COVID-19 pandemiýasy
dünýäniň hemme ýurtlaryna diýen ýaly ýaýrady we millionlarça adamyň ölümine sebäp boldy. Pandemiýa başlaly bäri, birnäçe ýurtlar wirus sebäpli ýogalan adamlaryň statistikasyny gündelik paýlaşyp gelýärler. Resmi sanlara görä, bu günki güne çenli koronawirus sebäpli ölen adamlaryň sany 3 million 773 müňe ýetdi, ýöne "The Economist" žurnalynyň hasaplaryna görä, bu san 7-13 milliona ýakyn bolup biler.
Dowamy
Oksford Uniwersitetiniň AstraZeneca farmasewtik kompaniýasy bilen birlikde COVID-19-a garşy döreden waksinasynyň ady "Vaxzevria" we onuň netijeliligi 76%. Bu waksina COVID-19 bilen agyr kesellemekden we hassahana düşmekden 100% goraýar. Waksinanyň kliniki barlaglarynyň 2 we 3-nji tapgyrlary dowam edýär, ýöne 3-nji tapgyryň wagtlaýyn netijeleri lukmançylyk žurnalynda çap edildi. Vaxzevria-nyň doly täsirli bolmasy üçin 2 doza almaly.
Dowamy
Bütin dünýäde Covid-19 pandemiýasy dowam edýärkä, bu wirusa garşy waksinalar gysga wagtyň içinde oýlanyp tapyldy we birnäçe ýurtlarda batly depginde waksinasiýalar dowam edýär. Häzirki wagtda waksinalaryň möçberiniň çäklidigi sebäpli, olaryň agramly bölegi baý we ösen ýurtlar tarapyndan satyn alyndy. Iň ýokary girdejili ýurtlar iň garyp ýurtlar bilen deňeşdirilende, 25 esse çalt derejede ilatlaryny waksinasiýa edýärler. Bu global deňsizligi çözmek üçin, käbir lukmanlar, syýasatçylar we saglyk guramalary Covid-19 waksinasyny öndürýän karhanalardan patentlerini açyk şekilde hemmeler bilen paýlaşmagy talap etdiler.
Dowamy
Salam Saglyk, СOVID-19 barada ýurdumyza degişli statistikalary bilmek nämä gerek? Adaty raýat üçin näme peýdasy bar?
Okyjy
Dowamy
COVID-19 pandemiýasy başlaly bäri, adamlar immunitetlerini güýçlendirmek üçin birnäçe witamin goşundylaryny kabul etmäge başladylar; D witamini hem olaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Barlaglara görä, D witamini bedendäki süňkleriň saglygyny gowulaýar we osteoporoz keseliniň öňüni alýar. Şeýle hem, D witamini immunitetiň dogry işlemegine kömek edýär. Mundan başga-da, D witamininiň dem alyş ýokançlyklarynyň öňüni alýadygyny subut edýän barlaglar peýda boldy, ýöne bu netijeler anyk däl we käbir lukmanlary hem şübhelendirýär.
Dowamy
2020-nji ýylyň dekabryna çenli, dünýä ýüzünde COVID-19 üçin 200-den gowrak waksina dalaşgäri peýda boldy. Olaryň hem azyndan 52 sanysy adamlarda synagdan geçirilýär. Olaryň ýene birnäçesi synaglaryň 1-nji we 2-nji tapgyrlarynda bolup, geljekki aýlarda 3-nji tapgyra geçerler.
Dowamy
Dowamy
Waksina ady: CoronaVac (öňki ady: PiCoVacc)
Täsirliligi: 50.38% Braziliýadaky synagda, 83.5% Türkiýedäki synagda
Dozasy: 2 dozadan, arasyna 2 hepde salyp berilýär
Görnüşi: Myşsadan sanjym edilýär
Saklanylyşy: Sowadyjyda
Dowamy
Ençeme ylmy barlaglar COVID-19-yň göwreli aýallara beýleki aýallardan has erbet täsir edýändigini görkezýärler. Emma, bir gowy tarapy wirus çaga örän seýrek täsir edýär.
COVID-19 waksinasy göwreli aýallar üçin howplumy?
Munuň anyk jogaby ýokdur. Sebäbi göwreli aýallar COVID-19 waksinalarynyň ilkinji synaglaryna gatnaşdyrylmadylar. Şonuň üçin, göwrelilere waksina almazdan öňürti lukman bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär.
Dowamy