• Makalalar
  • COVID-19

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

recovery after covid 19Okyjydan: Salam, size bir soragym bar. Sizde koronawirusy geçireniňden soňra nädip aýaga galmak barada makala ýa-da maglumat barmy? Aýdaly, gartaşan aýal wirus bilen keselledi we doly gutuldy. Emma ol öňküsi ýaly ýöräp bilmeýär. Ol myşsalaryny nädip täzeden dikeltmeli?

Hormatly okyjy,

COVID-19 bejeriş döwründe ýeterlik derejede fiziki hereketiň edilmeýändigi we köp wagty ýatyp geçirilýändigi sebäpli, näsagda myşsalaryň atrofiýasy (öýjükleriň gowşamagy we ölmegi) döräp bilýär. Statistika görä, COVID-19 näsaglar hassahanada ortaça 14 gün galýarlar.

Dowamy

  • 1466 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

covid 19 ucar dezinfeksiya

Türkmenistanda natriniň gipohloridi (agardyjy) we hlor dezinfisirleýji serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Bu barada habarlarda şeýle diýilýär:

"Ýokançlyklardan goranmak üçin, howadan dezinfeksiýa işleri alnyp barylýar. Ýeňil motorly uçarlar köp ilatly ýerlere we ýollara 1% hlor erginini ýa-da 0.25% natriniň gipohloridini sepýärler. Zyýansyzlandyş serişdelerini uçarlar arkaly sepmek iki tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyrda uçarlar ýerden 15-20 metr beýiklikde uçup, dezinfeksiýa serişdelerini sepýärler. Ikinji tapgyrda 50-60 metr beýiklikden sepýärler. Bu dezinfeksiýa çäreleriniň esasy maksady howadaky mümkin bolan patogenleri, mikroblary we wiruslary ýok etmekdir. Bu çäreler häzire çenli Mary we Lebap welaýatlarynyň araçäklerinde geçirildi. Bu usul arkaly alnyp barylýan ähli işler alymlaryň maslahatlaryna, adam saglygy we daşky gurşaw üçin dezinfeksiýa serişdelerini ulanmak üçin berk howpsuzlyk talaplaryna esaslanýar".

Dowamy

  • 1979 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 maska 2y kiciCOVID-19 keselinden goranmak üçin, köpçülik ýerlerinde hemme kişä maska geýmek BSGG tarapyndan maslahat berilýär. Biz BSGG-nyň websaýtyndan 2 ýaşdan kiçi çagalaryň maska geýmegi babatynda hiç hili maglumat tapyp bilmedik.

ABŞ-nyň Keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi (CDC) 2 ýaşdan kiçi çagalara maskanyň hiç bir görnüşini geýmegi maslahat bermeýär. Onuň sebäpleri:

Dowamy

  • 1367 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

covid 19 simptomsyzBSGG-nyň berýän maglumatlaryna görä, COVID-19 esasan alamatlaryny görkezýän adamlardan ýokuşýar, emma alamatlaryň ýüze çykmasynyň öň ýanynda hem, wirusly adama uzak wagtlap ýakyn dursaň ýokuşyp bilýär. Şeýle-de, keseli hiç hili alamatsyz geçirýän adamlar hem, wirusy başgalara ýokuşdyryp bilýärler. Ýöne bu barada has jikme-jik öwrenmek üçin has köp ylmy barlag geçirilmeli.

Hytaýdan gelen irki maglumatlar alamatsyz adamlaryň wirusy başgalara ýokuşdyryp bilýändigini teklip edýär. Alamatsyz adamlardan wirusyň başgalara nädip ýokuşýandygyna düşünmek üçin 2 zady tapawutlandyrmak möhümdir. Bu tapawutlandyrma wirusyň ýaýramasyna jemgyýetçilik derejesinde çäre görmekde uly rol oýnaýar.

Dowamy

  • 1493 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (5 Ses)

covid 19 gelen soraglarGadyrly okyjylar!

Biz bu ýerde sizden gelýän soraglary (soraglar üýtgedilmän çap edilýär) paýlaşyp durarys we olara jogap tapmaga kömek ederis. Jogaplar Saglyk.org websaýtynyň СOVID-19 bölüminde çap edilýär, Instagramda paýlaşylýar. 2020-nji ýylyň fewral-iýýul aralygynda biz СOVID-19 bilen baglanyşykly 100 golaý material Saglyk.org-da çap etdik. Eger şol soraglaryň arasynda siziň beren soragyňyza jogap ýazylan bolmasa biz täze material taýarlarys.

Dowamy

  • 1324 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (11 Ses)

mata maska toslamalary 1

Soňky günlerde birnäçe meşhur türkmen Instagram we beýleki sosial mediýa platformalarynda ýokardaky surat paýlaşyldy we ilat arasynda giňden ýaýradyldy. Suratda hiç hili çeşme görkezilmändigi sebäpli, okyjylarymyzyň köpüsi bizden onuň ygtybarlylygy hakynda soradylar. Biz bu suraty "Google Images" arkaly gözledik we ony ygtybarly çeşmelerden tapyp bilmedik. Barlag-idegden soňra, ol surat "ýarym ýalan" diýen netijä geldik.

Görşüňiz ýaly, suratda maskanyň 6 görnüşi ýerleşdirilen we hersiniň aşagynda netijelilik derejesi görkezilen. Ýokarky setirdäki 3 maskanyň (N95, hirurgik maska we FFP1) wirusdan ýokary derejede gorap bilýändigi ýazlan. Ol 3 maskany esasan hassahanalarda näsaglar bilen işleşýän saglyk işgärlerine dakynmak maslahat berilýär. Ýöne gynansakda, N95, hirurgik, FFP1 maskalary adaty adama elýeterli bolmaýar we olary tapmak hem kyn bolýar. BSGG saglyk işgärleri üçin maska gytçylygy döremez ýaly, adaty ilata olary satyn almazlygy maslahat berýär.

Dowamy

  • 2180 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

covid 19 maska o2 yetmezcilikFAKT: Dogry geýlen medisina maskalaryny uzak wagtlap geýilmegi CO2 zäherlenmesine ýa-da kislorod ýetmezçiligine sebäp bolmaýar.

Medisina maskalaryny uzak wagtlap geýmek oňaýsyz bolup biler, emma muňa garamazdan, bu CO2 zäherlenmesine ýa-da kislorod ýetmezçiligine eltmeýär. Medisina maskasyny geýeňize ol ýüzüňizde ykjam, kynçylyksyz dem alar derejede berk oturmalydyr ýa-da daňylmalydyr. Hiç haçan bir gezeklik maskalary gaýtadan ulanmaň we ol ölenen badyna çalşyň.

Çeşme: BSGG

Dowamy

  • 1326 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Maskanyň nähili işleýändigine düşünmek üçincovid 19 maska komegi, ilki bilen COVID-19 keseline sebäp bolýan wirusyň nädip ýaýraýandygyny anyklaşdyrmaly.

Bir adama ýokuşanyndan soňra, Sars-CoV-2 wirusy özüni köpeltmek üçin ol adamyň öýjüklerini basyp alýar. Bedende wirus köpeldigiçe, ol öýjükleri böwsüp çykýar we öýkendäki, agyzdaky we burundaky beden suwuklyklaryna ýaýraýar. Haçanda wirus ýokuşan adam üsgürende, ol aerozol diýlip atlandyrylýan, içi wirusdan doly maýdajyk suw damjalaryny howa syçradýar.

Ýekeje üsgülewükden 3,000 töweregi damja syçrap bilýär. Hatda gürläniňde hem wirusyň ýaýrap bilýändigi barada çaklamalar bar. Ýakynda geçirilen ylmy işe görä, biz diňe "sag bol" jümlesini aýdanymyzda hem, göze görünmeýän müňlerçe damjalary howa syçradýarys.

Dowamy

  • 1325 gezek okalan

BSGG WE COVID-19

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (8 Ses)

saglyk logoJuly 15, 2020

Saglygyň Gadyrly Okyjysy,

Şu gün BSGG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň wekilýeti Türkmenistanda metbugat üçin brifing geçirdi. Brifingde BSGG/Ýewropa hünärmenleriniň Türkmenistana bolan missiýasynyň netijeleri aýan edildi. Duşuşykda missiýanyň ýolbaşçysy Dr. Katrin Smolwud, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiden Dr. Gurbangül Öwlýagulowa dagy çykyş etdiler we türkmenistanly hem-de halkara metbugatlaryň soraglaryna jogap berdiler.

Dowamy

  • 1773 gezek okalan