Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Suplementleriň keseli bejermek üçin niýetlenen däldigini ýatda saklamalydyr!
Suplementler – bedeniň kadaly ýagdaýyny, syratly durkuny, sagdyn derini gazanmaga kömek edýän goşundylardyr. Başgaça aýdanyňda, hemmämize öňden mälim biologiki işjeň goşundylardyr (rusça – биологически активные добавки).
Öt halta uly bolmadyk içi boşlukly beden agzasy bolup, bagryň içki tarapyndaky çukurjykda ýerleşýändir. Öt haltanyň esasy işiniň biri hem, bagryň işläp çykarýan ödüni goýaldyp saklamakdyr. Bir gije-gündiziň dowamynda adam bedeninde ortaça 500-1200 ml. golaý öt işlenip çykarylýar. Şeýle hem, öt halta ödi umumy öt ýodajygyndan onikibarmak içegä geçirmek işini hem amala aşyrýandyr.
"Salam hormatly lukmanlar! Mende şular ýaly ýagdaý bolýar. Birden-birden peşew gelýän ýaly bolýar, ýöne peşew gelenok. Içki eşik geýsem hem gyzyp biynjalyk edip dur. Erkekligimiň ujy gyzýar. Bu ýagdaý nämäniň alamatyka?"
Saýtyň okyjysy.
"Salam lukman! Soňky wagtda mende jynsy gatnaşykdan soň agyry we jyns agzamdan bölüniň çykmalar peýda bolýar. Mahal-mahal gasykda agyry bolýar. Bu nämeden bolup biler?"
Saýtyň okyjysy.
"Hormatly lukman! Men lukmana barlaga gitjek bolýaryn. Ol öňünden peşew etmän gelmegimi tabşyrdy. Barlag geçmek üçin ýene nähili taýynlyk görmeli?"
Prezerwatiw ulanmak islenilmedik göwreliligiň ýa-da ýokanç keselleriň gaýgysyny azaldyp, jynsy gatnaşygyň has arkaýyn we lezzetli geçmegine kömek edýär.
Bu kontraseptiw barada ýene nämeleri bilesiň gelýär?
Prezerwatiwleriň köpdürli peýdalary, ulanylyşy we görnüşleri barada ähli soraglaryňa jogaplar şu ýerde: Saglyk.org & #ÖwrenGoranWeGora
Biz Saglykda ylmy, zorlukdan azat we ynsanperwer dili öňe sürýäris. Biziň gündelik ulanýan sözlerimiz, terminlerimiz özümize we töweregimizdäki adamlara täsir edýär, dürli hereketlere itergi berýär. Bu makalada biz halkara derejede kesgitlenen we ulanylýan gender hem-de ten söwdasy bilen baglanyşykly terminleri size ýetirýäris.
Şol sanda sizi hem gündelik durmuşda ulanýan sözleriňize we adalgalaryňyza üns berip, birek-birege adamkärçilikli we medeniýetli çemeleşmäne we bu ýygyndynyň kömegi bilen sylaşykly sözlük goruňyzy ösdürmäge çagyrýarys.
Sen bu sanawa başga haýsy terminleri goşardyň? Pikirleriňi, synlaryňy bize iber.
Adam doglup, bütin ömrüniň dowamynda lukman bilen aragatnaşykda bolýar. Keselçilik bilen ýa-da öňüni alyş barlagy bolsun, biz dürli ugurdan bolan lukmanlaryň maslahatyny berjaý etmeli bolýarys. Lukman bilen söhbetdeşlik netijeli bolup, sagalma getirer ýaly oňa öňünden taýynlanma zerurdyr.
Aýbaşa degişli soraglar her aýal-gyzyň öz durmuşyna degişli gyzyklanmalarynyň saldamly bölegini düzýär. Her aýal-gyz öz aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny, geliş häsiýetini, beden özgermelerini gowy bilýär. Aýal-gyzlar öz aýbaşy günleri, şol döwürde özlerini duýuşlary barada özara gepleşip, bir-birlerine peýdaly maslahatlary berýärler. Galyberse-de, zenanlyk raýdaşlygy şol aýratyn günlerde biri-birine goldaw bermäge kömek berýär. Arassaçylyk gigiýena serişdesi, agyry bolanda agyryny aýryjy gerdejigi her aýal-gyz jorasy bilen paýlaşmaga taýyn. Aýbaşy wagty keýpiň üýtgemegine hem joralar gowy düşünip, keýpiňi göteriji şokolad bilen paýlaşyp bilerler.
Ýöne aýbaşy barada türkmenistanly oglanlara bilmek hökmanmy? Bu soragda olaryň bilimsizligi zenanlar bilen gatnaşygyna täsirini ýetirip bilermi?
Soňky bäş ýylda alymlar klimatyň üýtgemeginiň juda erbet täsirleriniň öňüni almak üçin metan emissiýasyny çalt we uly möçberde azaltmagyň zerurdygyny subut etdiler.
Metan näme? Kuwwatly parnik gazy bolan metanyň 20 ýylda kömürturşy gazynyň (CO2) bölüp çykarýan ýylylygyndan 80 esse köp ýylylyk goýberme güýji bar. Metanyň ýere ýakyn ozony emele getirmegi ilatyň saglygyna hem täsir edip biler.
Biz sizi Türkmenistanyň Birinji Hanymy wezipesine eýe bolmagyňyz bilen gutlaýarys. Bilşiňiz ýaly, ençeme ýurtlarda Birinji Hanymlar halka ähmiýetli işleri öňe sürmekde uly rol oýnaýarlar. Biz siziň Birinji Hanym hökmünde Türkmenistanda adamlaryň durmuşyny gowulandyrmaga täsiriňiziň, ýolbaşçylyk roluňyzyň we aýratyn platformaňyzyň bardygyna ynanýarys.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.