Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
"BBC (Bi-bi-si)" habarlar kompaniýasynyň geçiren barlagyna görä, bütin dünýäde soňky on ýylyň içinde "göwreliligi bes etmek üçin tabletkalar" ady bilen internetde edilýän gözlegler iki esse köpeldi. Bu hilli gözlegler esasan aborta berk çäklendirme goýýan ýa-da ony düýbünden gadagan edýän ýurtlarda has köp edilýär.
Aýallar tabletkalary internetden satyn alyp ýa-da "WhatsApp" aragatnaşyk ulgamynda biri-biri bilen maslahatlaşyp, gadagan edilen serişdeleri almak üçin täze tehnologiýalardan gün geçdikçe has köp peýdalanýarlar.
Soňky wagtlar daş-töweregindäkileriň kömegine mätäç ildeşlerimiz baradaky maglumatlar sosial ulgamlarda has ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Köplenç olar agyr keselli türkmenistanly näsaglar bolup, olaryň daşary ýurtda gymmat bejergi almaga maddy mümkinçiligi ýok. Biziň ak ýürekli we duýgudaş adamlarymyz hemme kişä elmydama elinden gelýän kömegi etmäge çalyşýar. Emma mätäçlere hakykatdan-da kömek etmek we bu işi dogry amala aşyrmak üçin haýyr-sahawatyň esasy ýörelgelerine düşünmek gerek.
Ýarym million adamda geçirilen genetiki analiziň netijeleri gomoseksuallyga hiç bir geniň jogapkär däldigini görkezdi.
Beýik Britaniýadaky Biobankyň we Amerikadaky 23andMe atly biotehnologiýa kompaniýasynyň maglumatlary ulanylyp, ylmy barlag işi geçirildi we netijeleri "Science" žurnalynda çap edildi.
Birmeňzeş jynsly adamlaryň pynhan gatnaşykda bolmagynyň käbir genetiki utgaşmalar bilen baglanyşyklydygynyň üsti açyldy, emma genetiki faktorlar gomoseksual häsiýetleriň diňe 25 göterimini kesgitlediler.
Çölleşme – bu ekine ýaramly ýeriň ekine ýaramsyz ýere öwrülmegidir. Çölleşme dörände ekin ekmek, mallary iýmitlendirmek, hasyl ýygnamak kynlaşýar. Çölleşmä adamlaryň ýeri üznüksiz we jogapkärçiliksiz ulanmagy sebäp bolýar. Haçanda aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykanda ýeriň hasyllylygy peselýär:
Ýoldaş 2: (Şyrk! Şyrk! Kafeniň içini surata alyp başagaý).
Ýoldaş 1: Näme zakaz etsem diýýäň?
Ýoldaş 2: Gel ilki selfi alaly. Şu günüň dowamynda eýýäm 8 sany tanyşym selfi post edipdir. Bulara seret! Gel bizem özümiziňkini goýaly. Biz näme olardan kemmi?!
Ýoldaş 1: Selfä wagt tapylar-la. Biz bu ýere naharlanmak, bilelikde wagt geçirmek üçin geldig-ä.
Ýoldaş 2: (Telefony bilen başagaý. 30 sekunt soňra) Hä, maňa bir zat diýdiňmi?
Meniň podýezdimde 8 sany maşgala ýaşaýar. Olaryň içinde-de 5 sanysynda çaga bar. Çagalaryň 6 ýaşa ýetmedikleriniň ählisi çagalar bagyna gatnaýar. Hemmesiniňem ejesi öý hojalykçy. 2017-nji ýylda çagalar baglarynyň aýlyk tölegi 8 manatdan 80 manada galdyryldy. Ejeler ilki başda igenişdiler, çagalaryny çagalar bagyndan çykardylar, birnäçe günden soňam ýene yzyna saldylar.
Gynansamda, men Türkmenistandaky çagalar baglarynyň we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň anyk sanyny gözläp tapyp bilmedim. Muňa degişli statistika ministrlikleriň we döwlet edaralarynynyň websaýtlarynda ýok ekeni.
Bir wagtlar özi hem geroine garaşly bolan Sam Nugraha, häzir Indoneziýadaky sagaldyş merkezleriniň birini dolandyrýar. Onuň zyýanly endiklerden saklanmak esasynda hereket edýän programmalardan üýtgeşik pelsepesi bar…
Sam Nugraha Indoneziýada bir sagaldyş merkezine ýolbaşçylyk edýär. Onuň garaşlylyga bolan garaýşyna düşünmek üçin, öz aýtmagyna görä, onuň ýurdy barada bir hakykaty bilmeli.
Aýal doganymyň göwresindäki heniz dogulmadyk ýegenim bilen gözi ganly ýoldaşynyň öňünde özünden gidip ýere ýykylany şu günki ýaly ýadymda. Şol wagt olaryň durmuş guranyna heniz bir ýyl hem bolmandy. Bu waka şaýat bolan günüm meniň durmuş gurmaklyga, maşgala we erkeklige bolan garaýşym düýpgöter üýtgedi. Erkekleriň gelinlerine, kakalaryň çagalaryna we ejelere el galdyrmagy adaty zat ýaly görülýärdi. Çünki men hiç bir uly adamyň muňa garşy çykanyny görmedim.
Ýoldaşymam, menem türkmen. Ýakynda çagamyz boldy. Çaganyň pampersini kim çalyşmaly, aglasa kim götermeli, haýsymyz iýdirip-içirmeli diýen soraglar bizde bolmaýar. Çagamyz çemçe bilen iýip-içip ugranda, ýoldaşym ony höwes bilen iýmitlendirip başlady. Çaga emzige (soska) öwrenişendä hasam hezillik boldy, çünki indi ony kakasy hem ýatyryp bilýärdi. Kakamyz biz bilen çaganyň sanjymlaryny etdirmäge, ultrases barlagyndan (УЗИ) geçirtmäge gidýär, derman satyn alyp içirýär, çaganyň irki ösüşi baradaky kitaplary okaýar, men işdekäm onuň bilen öýde galýar. Biziň ejelerimiz weli muňa düşünmeýär. Meniň ýoldaşym pampersi çalyşmaly wagtyny, çagany gorşoga oturtmaly wagtyny, şeýle hem ony iýdirip-içirmeli wagtyny bilýär. Enelerimize ýa mamalarymyza myhmançylyga gidenimizde hem ýoldaşym bu zatlary edýär. Ejelerimiz bolsa geň galyşyp, maňa: "Goýaweri!" diýişýärler-de, çagany kakasynyň elinden alýarlar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.