Keselleriň ýokuşma howplulygy oral jynsy gatnaşyklarda, adaty jynsy gatnaşyklardaky ýaly ýokary bolmasa-da, belli bir derejede howplylyk saklanýandyr. Eger agyz boşlugynyň nemli bardasynda ýaralar, kesikler bar bolsa, ýokuşma howpy has hem ýokarlanýandyr. Oral jynsy gatnaşyklarda merezýeliň (siflis), uçugyň, adamyň papilloma wirusynyň ýokuşmagy ähtimaldyr.
Dowamy
Näme üçin Gazagystan suisid (janyňa kast etmek) boýunça öňde barýar? 1-nji bölüm. Çagalar we ýetginjekler. Dokumental film. – Почему Казахстан в лидерах по суицидам? Часть1. Дети и подростки.
Saglygyň redaksiýasy bu filmi ene-atalara, mugallymlara we psihologlara görmegi maslahat berýär.
Bu filmde çagalaryny ýitiren ene-atalar we maşgala agzalary başdan geçirenlerini gürrüň berýärler. Çagalaryny ýitiren ene-atalaryň köpüsi "Hiç zat duýdurmaýardy. Ähli zat gül ýalydy" diýýärler. Filmde psihloglar nähili alamatlara (ýetginjegiň daş keşbine, hereketlerine, duýgularyna) üns bermelidigini düşündirýärler. Şeýle-de, film nesilleriň (ene-atalar we çagalar) arasyndaky aratapawutlary düşündirmäge synanyşýar. Suisidiň ähli maşgala agzalarynyň fiziki we ruhy saglygyna we bütin jemgyýete ýetirýän täsiri bellenilýär. Filmde psihologlaryň sanynyň azlygyndan we elýetersizliginden hem söz açylyp, mekdeplerde edip boljak işleriň üstünde durup geçilýär. Filmde şeýle düşünjeler berilýär.
Dowamy
Prezerwatiw kanun boýunça näçe ýaşdan berlip (satylyp) başlanýar?
Prezerwatiwler kanun boýunça dermanhanalarda 18 ýaşdan satylyp başlanýar. Ýöne käbir hususy dermanhanalardan, şeýle hem dükanlardan ony 14 ýaşdan satyn alyp bolýandyr.
Dowamy

Gadyrly okyjylar,
Bize ýaş adamalardan we ene-atalardan jynsy terbiýä haýsy ýaşda we nädip çemeleşmelidigi barada soraglar gelip gowuşýar. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, biz Ýewropa üçin neşir edilen "Jynsy Terbiýe Standartlarynynyň" kän soralýan soraglara berilýän jogaplary türkmen diline terjime etdik. Aşakdaky matrisada çagany haýsy ýaşda nähili mowzuklar bilen tanyşdyrmagyň gysgaça beýany hödürlenýär.
Dowamy
Türkmenistanda maşgala lukmançylygy ulgamy ilata 20 ýyldan köp wagt bäri hyzmat edýär. Özünde terapewt we çaga lukmanynyň wezipelerini jemleýän maşgala lukmany dürli ýaşdaky adamlara lukmançylyk kömegini bermäge taýyn bolmalydyr. Şonuň ýaly hem, ol inçe hünärmen lukmanlaryň (meselem, hirurg, okulist, akuşer-ginekolog) işiniň esaslary bilen hem tanyş bolmalydyr we zerurlyk dörände ilkinji lukmançylyk kömegini bermelidir.
Maşgala lukmany dürli inçe hünärmenleriň ornuny tutup bilmeýär, ýöne özwagtynda olaryň maslahatyna ugratmalydyr, gerek bolan halatynda keselhana ibermelidir.
Dowamy
Aýallaryň arasynda jynsy gatnaşykdan soň jynshananyň dürli suwuklyklar bilen ýuwulmagynyň, islenilmedik göwrelilikden alyp galjakdygy baradaky pikir ýaýran. Onuň üçin diňe bir ýönekeý arassa suw ulanylman, suwa aspirin gerdejigini, marganes turşusyny (margansowka), sabyn köpürjigini ýa-da ýörite spermisidleri (spermatozoidleri öldürýän himiki serişdeler) goşup hem jynshanany ýuwmaga çemeleşýärler.
Dowamy
Ol ýerde diňe G-nokady ýok, kän nokat bar!
Jynsy gatnaşyk baradaky hekaýalarda G-nokady waginanyň öňki diwarynda ýerleşýän we aýallary dälirediji güýje eýe bolan toslamadyr. Medeniýetde bu bir mäz diýlip tanalýar. Emma, waginada hiç hili gizlin mäz ýa struktura ýokdur.
G-nokadyna bu ady Dr. Ernst Graffeburgiň şanyna dakýarlar. Ol 1950-nji ýylda bu nokadyň üstüni açan hasaplanýar. Emma bu nädogrudyr. Dr. Graffeburg diňe öz ylmy işinde waginanyň öňündäki lezzet beriji zona barada ýazýar. Ol muny uretra (peşew ýoly) we peşew haltasynyň aşaky bölegi bilen ýakyn gatnaşykda, ýagny, kinnigiň bedeni we köki, diýip suratlandyrýar. Emma bu ýerde hiç hili gizlin mäz ýa struktura ýokdur.
Dowamy
Ýaşyna garamazdan, kontraseptiw serişdeleri jynsy gatnaşyklary başlanylan wagtdan ulanmak möhümdir. Lukmanlar gyzlara gormonal gerdejikleri aýbaşysy başlap, kadalaşandan soň (azyndan 3 aýbaşy geçmeli) kabul edip başlamagy maslahat berýärler. Ýöne gormon saklaýan gerdejikleriň jynsy gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklardan, şol sanda AIW ýokanjyndan goramaýandygyny bilmelidir.
Dowamy
Jynsy gatnaşygy başlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, islenilmedik göwrelilikden goranmak üçin ulanylýan (kontraseptiw) serişdeler barada bilmek saňa köp kynçylyklaryň öňüni almaga kömek berip biler. Durmuşda köplenç ýetginjek ýaşlar jynsy gatnaşyklaryň başlanmagy bilen islenilmedik göwreliligiň döremegi, saglyga zyýan ýetirjek abort (göwreliligi emeli aýyrmak) barada pikirlenmeýärler.
Häzirki wagtda kontraseptiw serişdeleriň dürli görnüşleri belli bolup, olaryň içinde ýetginjekler üçin zyýansyz görnüşleri hem maslahat berilýändir.
Dowamy
Aýallarda peşewi saklap bilmezlik ýagdaýy (inkontinensiýa) – peşewiň erke, gözegçilige tabyn bolmazdan bölünip çykmagydyr.
Peşewi saklap bilmezlik aýallaryň arasynda has ýygy duş gelýän ýaramaz ýagdaý bolup, bu ýagdaý diňe bir gigiýeniki kynçylyklara dälde, aýalyň emosional durkuna hen täsir edip bilýändir. Şeýle aýallarda lapykeçlik, adamlardan gaça durma, öýden çykmakdan gorkmak ýaly stressli ýagdaýlar syn edilip bilinýändir. Peşewi saklap bilmezlik peşewiň daşky jyns agzalaryny we derini gyjyndyryp, ýörite bu ýagdaý üçin niýetlenen gigiýeniki serişdeleriň ulanylmagyny talap edýändir. Bu bolsa aýal maşgala üçin goşmaça maddy çykdaýjy bolup durýar. Bu oňaýsyz ýagdaý aýaly seksual gatnaşyklardan hem gaça durmaga mejbur edip, maşgala gatnaşyklarynyň gowşamagyna sebäp bolup biler. Bu näsazlygyň bejergisine ynamsyzlyk we orta hem-de gartaşan aýallar üçin ony kadaly hasaplamak – lukmanlara wagtynda ýüz tutulmazlygyň sebäbi bolýar.
Dowamy