OÝNAWAÇLARDAKY GURŞUNYŇ HOWPLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oynawaclardaky gursunÇagalary metal we plastik oýnawaçlardaky, esasanam käbir import edilýän oýunjaklardaky we oýunjak şaý-seplerdäki gurşunyň täsirlerinden goraň. Çagalaryň gurşun täsirine sezewar bolmagynyň öňüni alyp bolýar.

Köp çagalara baýramçylyklarda sowgat hökmünde oýunjaklar we oýunjak şaý-sepler berilýär. Käbir oýnawaçlaryň düzüminde, aýratyn hem import edilýän oýunjaklaryň we oýunjak şaý-sepleriň käbirlerinde gurşunyň bolmagy ahmal. Gurşun göze görünmeýän we yssyz bolsa-da, ol çaganyň saglygyna çynlakaý zyýan ýetirip biler. Çagalar ellerini we oýnawaçlaryny agyzlaryna salagan bolýarlar. Olaryň elleriniň gurşun tozany bilen hapalanmagy ýa-da oýnawaçlaryň gurşunly bolmagy mümkin. Kiçi çagaňyz bar bolsa, çagaňyzy düzümi gurşunly oýnawaçlardan, oýunjak şaý-seplerden we beýleki zatlardan daşda saklaň.

Dowamy

  • 861 gezek okalan

TÄZE ÝYLYŇYZ MÜBÄREK BOLSUN!

  • Lukman
1 1 1 1 1

Taze yyl 2022

MÄHRIBAN OKYJYMYZ,

Biz seni we seniň maşgalaňy ýetip gelen Täze Ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Geçen ýyl seniň üçin nähili ýyl bolan hem bolsa, ony ýakymly ýatlamalar, täze durmuş sapaklary, guwançly üstünlikler, sagdyn beden we sagdyn gatnaşyklar hem-de uly umytlar we maksatlar bilen tamamlaýansyň diýip tama edýäris.

Biziň bilen aragatnaşykda galýanyň üçin hem, ýene bir gezek minnetdarlygymyzy bildirýäris. Täze ýylda-da seniň bilen bilelikde has köp zat öwrenjekdigimiz we öwretjekdigimiz bizi diýseň begendirýär.

Baýramçylyk möwsüminde hem, özüňi we başgalary koronawirusdan goramagy dowam etmek üçin, elleriňi wagtly-wagtynda sabyn bilen ýuwmagy, maska geýmegi, aradaşlygy saklamagy, üýşmeleňlerden saklanmagy, şeýle-de ýakynlaryň bilen COVID-19 düzgünlerine eýerip baýramçylyk gutlaşmagy hem-de hoş wagt geçirmegi unutmarsyň diýip umyt edýäris.

Şeýle maşgala baýramçylyklarynda çäklendirmeleri berjaý etmek näçe kyn düşýän hem bolsa, geliň hemmämiz muny diňe özümiziň däl, tutuş jemgyýetimiziň bähbidi üçin edýändigimizi ýatlalyň we egnimize kakalyň. Diňe şeýle dowam etsek, biz pandemiýadan has daşlaşyp, birek-birege has ýakynlaşyp bileris.

TÄZE ÝYLYŇYZ WE BU MÖWSÜMDE BELLEÝÄN ÄHLI BAÝRAMÇYLYKLARYŇYZ MÜBÄREK BOLSUN!

Şatlyk we söýgi bilen,
Saglyk redaksiýasy

  • 767 gezek okalan

BOSNIÝA BÄBEKHANALARYNDA PARAHORLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

babekhana parahorlykBosniýa we Gersogowiniýanyň döwlet saglyk ulgamynda ähli enelik hyzmatlarynyň tölegsizdigine garamazdan, çaga garaşýan eneleriň arasynda dogruma girmezden ozal lukmanlara içi pully konwertleri gowşurmak ýoň bolupdyr.

Dowamy

  • 855 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Täze Zelandiýatz zelan temmakiden goramak çilimiň soňuna çykmak meýilnamasynyň çäklerinde, ýaş adamlary ömürleriniň köp bölegi boýunça temmäkiden uzak saklamagy maksat edinýär.

Indiki ýyl güýje girizilmegine garaşylýan bu täze kanun 14 we ondan kiçi ýaşlylar üçin çilim satyn almaga rugsat berilýän ýaşy ýyl-ýyldan ýokarlandyrar. Bu teoriýa görä, kanun güýje gireninden 65 ýyl soňra diňe 80 ýaşlylar çilim satyn alyp bilerler. Täze Zelandiýada häzirki çilim almaga rugsat berilýän ýaş 18 bolansoň, ýaşlar üçin hemişelik çilim gadagançylygynyň birnäçe ýyllap täsiri bildirmez. Häzirki wagtda ýurtda kämillik ýaşyndan geçenleriň 11% töweregi çilim çekýär.

  • 855 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

caga saglygy yza gidislikBu pandemiýa ÝUNISEF-iň taryhynda çagalar üçin iň uly global krizis bolup, 100 million çagany garyplyga düşürdi we olaryň saglygynda, biliminde, iýmitlenmeginde, goralmagynda we psihiki abadanlygynda gazanylmaly ösüşleri has yza tesdirdi.

"Biz öňe gitmeli ýylymyzda yza gidýäris” diýip, ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji müdiri Henrietta Fore aýtdy. Täze hasabatda, ÝUNISEF pandemiýanyň çagalara beren zyýanlaryny sanap geçýär:

Dowamy

  • 751 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oz janynyzy halas edin men olsem oleyinKonfliktler we gazaply hüjümler ýüze çykanda, maýyplygy bolan adamlar köplenç maşgala agzalaryna "özüňizi halas ediň" diýerler.

Borno Ştatynda ýaşaýan, hereket etme kynçylygy bolan bir aýal Boko Haram hüjüminiň dowamynda erkek doganlaryny ýitirdi; olar aýal doganlaryny göterjek bolup durkalar öldürilýärler. Bu wakany Nigeriýanyň inklýuziw maýyplyk ugrunda işleýän CBM International guramasynyň wekili Dawid Sobo gürrüň berýär.

Dowamy

  • 784 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

cilime garsy dermanlarTemmäki her ýyl ýürek-damar, öýken, rak, diabet we birnäçe beýleki keselleriň üsti bilen 8 million adamyň ölümine sebäp bolýar. Temmäkiden el çekmek kyn düşüp bilýär, esasanam COVID-19 pandemiýasynyň sosial we ykdysady stresi artdyran döwründe. Dünýädäki 1.2 milliard temmäki ulanyjylarynyň 60%-i ony taşlamak isleýär, emma olaryň diňe 30%-i çilimden üstünlikli el çekmek üçin zerur bolan serişdelerden peýdalanyp bilýärler.

Dowamy

  • 953 gezek okalan