5-nji maýda BSGG-nyň COVID-19 bilen bagly jemgyýetçilik saglygyndaky adatdan daşary ýagdaýy soňlamak baradaky karary öwrülişikli pursat boldy. Bu karar döwletlere COVID-19-y adatdan daşary ýagdaý statusyndan aýryp, ony beýleki ýokanç keseller bilen bir hatarda dolandyryp başlamaga wagtyň gelendigini görkezýär.
Emma, köp tarapdan üýtgejek zat ujypsyz bolar.
Dowamy
ABŞ-nyň ilat saglygy hyzmatlary boýunça ýolbaşçysy Wiwek H. Murthynyň duýduryş bermegine görä, amerikaly ulularyň ýarysyndan gowragy ýiti ýalňyzlygy başdan geçirýär. Munuň çynlakaý fiziki we ruhy täsirleri bolup, ilatyň saglygyna uly howp salýar.
9-njy maýda çap edilen saglyk maslahatynda, Murthy sosial çetleşmäniň dürli netijeleri, şol sanda ýokary töwekgelçilikleri barada duýduryş berdi:
Dowamy
UNAIDS-e görä
, tussaglaryň AIW-pozitiw bolma ähtimallygy umumy ilatyňkydan 7.2 esse köp bolup, 2017-2021-nji ýyllarda türmelerde AIW-iň ýaýramasy 13% ýokarlandy.
Gepatit C hem uly töwekgelçilik: Käbir çaklamalara görä, türmelerde 4 tussagdan 1-i gepatit C bilen keselleýär.
Dowamy
Ýakynda Public Health Challenges žurnalynda çap edilen barlag 2023-nji ýylda ilat saglygynyň iň möhüm meselelerinden söz açýar.
Saglygy goraýyş ulgamlary
COVID-19 pandemiýasy baýly-garyply ähli ýurtlaryň saglyk ulgamlarynyň ýiti gowşaklyklaryny ýüze çykardy. Saglyk ulgamlaryndaky deňsizlikler ilat saglygyna howp salýar. Dünýä ilatynyň iň azyndan ýarysyna möhüm saglyk hyzmatlary elýetersizdir. Saglyk ulgamlaryndaky kynçylyklar her ýurda görä üýtgeýär. Ilkinji lukmançylyk kömegini güýçlendirmek saglyk meselelerini netijeli we hemmetaraplaýyn çözmek üçin wajypdyr.
Dowamy
Soňky 20 ýylyň dowamynda günbatar döwletlerinde bokurdak ragy juda çalt köpelýär welin, käbirleri ony epidemiýa hasaplaýar. Munuň sebäbi badam şekilli mäzlere we bokurdagyň arkasyna täsir edýän orofaringit ragynyň ep-esli köpelmegi bilen baglydyr.
APW bilen kesellemek ragyň döremegi üçin uly töwekgelçilik hasaplanýar. APW ýaýbaňlanan wirus bolup, ol waginal, anal we oral jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşyp bilýär. Ömrüň dowamynda jynsy gatnaşyk saklan ýoldaşlaryň, esasan hem oral jynsy gatnaşykda bolanlaryň sany orofaringit ragynyň esasy töwekgelçilik faktorydyr. Oral jynsy gatnaşykda bolmadyklara garanyňda, ömründe 6 ýa-da ondan kän adam bilen oral jynsy gatnaşykda bolanlarda orofaringit ragynyň döreme töwekgelçiligi 8.5 esse köp.
Dowamy
Özbegistanda geýler, biseksuallar we trans adamlar polisiýadan, agressiw gomofoblardan, diskriminasiýadan, azatlykdan mahrum edilmekden we sebäpsiz tussaglykdan gorkuda ýaşaýarlar. Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 120-nji maddasynda erkek bilen erkegiň arasynda razylykly geçirilýän jynsy gatnaşyklar aýyplanylýar we 3 ýyla çenli tussaglyk jezasy berlip bilinýär. Kanuny jogapkärçilige çekilmekden gorkup, LGBT adamlar köp halatlarda özlerine edilen adalatsyzlyklar barada şikaýat etmeýärler.
Dowamy
Käbir adamlaryň semizligi özleri saýlasalar-da, käbirleri isläp semiz bolmaýar. Ylmy-barlagçylar hem ýyllardyr bedenimiziň ululygynyň diňe öz hereketlerimiziň netijesi däldigini nygtaýarlar. Genetika, daşky gurşaw, ýumurtgalyklaryň polikistoz sindromy we limfedema ýaly saglyk ýagdaýlary we saglygyň sosial kesgitleýjileri semizlige sebäp bolýan esasy faktorlardyr.
Dowamy
Gruziýada 10-dan gowrak ahondroplaziýaly çagany bejermek üçin derman zerur. Ahondraplaziýa keseli süňkleriň ösmegine päsgel berip, göýdüklige we dürli saglyk meselelerine sebäp bolýar. Gruziýada umytsyz ene-atalar hökümetden täze çykan Voxzogo dermanynyň importyny maliýeleşdirmegi haýyş edýärler.
Dowamy
COVID-19 pandemiýasyndan bäri, dünýäniň ähli sebitlerinde immunizasiýanyň geçirilmesi gowşady we gyzamyk, poliomiýelit, mergi we täjihoraz keselleri möwjedi.
"Gyssagly we batyrgaý hereket etmek zerur" – diýip Bill & Melinda Geýts gaznasynyň global ösüş boýunça prezidenti Kristofer J. Elias belleýär. Geýts gaznasy immunizasiýa tagallalaryny birnäçe möhüm ugurlara gönükdirýär:
Dowamy
↪ Zoonoz keselleri haýwanlar bilen adamlar gönümel galtaşanda ýa-da adamlar iýmit ýa mör-möjekler ýaly wektorlar (infeksiýa geçirijiler) arkaly patogenlere sezewar bolanda ýaýraýarlar.
↪ Adam işjeňliginiň ekosistemalary bozýanlygy sebäpli haýwanlardan adamlara ýokuşýan koronawirus we maýmyn mamasy ýaly täze keselleriň döreme howpy ýokarlanýar.
Soňky ýyllarda haýwanlardan adamlara geçýän keselleriň sany köpeldi. Meselem: Covid-19, maýmyn mamasy, Ebola, guş dümewi, Zika wirusy we ş.m. Bu keseller adamlary täze pandemiýalaryň döremeginden howatyrlandyrýar.
Dowamy