• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • Sagdyn durmuş

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (20 Ses)

oydaki zorlugy bes est intro

Öýdäki (maşgaladaky) zorluk Türkmenistanda her maşgala diýen ýaly täsir edýän jemgyýetçilik meselesidir. Emma, gynansakda, ýurdumyzda döwlet edaralary ýa aýallara we çagalara garşy zorlugyň bardygyny inkär edýärler ýa-da muňa göz ýumýarlar. Bu bolsa maşgaladaky zorlugy öwrenmäge, oňa düşünmäge we çözgüt tapmaga böwet bolup durýar. Şol sebäpli hem, biz öýdäki zorluk hakynda ähli toslamalary paş etmek, ol barada düşünjämizi giňeltmek, öz şahsy jogapkärçiligimize düşünmek we jemgyýetimizdäki bu çynlakaý meselä degişli açyk gürrüňdeşligi öňe sürmek maksady bilen şu düşündiriş maglumatly işi taýýarladyk.

Türkmençe / На русском

  • 4373 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (14 Ses)

gyssagly kontrasepsiyaGyssagly kontrasepsiýa (rus. экстренная контрацепция) – bu goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň meýilleşdirilmedik, islenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin ulanylýan usullaryň toparydyr. Gyssagly kontrasepsiýa göwrelilikden goraýan hiç bir başga usul ulanylmadyk ýagdaýynda peýdalanylýar. Bu usuly goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň 3-5 günüň dowamynda ulanmagа çemeleşmelidir, has dogrusy, näçe çalt ulanylsa şonçada netijeliligi ýokary bolýar.

Dowamy

  • 3565 gezek okalan

ZORLANYLAN ADAMA BERILMELI ILKINJI KÖMEK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (39 Ses)

zorlanmaIslenilmedik we razylyk berilmedik mejbury jynsy gatnaşyga zorlama diýilýär. Gyz-gelinleriň öz tanaýan adamlary, nätanyşlar, maşgala agzalary, ýa-da ýoldaşlary tarapyndan zorlanylmagy ahmal. Şol sanda, oglanlar we erkek adamlar hem zorlanylýar.

Zorlanylan adama fiziki şikesler üçin ilkinji kömek zerurdyr. Şol bir wagtda ol ruhy goldawa we idege hem mätäçdir. Zorlanylma sezewar bolan kişä mähir we düşbülik bilen çemeleşmeli. Ony günäkärlemeli däl.

Dowamy

  • 7353 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (11 Ses)

yumurtgalygyn rak keseliÝumurtgalygyň rak keselinden döreýän ölümçilik aýallaryň ölümçiliginiň arasynda dünýä boýunça 7-nji orny eýeleýär. Bu kesele mahsus bolan alamatlaryň ýoklugy sebäpli ony irki tapgyrlarda anyklama mümkinçiligi bolmaýar we bu kesel köplenç giç anyklanylýar. Eger kesel ilkinji tapgyrlarda anyklanylsa, bejergiden soň näsagyň ömrüni bäş ýyla uzaltmak mümkinçiligini gazanma 90-95%, ikinji tapgyrda – 70%, üçünjide – 15-20%, dördünji tapgyrda 1,5% düzýändir.

Dowamy

  • 5997 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

palliatiw komek...Agyrsyzlandyryjy serişdäni almak üçin dermannama ýazdyrmaga gelen Aýna ýadaw, ýüzi bolsa solgun görünýärdi. Ejesiniň ýagdaýy gün-günden agyrlaşýardy we oňa has güýçli agyrsyzlandyryjylar gerek bolýardy. 8 aý mundan öň ol aşgazanyna operasiýa geçirip, uzak wagt keselhanada ýatypdy. Aýna gije-gündiz ejesiniň ýanyndan aýrylman oňa seredýärdi. Onuň üçin ol işini gijeki nobatçylyga geçiripdi. Ol işe gidende ejesiniň ýanynda kiçi oglan jigsi bolýardy.

"Ejeň özüni nähili düýýar?" diýip soramda, Aýnanyň gözleri ýaşdan dolup başlady. "Ýagdaýlar beterleşýär. Agyrylary güýçlenip başlady, üstesine hem ýürek bulanma peýda boldy" diýip ýerinden turdy. Men işimiň soňunda olara barjakdygymy aýtdym.

Dowamy

  • 2874 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.77 (13 Ses)

jynsy bilim yetmezciligiÝetginjeklige girip ugran döwürlerim (15 ýyl mundan ozal), joralarym bilen ýetginjeklikde bolup geçýän üýtgeşmeler (aýbaşy, göwüsleriň ulalmagy, kämillik tüýleri) barada gizlinlikde gürrüň ederdik. Her kim öz bedeninde bolup geçýän zatlary we ululardan eşdenlerini paýlaşardy. Bir gezek jynsy gatnaşyk barada gürrüň açyldy. Her kim öz bilenini orta atdy:

Dowamy

  • 6054 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (19 Ses)

goragsyz jynsy gatnasykLukmanlar hemişe jynsy gatnaşyklarda ýoldaşyň bir bolmagynyň howpsuzlygy barada aýdýarlar. Ýöne durmuşda hemişe şeýle bolanok. Duýdansyz duşuşyk, özara üns bermek we näz-kereşmeler, pynhan meýiller... Elbetde ol wagt siz ikiçäk galan adamyňyzyň saglygy barada pikir etmeýärsiňiz. "Dursana, sen hakykatdan hem sagmy?" diýen soragy bermek bolsa asla siziň kelläňize hem gelmeýär. Ýöne gowy tanamaýan adamyň bilen jynsy gatnaşykdan soň nämeler barada pikir etmeli bolýar?

Dowamy

  • 8328 gezek okalan