• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • Sagdyn durmuş

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ILKINJI JYNSY GATNAŞYK AGYRLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (18 Ses)

34 ilkinji gatnasyk agyrlymyIlkinji jynsy gatnaşyk gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy sebäpli biraz agyryly duýgular bilen geçip biler. Ýöne bu hemişe agyrynyň boljakdygyny aňlatmaýar. Gyzlyk perde gan damarlaryny we nerw süýümlerini saklaýandyr. Eger ilkinji jynsy gatnaşykda ýyrtylma perdäniň nerw süýümleriniň köp ýygnanan ýerinden başlasa, bu agyryly duýgyny berip biler.

Dowamy

  • 6271 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (8 Ses)

metan CH4Bu maglumat Ekonomist (the Economist) žurnalynda Metan Awçulary (the Methane Hunters) ady bilen 2020-nji ýylyň fewral aýynda çap edildi. Kler atly emeli hemra 2019-njy ýylyň ýanwarynda günbatar Türkmenistanda läbik wulkanlaryň emissiýasynyň gözlegine çykýar. Gözlegiň dowamynda Kler töwerege ýaýrap barýan metan gazynyň ullakan dumanyna duşýar. 15 kg göwrümli Kler hemrasy 2016-njy ýylyň iýunynda kömürturşy we metan gazlarynyň emissiýalaryny ölçemek üçin äleme uçuryldy. Kler islendik senagat önümçilik zawodyndan syzýan gazlary we suwuklyklary anyklap bilýär.

Dowamy

  • 3027 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (21 Ses)

33 jyns gat dowamlylygyJynsy gatnaşyklaryň dowamlylygy barada geçirlen barlaglar hem ol görkezijileriň üýtgäp bilýändigini aýan edýär. Lukmanlar ortaça bu gatnaşyklaryň 5-6 minut dowamlylygyny belleýärler. Ýöne jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygynyň jübütleriň ýaşyna, islegine, bu gatnaşyklary geçiriş ýygylygyna baglylykda üýtgäp biljekdigini aýdyp bolar. Elbetde, örän gysgawagtlaýyn geçirlen gatnaşyk hem, juda uzak geçirilýän gatnaşyk hem düşünmezlik ýa-da birahatlyk döredip bilýändir. Şonuň üçin hem, jynsy gatnaşygyň dowamlylygy jübütleriň mümkinçiliklerine we isleglerine juda bagly görkeziji bolup, üýtgäp bilýändir. Eger bir jübütler üçin 1-2 min. dowam eden gatnaşyklar kada we lezzet beriji bolsa, başga jübüt üçin 8-10 min. dowamlylykly gatnaşyk hem azlyk edip biler.

Şonuň üçin hem, jynsy gatnaşyklarda jübütleriň biri-biriniň isleglerini, garaýyşlaryny bilmek we olary özara sylamak möhüm şert bolup durýandyr.

  • 4320 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (12 Ses)

32 porno syn etmekAlymlaryň bellemegine görä, eýýäm 10 ýaşdan çaga pornografiýa degişli kinofilmleri, žurnallary seretmäge gyzyklanma bildirýär. Eger ýetginjek öz maşgalasynda, gurşawynda (meselem, mekdep)  jynsy terbiýä, jynsy gatnaşyklara degişli öz soraglaryna doly jogap alyp bilmese, ol ony başga çeşmelerden (pornofilmlerden, Internetden) gözlemäge çalyşýar. Has ýakyndan we açyk alnan şekiller, ýalaňaç aýallaryň we erkekleriň bedeni, açyk geçirilýän jynsy gatnaşyklar ýetginjegiň  entek doly kemala gelip, bekeşmedik  ruhy dünýäsine  täsir edip, olara bolan garaşlylygy döredip biler.

Dowamy

  • 4032 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

31 jynsy gatnasyk yygylykLukmanlaryň bellemegine görä, jübütleriň arasynda geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň ýygylygy babatda belli bir dogry görkeziji bellenilmeýär. Jynsy gatnaşyklaryň ýygylygy adamynyň saglyk ýagdaýyna, endokrin ulgamyň işine, onuň medeniýetine, uýýan dinine, işine, gün tertibine baglydyr. Eger bir adam üçin bu gatnaşyklary her gün 2 gezek geçirmek kada laýyk bolsa, ikinji adam üçin hepdede 2-3 gezek, üçünji adam üçin bolsa aýda bir gezek geçirmek oňaýly bolýar. Esasy zat-jübütleriň islegleriniň gabat gelmegi we biri-birine düşünmegidir.

  • 4362 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

temmaka garsySen çilimi taşlap gördüňmi ýa-da taşlan tanaýarsyňmy? Şahsy hekaýaňy paýlaş!

Temmäkiniň howplaryndan habarly çilimkeşleriň köpüsi bu endigi taşlamak isleýär. Konsultasiýanyň we dermanlaryň kömegi bilen, ulanyjylar temmäkini iki esse üstünlikli taşlap bilýärler. Emma welin, häzirki wagtda dünýäde diňe 23 döwlet ilatyna doly ýa-da ýarpy tölegine kömek edýän, hemmetaraplaýyn "temmäkiden el üzme" hyzmatyny üpjün edýär. Bu ýurtlarda dünýäniň ilatynyň diňe 32% ýaşaýar.

Dowamy

  • 2465 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (11 Ses)

30 jynsy gat tayyar dalSen halaýan gyzyňy (ýa-da ýigidiňi) ençeme wagt tanaýan bolsaň-da, jynsy gatnaşyga bolan islegiň düýbünden bolmazlygy mümkindir we bu ýagdaý siziň özara gatnaşyklaryňyza tasirini ýetirmeli däldir.

Jynsy gatnaşyklar seniň durmuşyňa ençeme çözülmeli meseleleri getirip biljek hadysadyr. Hiç haçan bu gatnaşyklary:

Dowamy

  • 4660 gezek okalan

“IL NÄME DIÝER?!”

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

peer pressure"Seň ile meňzäsiň gelenokmy? Ählimiz eýýäm durmuşa çykdyk, seňem çykar wagtyň boldy".

“Taşla bu köýnegi, indi gyzlaň hemmesi täze fasonlary geýýäler”.

“O gyz bilen gepleşme, ol başga mekdepden-ä!”

Deň-duşlaryň täsirine ýa-da hatda käwagt basyşyna sansyz mysallar getirmek mümkin. Muňa derek gel, bu meselä azajyk düşünjek bolaly.

Dowamy

  • 3005 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (13 Ses)

29 jynsy gat tayynlykHalaýan gyzyňy (oglanyňy) ýakyndan tananyňdan we siziň gatnaşyklaryňyz has ýaýbaňlanandan soň, sende has içgin gatnaşyklary-jynsy gatnaşyklary geçirmek islegi döräp biler.

Mundan öň belläp geçişim ýaly, jynsy gatnaşyklary başlamak biri-birini halaýan ýaşlar üçin örän jogapkärli we olaryň soňky durmuşyny üýtgedip biljek hadysadyr. Bu gatnaşyklara taýyndygyňy sen birnäçe çylşyrymly alamatlaryň, özüňde döreýän özgerişler arkaly duýup bilersiň:

Dowamy

  • 4933 gezek okalan