AIW (adamynyň immunodefisit wirusy, rusca ВИЧ) – adama ýokuşanda AIW-ýokançlygy keseli ýüze çykýar.
AIDS (rusça СПИД) – bu AIW-ýokançlygynyň iň soňky tapgyrydyr. AIDS keselinde immun ulgamynyň bozulandygy we ýokançlyklara garşy göreşip bilmeýändigi üçin adam her dürli agyr ýokançly keseller bilen keselleýär.
Dowamy
Uçuk (gerpes) – wirusly kesel bolup, özboluşly toppaklaýyn düwmejikli örgünleriň derä we nemli örtüklere örmegi bilen häsiýetlidir. Köplenç bu wirus derini, gözleri, daşky jyns agzalary zeperlendirýän bolsa, has agyr ýagdaýlarda merkezi nerw ulgamy hem şikeslendirip bilýändir.
Adamda uçuk wirusynyň 8 sany görnüşi gabat gelýändir. Onuň I (ýönekeý uçuk) görnüşi agzyň töweregini zeperlendirse, II görnüşi jyns agzalaryň uçukly zeperlenmeleriniň sebäbi bolýar. Ýokançly mononukleaz, garamyk, gurşawly lişaý ýaly ünsi we bejergini talap edýän keselleri hem uçugyň görnüşleri döredýändir.
Dowamy
Adatça jynshananyň ýiti ysy bolmaýar. Ýaramaz, ýiti ysyň döremegi ýokançlyklaryň täsiri bilen sowuklama keselleriň döreýändiginden habar berýär:
Balygyň ysy – jynshananyň kadaly bakteriýalar toplumynyň düzüminiň bozulandygyndan habar berýär we bu ýagdaý "bakterial waginoz, jynshananyň disbakteriozy" diýlip atlandyrylýar. Bu ýagdaý gardnerella diýilýän bakterialar köpelende ýüze çykýar.
Gatygyň ýa-da turşan süýdiň ysy ýaly turşumtyl ys – kömelejikleriň täsiri bilen kandidoz keselinde döreýär. Bölünip çykmalar ak, digir-digir görnüşde bolup, jyns agzalarynda gijileme döredýär.
Dowamy

King Korona bilen Miss Information wirus we nädogry habarlar ýaýradyp, ýer ýüzüni ýumurmagyň kül-külüne düşýärler. Supergeroýlar Maska we Gigiýena olaryň bet pygyllary barada eşidýärler we Adamlary halas etmegiň ugruna çykýarlar.
Dowamy
Ujytdan diňe seksual gyjynmalarda, jynsy gatnaşygynda, gijeki "şeýtan oýnamalarda" (pollýusiýada), peşew etmeden soň we täret edilýän wagty ýüze çykýan bölünip çykmalar kada hasaplanýar. Ondan başga halatlarda döreýän nemli, iriňli, ganly, ysly bölünip çykmalar keselleriň alamatlary hasaplanyp, oglanlara lukmana ýüz tutmaga sebäp bolmalydyr.
Dowamy
Esasy faktlar:
↪ Dünýä boýunça rak çagalaryň we ýetginjekleriň ölümçiliginiň esasy sebäpleriniň biri bolup, her ýyl doglandan 19 ýaşa çenli 400.000 çagalarda we ýetginjeklerde anyklanylýar.
↪ Çaga onkologiki keseller howply çişleriň dürli görnüşlerini öz içine alýar. Olaryň arasynda esasan leýkozlar (akganlylyk), beýniniň howply täze döremeleri, limfomalar we gaty döremelere degişli bolan neýroblastomalar we nefroblastomalar ýygy duş gelýändir.
↪ Eger ýokary girdeýjili ýurtlarda rakdan çagalaryň 80% sagalýan bolsa, pes we orta girdeýjili döwletlerde sagalma diňe ortaça 15%-45% ýagdaýlarda bolup geçýändir.
Dowamy
Eger jynsy gatnaşyk (prezerwatiwsyz) goragly geçirilmese, bir jynsy gatnaşykda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň birnäçesi ýokuşup bilýändir. Diňe prezerwatiw ýokanç kesellerden we islenilmedik göwrelilikden goraýandyr. Bu keseller bakteriýalar, wiruslar, kömelejikler, ýönekeýler we mugthorlar arkaly döreýär.
Bakteriýa ýokançlyklary:
Merezýel (sifilis) – jyns gatnaşyklary arkaly geçýän howply, dowamly kesel bolup, jyns agzalaryndan başga-da, içki agzalary we beýnini zeperläp, dürli gaýraüzülmelere getirip bilýändir.
Dowamy
Kontraseptiw serişdeleri sen ýaşaýan ýeriň dermanhanalaryndan alyp bilersiň. Ondan başga hem, Saglyk Öýlerinde lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýy boýunça kontraseptiw serişdelere mätäç ýetginjekler kesgitlenip, olara ýaramly serişdeler mugt berilýändir.
Kontraseptiw serişdeler üçin dermanhana ýüz tutmazdan öň, özüňe ýaramly görnüşini saýlamak üçin lukmanyň maslahatyny almagy ýatdan çykarma!

Eger seniň ýoldaşyň seniň garşylygyňa, "Ýok!" diýýänligiňe garamazdan jynsy gatnaşyk geçiren bolsa, onda ol zorlanma bolýar. Sen: "Ol meniň ýoldaşym ahyryn. Men ony köpden bäri tanaýan. Ol maňa ýakyn adam" diýip geň galmagyň mümkin. Adamyny tanaýandygyňa ýa-da tanamaýandygyňa garamazdan, seniň islegleriňe garşy geçirilýän hereketlere zorlanma (saňa zor salmak) ýaly seredip bolar. Zorlaýjy adam "nätanyş adam bolup garaňky ýerde bukulup üstüňe topulýany" hakykata laýyk gelýän düşünje däldir. Hakykatda we barlaglara görä zorlaýyjy adam aýalyň, gyzyň tanaýan adamsy bolýar.
Dowamy