• Makalalar
  • Hyzmatdaşymyzyň pikirleri

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Türkmen net

Türkmen dünýäsine internetiň aralaşanyna eýýäm on ýyldan köp wagt boldy. Soňky alty-ýedi ýylyň içinde internet has hem halk köpçüligine ýaýrap başlady. Hat-da çagalarymyz hem internetiň çyn janköýerleri bolup ugradylar diýsek ýalňyşmarys. Türkmen internetini ösdürmekde yzygiderli işleri geçirýän, ene dilimizde maglumat berýän birnäçe türkmen saýtlary peýda boldular. Gynansakda olaryň sany az. Näme üçin? Türkmen dilindäki maglumatlara zerurlygymyz pesmi? Ýa dilimize bildirilýän ynam, islegimiz ýokmyka?

Meniň özüm gündelik görüşüp ýören dostlarymdan, tanyşlarymdan geçiren kiçijek pikir alyşma, sowalnamamdan çen tutsam, häzirki Türkmenistanly ýaşlaryň aglabasy interneti diňe bir tanyşlaryň bilen ýazyşmak, täze tanyşlyklary açmak ýa-da söýgüli tapynmak maksady bilen ulanýarmyşlar. Ýaşlaryň bu günki durmuşda internetden köp zady öwrenip bolýandygyndan habarsyzlary hem gaty köp. Iň esasy zadam olar türkmen saýtlaryndan bihabar. Ol saýtlary döretmegä beýlede dursun. Ine, onsaň türkmen dilindäki maglumatlara talaplaryň az bolmagy şumyka diýýän. Interneti diňe bir wagt geçirmek üçin gelinýän meýdança hasaplap, ýaş adamlarymyz ondan peýdaly bir zatlary öwrenmegi, peýdaly saýtlary döretmegi endik edinmediler entek.

Dowamy

  • 4090 gezek okalan

SERHOŞ WE JEMGYÝET GATNAŞYGY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (10 Ses)

"Dubaýa barýas, Dubaýa. 50 gramjyk içdim-laý".

Şadyýan adam awtobusdakylaryň ünsüni çekýärdi. Oturan ýerinden daşyndaky adamlar bilen gürleşjek bolýardy. Gürleýän zatlarynda känbir many-da ýokdy. Iki sany oglan onuň bilen gürleşip, üstünden gülüp başladylar. Gürrüňiň dowamynda serhoş adamyň gahary gelip, ýerinden turdy we awtobusdan düşdi. Düşüp, daşardan gygyrdy: "Eý kursant, çyk daşaryk! Gel bärik, kursant!" Oglanlar biri-birine “dostuň bilen sagbollaş” diýşip, gülüşdiler. Awtobus ýöredi we daşardaky "komandir" gygyryp galdy.

Dowamy

  • 3517 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.92 (13 Ses)

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba-hojalyk programmasynyň (FAO) geçen ýylyň 4-nji dekabrynda ýaýradan täze hasabatynda Türkmenistanda 0,3 million adamyň ýa-da ilatyň 5,5%-niň doýa-gana naharlanmaýandygy aýdylýar. Bu görkeziji Täjigistanda 2,6 million adama ýa-da ilatyň 30,1%-ne, Özbegistanda 1,9 million adama ýa-da ilatyň 6,3%-ne, Gyrgyzystanda 0,4 million adama ýa-da ilatyň 6,4%-ne barabardyr.

Ilki bilen, şu hasabat üçin statistiki görkezijileri halkara guramasyna aýan eden döwlet edaralaryna sagbolsun aýdasym gelýär. Statistika esaslanyp alnyp barylýan özara pikir alyşma jemgyýetimiziň konstruktiw çözgütleri tapmagy üçin amatly şertleri döredýär.

Dowamy

  • 4426 gezek okalan

TÜRKMEN JEMGYÝETI WE KÖPAÝALLYLYK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (13 Ses)

Şu hepde Gyrgyzystanyň ozalky Müftisi Çubak ajy Jalilow ikinji aýalynyň bardygyny aýan edip, birnäçe mahaldan soň aýdanlaryny ret etdi. Gyrgyzystanda ikaýallylyk we köpaýallylyk jenaýat hasaplanýar we gadagan edilen.

Müftiniň çykyşy Gyrgyzystanyň graždan jemgyýetinde güýçli seslenme döretdi. Graždan aktiwistler, raýatlar, guramalar bu çykyşa närazylyk bildirdiler. Gyrgyzystanyň zenanlar forumy Kurak Prezidente we bütin halka ýüzlenip ýazan hatynda köpaýallylygyň Gyrgyzystanyň jemgyýetine ýetirip biljek oňaýsyz we zyýanly täsirini anyk faktlar bilen delillendirdi.

Dowamy

  • 3441 gezek okalan

MEN BIR MAŇLAÝY GARA-LA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (19 Ses)

Jigim 2-3 ýyl mundan ozal iňlis dili kursuna gatnap başlady. Özem şeýle höwesekdi. 1-nji kursdan geçip bilmän täzeden okady. Ikinji gezek zordan geçdi. 2-nji kursy ýarysynda goýbolsun etdi. Nämemiş, näçe okasa-da kellesine girenokmyş. Höwesi bar, emma dil öwrenmäge ukyby ýokmuş. Biz oňa näçe islese goldaw bermäge taýýar, emma onuň iňlis dilini gowy öwrenip biljegine ynamy ýok.

Öwrenilen ejizlik näme?

Öwrenilen ejizlik (learned helplessness) – bu adamda birnäçe şowsuzlykdan ýa-da oňa başgalaryň ynamsyzlygyndan soň döreýän umytsyzlykdyr. Munuň üstüni açan alym M. Seligmanyň aýtmagyna görä, adam islendik zatda yzly-yzyna şowsuzlyga uçrandan soňra şowlulyga we işleriniň netijesiniň özüne bagly bolup biljegine ynamyny doly ýitirse ol ejizlemegi öwrenýär. Bu bolsa uzagyndan depressiýa ýaly uly näsaglyklara ýol açýar.

Dowamy

  • 3273 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (14 Ses)

Meni Türkmenistana degişli bolan ýönekey statistiki maglumatlaryň, sanlaryň döwlete, ministriliklere degişli saýtlarda elýeterli bolmazylygy gaty utandyrýar, aladalandyrýar we gynandyrýar. Sanlar ýönekeý statistika maglumatyndan başlap (ilat sany), ilatyň saglygyna degişli statistiki sanlary öz içine alýar (meselem çaga, ene ölümi, AIW (WIÇ) ýokançly näsaglar, rak keselliler).

Ata-babalarymyzyň "aýbyny ýaşyran aýňalmaz" diýen pähimi bar. Şu pähime eýerip başlamagymyz zerur. Şu döwürde sanlaryň aýan edilmezligi ýurduň ösüşini bökdäp, jemgyýetdäki ösüş baradaky düşünjeleriň kütelmegine getirýär. Biziň statistika maglumatlaryna, sanlara goýýan hormatymyz, medeniýetimiz örän pes. Hatda daşary ýurtda okap ýören türkmenistanly ýaşlaryň hem aglaba böleginiň "statistika näme gerek?" diýip, sosial ulgamlarda teswir galdyrýanlary az däl. Bilimli, okuwly ýaşlar we spesialister jemgyýetimiz baradaky gürrüňdeşliklerde sanlardan ugur almaýarlar.

Dowamy

  • 4011 gezek okalan

ÇAGA TERBIÝESINIŇ KÖNE KANUNLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (12 Ses)

Günleriň birinde meniň 12 ýaşly jigim mekdepden gelip, maňa okuwçylaryň we mugallymyň arasynda bolan bir üýtgeşik wakany aýdyp berdi. Gysga beýän edişde 6-njy klasda okaýan oglan öz klasdaş gyzyna kiçijek kagyzda öz söýgi duýgulary hakynda bir-naçe söz ýazyp, şol gyza gowşurypdyr. Jemal (romantiki haty alan gyz), belki maslahat sorap, ony ejesine görkezipdir. Onuň ejesi ertiriň özünde okuwçylaryň synp ýolbaşçysynyň ýanyna baryp, bu, onuň pikiriçe, ýaramaz herekete zeýrenip, ondan ýagdaýa goşulmagy talap edipdir. Mugallym synp sagadynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda, hemme okuwçylaryň öňünde şol oglany juda rehimsiz urupdyr. Men bu erbet we gorkunç wakany diňläp, birinji bilen, şol 12 ýaşly oglanyň psihikasyna we ilki-ilki ýetginjek döwründe döreýän şahsyýetine ýetirilen bitmez şek hakynda pikir etdim. Birinji söýgi diýilýän ýagty duýgy oňä sadaja bagt däl-de kän häsiýet ýygyndylary ýetirdi. Elbetde, bu waka şu oglanyň psihikasynda we umumy dünýägaraýşynda ýaramaz yz galdyryp biler. Ol bu mugallymyň zorlugyna görelde hökmünde we şuňa meňzeş wakalardan çykalga ýaly sereder.

Dowamy

  • 7218 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (13 Ses)

Ýalňyzlyk näme? Bu soragyň jogaby adamdan adama üýtgeýär. Käbirleri üçin ýalňyzlyk öz ýakynlaryndan daş düşmek bolsa, başgalar üçin bu özüne laýyk ýar tapmazlykdyr. Ýene birleri üçin ýalňyzlyk – perzentsizlik bolup biler. Diýmek onuň görnüşi kän, emma ýalňyzlygyň iň bir erbet görnüşi bedeniňde ýa-da aklyňda kemçilik bolup köpçülikden tapawutly bolmakdyr. Biziň jemgyýetimizde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar hemmeleriň gidýän ýerlerine gitmeýärler, sag adamlara goşulyşmaýarlar we olar bilen gatnaşmaýarlar. Olar hemişe özlerini beýlekilerden kem duýýarlar. Belki sizem erbet hassa bolan wagtyňyz olaryň başyndan geçirýän kynçylyklary duýansyňyz. Bu duýgy sizde wagtlaýyn bolan bolsa, mümkinçiligi çäkli adamlar hemişe şeýle ýagdaýda ýaşaýarlar.

Türkmenistanda şu wagtky ýagdaý:

Dowamy

  • 3532 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.35 (17 Ses)

Biz Hindi Lukmanyň hyzmatlaryndan peýalanýan birnäçe türkmenistanly müşderilere gabat geldik. Mundan ugur alyp, biz Hindi Lukmanyň düýbüni tutujy, Deli şäherinde ýaşaýan Mr. Asim Afsar bilen söhbetdeşlik geçirdik.

Saglyk: Bize öz işiňiz barada gysgaça aýdyp beräýseňiz. Hindi Lukman haçan ýola goýuldy?

Hindi Lukman: Biz 2,5 ýaşly Saglyk Hyzmatyny Ýeňilleşdiriji Kompaniýa. Biziň maksadymyz Hindistanda lukmançylyk bejergisini gözleýän türkmen raýatlaryny maglumat, ýol görkezijilik we doly goldaw bilen üpjün etmek. Häzire çenli biz 100-den gowrak türkmen maşgalalaryna ýokary hilli bejergi almaga kömek etdik. Olaryň arasynda bagyr we böwrek transplantasiýasy ýaly agyr operasiýalarda bar. Hindi Lukman hassanyň terbiýeçisi, guramaçysy, araçysy we goldawçysy bolup hyzmat edýär. Biz türkmençeden we rusçadan iňlisçä terjime etmek ýaly dil hyzmatlaryny hem öz içine alýan hemmetaraplaýyn guramaçylyk kömegini üpjün edýäris. Biziň işimiz barada jikme-jik maglumatlary websaýtymyzdan tapyp bilersiňiz.

Dowamy

  • 4507 gezek okalan