Ilkinji gezek jynsy gatnaşygy geçirendigiňi daş-töweregiňdäki adamlar duýup, anyklap bilmeýär. Sebäbi seniň daşky keşbiňde jynsy gatnaşygy geçirendigiňi aýan edip biljek hiç hili alamat bolmaýar. Şeýle hem ýaýran ýalňyş düşünjelere görä, gyzyň göwüsleriniň, ýanbaşynyň ýa-da butlarynyň görnüşlerinden hem jynsy gatnaşygy geçirip-geçirmändigi barada bilip bolmaýar.
G-nokady barada maglumata belki sen Internet ulgamynda duşansyň. G-nokady – jynshananyň öňki diwarynda, onuň girelgesinden 5-6 sm. daşlykda ýerleşýän duýgur nokat bolup durýandyr. Bu nokadyň gyjyndyrylmagy aýal maşgala lezzetlilik bermäge ukyplydyr.
Zenanlarda orgazmyň duýulyp – duýulmazlygy bilen çaga galmak-göwreli bolmak ukybynyň hiç hili baglanşygy ýokdur. Eger aýalyň ýumurtgalyklary kadaly işläp, aýal jyns öýjügi emele gelýän bolsa we jynsy gatnaşyklary göwreliligiň galmagy üçin ýaramly günleri geçirlen bolsa, aýal orgazm duýgusyny duýmadyk bolsa hem göwrelilik galyp bilýändir.
Lancet žurnalynyň 2019-njy ýylda çykaran Keseliň Dünýä Salýan Agramy atly hasabatynda soňky 70 ýylyň dowamynda adamlaryň saglygynyň yzygiderli gowulaşandygy aýdylýar. Şeýle-de bolsa, global saglyga bütinleý täzeçe çemeleşmek zerurdyr.
Gowy habarlar: 2000-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli, täze dogulýan çagalaryň ömrüniň dowamlylygy 67.2 ýyldan 73.5 ýyla galdy. Şeýle-de, 5 ýaşdan kiçi çagalaryň ölümçiligi 9.6 milliondan 5 milliona düşdi.
Ulalýan kynçylyklar: Hasabat global saglygyň 21-nji asyrdaky ýagdaýy barada "ynjalyksyzlandyrýan soraglary" oýarýar. Ol soraglaryň içine garrap barýan ilat, ýokanç däl keseller, we beýleki kynçylyklar girýär.
Dowamy
Erkek adamlarda diňe eýakulýasiýanyň bolmagy netijesinde orgazma ýetilýändir. Şonuň üçin hem, bu iki düşünje erkeklerde baglanşykly bolup, eýakulýasiýa lezzet almak duýgusyna getirýän hadysa höküminde seretmek bolar.
Orgazm – jynsy gatnaşyklaryň soňunda duýulýan lezzetlilik duýgusynyň ýokary nokadydyr. Ol erkek adamlarda we aýallarda dürli alamatlar bilen ýüze çykýandyr. Erkek adamlarda orgazm eýakulýasiýanyň (dölüň zyňylmagy) bolup geçmegi we çanaklyk myşsalaryň ýygrylmagy bilen döreýändir.
Aýallarda orgazm has aýdyň we güýçli ýüze çykýan alamatlar bilen suratlandyrylýar: gan basyşyň ýokarlanmagy, ýürek urşyň çaltlaşmagy, dem alşyň ýygylaşmagy, göwüs emzikleriniň ulalmagy, ýüzüň, döşleriň gyzarmagy, deride gyzylja örgünleriň döremegi, jynshananyň we çanaklyk myşsalaryň ýygrylmagy, jynshanadan nemli bölünip çykmalar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy 2021-2025 ýyllar üçin waksinalaryň we immunizasiýa serişdeleriniň satyn alnyşynyň maliýe serişdeleriniň öňki döwür bilen deňeşdirilende iki esse köpeldilendigini habar berýär.
Dowamy
Klitor (türkmençe, kinnik) aýal bedeniniň iň düýgur ýeri bolup, ol gyjyndyrylanda seksual oýanma getirip bilýändir.
Klitor kiçijik ölçegde bolup, kiçi jyns dodaklaryň ýokarda birleşýän ýerinde ýerleşýändir. Ol gowak görnüşli dokumadan ýbarat bolup, seksual oýanma wagtynda gan bilen doldurylyp ulalýandyr. Onuň gurluşy we şeýle häsiýeti hem-de duýgurlylygy ony erkek ujydyna meňzeş edýändir. Klitoryň ýokary duýgurlylygy ondaky nerw süýümleriň köplügi bilen düşündirilýär.
1-nji Oktýabr – Gartaşan Adamlaryň Halkara Güni
Gartaşan adamlar kimler? Dünýäniň köp böleginde adamlar 60-65 ýaşlarynda pensiýa çykýarlar we bu döwür garrylygyň başy hasaplanylýar. Käbir milletlerde bolsa, garrylyk belli bir ýaşda däl-de, biologik we fiziki taýdan tapdan düşüp başlanyňda başlanýar. Häzirki wagtda, Birleşen Milletler Guramasyna görä “gartaşan adamyň” anyk kesgitlemesi ýok, emma BMG 60 ýaşdan geçenleri gartaşanlar diýip kabul etmeklige ylalaşdy.
Dowamy