Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bu ýyl Bütindünýä saglyk gününde guramanyň düýbüniň tutulmagynyň 75 ýyllygyny belleýär.
BSGG-nyň biziň durmuşymyzda ähmiýeti
BSGG 1948-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň bir bölegi hökmünde döredilýär. Onuň wezipesi we borçlary halkara saglyk syýasatyny ugrukdyrmagy we sazlaşdyrmagy, beýleki global saglyk başlangyçlary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, ylmy barlaglary geçirmegi, normalary bellemegi, tehniki goldaw bermegi, şeýle-de dünýä ýüzündäki saglyk tendensiýalaryna gözegçilik etmegi öz içine alýar. BSGG-nyň ýene bir wezipesi hem ýurtlara ylma esaslanýan saglyk maslahatlaryny bermekdir. Meselem, her ýurduň öz resurslaryny göz öňünde tutup, ol ýerde haýsy esasy derman serişdeleriniň, diagnostikalaryň we bejergileriň bolmalydygyny maslahat berýär. Emma, gurama hiç bir ýurda rugsatsyz girip ýa-da hiç bir ýurdy maslahatyny almaga mejbur edip bilmeýär.
Dowamy

Häzirkizaman bilim ulgamlarynda okuwçylaryň arasyndaky tapawutlyklara düşünmekde, hormat goýmakda we ähli okuwçylar üçin deň mümkinçilikleri döretmekde öňegidişlikler gazanyldy. Köp ýurtda aýratyn zerurlyklary ýa-da aýratyn öwreniş zerurlyklary bolan çagalar üçin zerurlyklary kesgitlemegiň we bilim almakda goldaw bermegiň ýörite sosial-pedagogik modeli ornaşdyrylan. Gazagystanyň bilim ulgamynda welin, heniz hem könelişen lukmançylyk ýa-da kemçilikli model saklanyp galýar.
Dowamy
"Global saglyk ulgamyndaky aýallar" hereketiniň ýakynda çykaran hasabaty zenan saglyk işgärleriniň ýüzbe-ýüz bolýan deňsizliginiň pandemiýa döwründe has-da ýaramazlaşandygyny görkezýär. Dünýäde saglygy goraýyş işgärleriniň 70%-iniň aýal-gyzlar bolmagyna garamazdan, olar ýolbaşçylyk wezipeleriniň diňe 25%-ini eýeleýärler.
Pandemiýada saglyk işgärleri gahryman saýylyp, alkyşlanylsa-da, olaryň iş sagatlary has uzady we işlerinde töwekgellikler hem-de kynçylyklar köpeldi. Onuň üstesine aýal işgärleriň çaga ideginde, bilimde we gartaşanlara ýa-da maşgala agzalaryna ideg etmekde ýüki agraldy. Eger meselä bolan çemeleşmelerini üýtgetmeseler, käbir ýurtlara saglyk ulgamynda aýal we erkek işgärleriň deňligini gazanmak üçin ýene 100 ýyldan hem köp wagt gerek bolmagy mümkin. Ekspertleriň pikiriçe, saglygy goraýyş ulgamynda gender deňligini gazanmaga 5 zat böwet bolýar:
Dowamy

↪ 2021-nji ýylda inçekesel 10.6 million adama ýokuşdy we 1.6 million adamyň ölümine sebäp boldy.
↪ Inçekesel ähli ýurtda we ähli ýaşdaky adamlaryň arasynda duş gelýär, emma bu keseliň öňüni alyp we bejerip bolýar.
↪ Inçekesel hadysalarynyň 98%-i pes we orta girdejili ýurtlarda hasaba alyndy.
Dowamy
Ýurduň Milli statistika komitetine görä, Gyrgyzystanda 200 müňden köp maýyplygy bolan adam ýaşaýar. Ýurduň ilatynyň 3% töweregi myşsa-skelet bozulmalaryndan, görüş we eşidiş ýaramazlyklaryndan, ýaramaz intellektden, psihologik we kognitiw bozulmalardan ejir çekýär. Maýyplygy bolan adamlaryň sany soňky 5 ýylda 10.5% köpelipdir. Olaryň näçesiniň zähmete ukyplydygy we näçesiniň işleýändigi ýa-da öz işini edýändigi barada resmi statistika ýok. Gyrgyzystanyň kanunçylygynda maýyplygy bolan adamlaryň işgärleriň 5%-ini düzmelidigi, olaryň synag möhletsiz işe alynmalydygy we günde 7 sagatdan köp işledilmeli däldigi bellenilýär, emma welin bu düzgünler hakykatda berjaý edilmeýär.
Dowamy
Sublimasiýa geçirmek (doňduryp guratmak) arkaly ýasalýan täze inçekesel waksinasy kliniki synaglaryň 1-nji tapgyrynda uly umyt beriji netijeleri görkezdi. 3 aýa çenli 37 gradusda saklap bolýan bu waksina inçekeseliň öňüni almakda edilýän tagallalaryň gerimini giňeldip biler.
Dowamy
Garybrak ýurtlaryň saglygy goraýyş işgärleriniň ummasyz köp sanlysy baýrak ýurtlara göçüş edýärler – bu bolsa garyp döwletleriň öňden hem haly harap saglyk ulgamlaryny has-da çökerýär. COVID-19 pandemiýasynda saglyk işgärleriniň ýetmezçiligini başdan geçiren baý döwletleriň meselä çäre gözläp başlamagy lukmanlaryň migrasiýasynyň badyny güýçlendirdi.
Dowamy
Nahar duzunyň 40% natriýden ybaratdyr. Natriý – bu adaty öýjükleriň sagdyn saklanmagyna (gomeostaz) hem-de suwuklyk we elektrolit deňagramlylygyny sazlamaga gatnaşýan möhüm ýokumdyr. Şeýle-de, natriý öýjügiň daşyndaky suwuklygyň mukdaryny saklamakda, myşsalaryň we nerw öýjükleriniň kadaly işlemeginde hem-de plazma membranalarynyň içi bilen ýokumly maddalaryň daşalmagynda ähmiýetli rol oýnaýar. Emma, natriý aşa köp mukdarda kabul edilende gan basyşy ýokarlandyrýar we ýürek-damar keselleriniň döreme howpuny artdyrýar – bu BSGG-nyň agza ýurtlaryny duzuň sarp edilişini azaltmaga çagyrýan ilkinji hasabatynda bellenilýär.
Dowamy
Adamyň bilimsizlik ýa-da elýetersizlik sebäpli sanly tehnologiýalary ulanyp bilmezligine "sanly garyplyk" diýilýär. Bütin dünýäde öz jemgyýetlerinde deňlik gazanmak üçin göreşýän aýal-gyzlar sanly garyplyk zerarly hem ägirt uly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. "Bu aýal-gyzlaryň bilim almagyny, bank hasabyna eýe bolmagyny ýa bedeni barada habarly kararlara gelmegini, maşgala eklemegini ýa-da öndürijilikli işgär bolmagyny çäklendirip biler" – diýip, BMG-nyň baş sekretary Antonio Guterres belleýär.
Dowamy
Bütindünýä semizlik federasiýasynyň täze barlagyna görä, 2035-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy semiz ýa-da aşa semiz bolar. Pes we orta girdejili ýurtlarda semizlik güýçli derejede artýar.
Dowamy