşgala Saglygy we Amaly Gollanma: Daşky Gurşaw we Adam Saglygy kitaplary terjime edip köpçülige hödürledi. Iki kitaby hem saýtdan doly göwrümde indirip, çap edip bolar. Kitaplaryň çap edip ýaýradylmagy bizi begendirer. Bize bu barada habar ediň.Biz hyzmatdaşlygyň anyk şertleri barada gepleşip, siz üçin oňaýly çözgütleri tapmaga taýyndyrys.

Sorag 5: Men Saglyk.org saýtyndan alnan bloglary, makalalary, kitapçalary, lukmanlaryň jogaplaryny sosial ulgamlarynda, başga saýtda paýlaşyp, goýup bilerinmi?

Jogap: Elbetde, paýlaşyp bilersiňiz. Bu siziň saglyk meselelerine degişli bilimi ýokarlandyrmaga edilýän işe uly goşandyňyz bolar. Ýone maglumatlaryň çeşmesini görkezmegi ýadyňyzdan çykarmaň!

Sorag 6: Men tejribeli lukman. Men nahili şertlerde bu işe gatnaşyp bilerin?

Jogap: Saýt lukmanlary hyzmatdaşlyga çagyrýar. Hyzmatdaşlygyň şertleri bilen saýtda ýerleşdirilen bildirişden  tanşyp bilersiňiz.

Sorag 7: Men lukmançylyk uniwerstitetinde okaýaryn. Men saýtyň işine gatnaşyp bilerinmi ýa-da okuwy gutaryp, diplom alýançaň garaşma hökmanmyka?

Jogap: Biz üçin seniň näçinji ýylyň talybydygynyň tapawudy ýokdur. Sen adam saglygy, daşky gurşaw bilen adam saglygynyň baglanşygyna degişli meseleler bilen gyzyklanýamyň? Bar bolan kynçylyklar seni alada goýýarmy? Onda bize goşul! Diplomyňy alýançaň garaşma. Öňde goýulýan maksatlar uly hem-de wajyp bolup, seniň kömegiňe elmydama isleg bardyr.

Sorag 8: Men mekdepde mugallym bolup işleýän. Men siziň peýdaly maglumatlaryňyzy ýaýratmakda nähili kömek edip bilerin?

Jogap: Saýtdaky hemme materiallary printerdan çykaryp öz kärdeş mugallymlaryňyz, okuwçylaryňyz bilen paýlaşyp, bilim bermek işinde ulanmagyňyzy maslahat berýäs. Ondan başga-da, öz ýaşaýan ýeriňizdäki adam saglygyna we daşky gurşawa degişli meseleler barada bize habar bermegiňizi haýyş edýäs. Biz täze mowzuklar, galdyrylmadyk wajyp meseleler barada maglumat hödürlemegi öz öňümizde maksat edinýäris.

Sorag 9: Men halkara gurmasynyň Türkmenistandaky edarasynda işleýän. Bizde adam saglygyna we daşky gurşawa degişli Türkmen dilinde köpçülige niýetlenen materiallar bar (kitapçalar, makalalar, kitaplar). Siz şu materiallary www.saglyk.org saýtynda ýerleşdirip ýa-da olara çelgileri görkezip bilersiňizmi? Biziň guramamyzyň web sahypasynyň adresyny Salgylar bölüminde ýerleşdirip bilersiňizmi?

Jogap: Elbetde, saýtyň maksady köpçülik uçin niýetlenen saglyga we daşky gurşawa degişli Türkmen dilinde bolan hemme maglumatlary halka elýeterli etmekdir. Bu maksada ýetmek uçin hemme guramalar, aladalanýan adamlar hyzmatdaşlykda bolmaly. Bize maglumatlaryňyzy ýollaň we habarlaryňyz bilen paýlaşyň!

  • 8155 gezek okalan