• Makalalar
  • Hyzmatdaşymyzyň pikirleri

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (41 Ses)

Lukmançylyk käri islendik jemgyýetde hem hormatlanýan hünärleriň hataryna degişli edilýär. Ýöne lukmançylygyň diňe bir kär dälde, tebigat tarapyndan adama berlen hünär başarnygydygyny we bu kärde zähmet çekmek üçin ony söýmegiň zerurdygyny hem aýratyn belläp geçmelidir. Gadymy Gresiýanyň beýik pelsepeçisi Sokratyň bellemegine görä: "Dünýäde hemme hünärler-adamlardan, ýöne diňe üçüsi – Hudaýdandyr: kazy, mugallym we lukman".

Ak ýektaýly lukmanlaryň dünýäde iň gymmatly we tapylgysyz bolan Adam Saglygynyň Goraýjysydygyny we olaryň jemgyýetde uly sylag-hormata, ynama eýediklerini biziň hemmämiz hem bilýäris. Hut su hünär häsiýetlendirmesine eýerip, müňlerçe oglan-gyzlar bu käri saýlamagy ýüregine düwýärler.

Dowamy

  • 6986 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (40 Ses)

Biziň ýurdumyzda "klimatyň üýtgemegi", "howanyň maýlamagy" ýaly jümleleri eşiden adam az bolmasa hem, bu hadysalaryň ýönekeý adamyň durmuşyna ýetirjek ýaramaz täsirinden az adam habarlymyka diýip pikir edýärin. Hawa, köpümize mälim bolşy ýaly, klimatyň üýtgemegi we dünýä derejede howanyň maýlamagy – howanyň garaşylmadyk ýagdaýda çalşyp durmagyna getirýän sebäp diýlip aýdylýan düşünjelerdir.

Ýöne adamlaryň aglaba bölegi: "Bu bir başga ýurduň, sebitiň duş gelýän kynçylygy. Maňa, meniň çagalarymyň geljegine bu ýagdaýlaryň hiç hili dahyly ýok" diýip pikir edýärler. Olar öz durmuşynyň, hereketleriniň we klimatyň üýtgemeginiň arasyndaky arabaglanşygy seljerenoklar. Meseleler diňe alymlar tarapyndan çözüler diýip arkaýynlanýarlar ya-da "Menden soň näme bolsa, şol bolsun" diýen düşünjä eýerýärler. Şu sebäpli men şu çylşyrymly we derwaýs mesele babatda sada dilde ýazylan maglumatlary toplamana synanşdym. Elbetde, ýekeje makalanyň çäklerinde bu çylşyrymly meseläniň hemme tarapy barada durup geçip hem bolmaz. Okyjylarymyzyň arasynda bu mesele bilen aladalanýanlar gurrüňdeşlige goşulyp, türkmen dilinde bolan maglumatlary bilen paýlaşarlar diýip umyt edýärin.

Dowamy

  • 6923 gezek okalan

MAŇA GULAK ASYŇ!

  • Maral Nazarowa
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (25 Ses)

Başga adamlara açyk we dogruçyl äheňde özüňi gyzyklandyrýan zat barada garaýşlaryňy, islegiňi aýdyp bilmek nämäni aňladýar? Bu seniň şahsy mertebäňi ýokary tutmak, özüňe bolan ýnamyň we hormatyň görkezijisi bolýar. Mundan başga-da, bu seniň daş-töweregiňdäki adamlar uçin seni tanamana, gowy düşünmäne mümkinçilik döredýär. Başgaça aýtsak, pikiriňi anyk yglan edip bilmek söhbetdeşiňe şeýle diýmekdir: "Meni diňle, meňiň dünýägaraýşymy we duýgularymy hasaba al. Belki sen meň garaýşlarymy özüňki ýaly gowy we dogry däl diýip hasaplaýansyň. Ýone nähili bolanda-da meniň pikirlerim diňlenmäne mynasyp".

Dowamy

  • 6145 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.84 (261 Ses)

Biziň jemgyýetimiz jelepçilik nogsanlygy barada söz açmany halanok. Ilatyň aglaba böleginiň meseläniň düýp sebäpleri baradaky duşünjesi gaty pes bolup durýar. Adamlaryň jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlara dürli garaýşy bar: biri ýigrenç bilen garasa, beýleki bir adam olaryň "işine" geň galýar, üçünji biri bolsa äsgermezlik bilen seredýär. Taryhda ähli jemgyýetlerde duş gelen we dürli derejede gülläp ösen bu "gadymy kär" türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýraýana meňzeýar.

Dowamy

  • 75643 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (22 Ses)

Soňky 75 ýylyň dowamynda Finlýandiýadaky ähli göwreli enelere döwlet tarapyndan içi zatly guty gowşurylýar. Gutyň ozä täze doglan bäbejige ýatmana ýer bolýar, içindäki çaga eşikleri, ýassyk we ýorgan daşlary, oýnawaçlary ene-atalara uly kömek bolýar. Maglumata gorä, şunuň ýaly sowgatly gutulary  sosial yagdaýyna garamazdan, garyp hem-de  baý maşgaladan bolan aýallaryň hemmesi alýarlar. Bu tejribe 1930-nji ýylda ýola goýlup, şeýle çäre hemme dogulýan çagalaryň durmuşa deň gadam basmagyna mümkinçilik döredýär. Enelere kömek iki görnüşde hödürlenilýär: eneler içi zatly gutyny saýlap bilýärler ýa-da onuň ýerine 140 Euro möçberinde pul kömegini hem alyp bilýärler. Yöne geljekki eneleriň 95%-i  gutyny almaga ymtylýarlar. Sebabi gutudaky zatlaryň gymmatlygy 140 Eurodan has ýokary bolup durýandyr.

Dowamy

  • 8199 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

Ekologlaryň tassyklamagyna görä, zibilhanalaryň golaýynda ýaşamak adam saglygy üçin howpludyr. Howply ýagdaýy zibilhanadaky garyşdyrlyp taşlanan zibiller özara tasirleşende emele gelýän awuly maddalar we dargama önümleri döredýärler.

Obalarda ilat sanynyň yzygiderli köpelmegi, şeýle hem durmuşda we hojalykda ulanylýan harytlaryň görnüşleriniň, mukdarynyň artmagy zir-zibilleri ýygnamak, zyýansyzlandyrmak meselelerini barha çylşyrymlaşdyrýar. Ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary tarapyndan ýörite bellenen zibilhanalaryň we olary zyýansyzlandyrmagyň tehnologiýalarynyň, zibilleri daşaýan ulaglaryň ýok ýerinde adamlar özleriçe guramaçylyksyz hereket edýärler. Zibiller gündelik ýygnalmansoň obada her hojalygyň gabadynda köçäniň gyrasynda kiçijik zibilhana döreýär. Oňa dürli ýuwundylary, egin-eşik ýuwlandaky kir suwlary, elektrik lamoçkalary, batareýkalary, derman galyndylaryny, pastik gaplary, konserwa gapyrjaklaryny we beýleki durmuş galyndylaryny taşlaýarlar. Zeýkeşe golaý ýaşaýan hojalyklar bolsa zeýkeşleri zibilhanalara öwürýärler. Kä halatlarda bolsa oňa mallaryň galyndysyny, haram ölen mallaryň we guşlaryň maslyklaryny hem taşlaýarlar.

Dowamy

  • 6144 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (17 Ses)

Adamyň durnukly ösüşi ilkinji nobatda onuň saglygyna baglydyr. Şonuň üçin hem sagdyn bolmak her bir ynsanyň islegidir. Adam öz saglygy barada alada edende, ilki bilen bilimine, ynanjyna we elýeter maglumatlara esaslanyp hereket edýär. Bu meselede bilimiň, ynanjyň we maglumatlaryň orny näderejede wajyp?  

Saglyk barada dogry karary kabul etmek üçin, degişli maglumatlaryň elýeter bolmagy juda wajypdyr. Maglumatlaryň ýetmezçiligi adamy "gözli kör" edip, onuň daşky we içki ýagdaýyny seljermäge, dogry baha bermäge päsgel berýär. Maglumatlaryň ýetmezçilik eden ýagdaýynda adam dogry netije çykaryp bilmän, "ederini bilmez" bolup galýar. Bu ýagdaýy Magtymguly atamyz şeýle çeper suratlandyrýar:

Dowamy

  • 6646 gezek okalan