Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Bedende goşa bolan agzalaryň (gözleriň, elleriň, aýaklaryň) takyk deň bolmaýşy ýaly, jyns dodaklary hem käwagtlar deň bolman biler. Bu lukmanlar tarapyndan bozulma hasaplanmaýar. Köp halatlarda gyzjagazlarda doga (esasan hem ol wagtyndan öň dogan bolsa) ýa-da jynsy taýdan ýetişme döwründe gormonlaryň täsiri bilen, daşky agzalaryň şikeslenmesinden soň kiçi jyns dodaklary ulalyp, uly jyns dodaklaryň aşagyndan çykyp biler. Lukmanlaryň bellemegine görä, kiçi jyns dodaklaryň ini 5 sm-den uly bolmaly däldir. Köp halatlarda jyns dodaklaryň deň bolman, biriniň ulalmagy, gyza hereket etmäge (welosiped sürmäge, oturmaga, içki eşik geýmäge we baş) päsgelçilik bermese, bozulma hasaplanmaýar we bejergini geçirme hökman hem bolmaýar. Jyns dodaklaryň aşa deň bolman ulalan, gyzy biynjalyk eden halatynda, elbetde lukmanyň maslahatyny almak gerekdir.
Jyns dodaklaryň ulalmagy hirurgiki usul bilen bejerilýändir we gyz diňe 18 ýaşa ýetenden soň geçirilýändir.
Oglan çaga enesiniň içinde ösüp ulalýan wagty ýumurtgajyklary onuň garyn boşlugynda emele gelip, ösýärler. Eger ösüş dogry gidýän bolsa, soňrak ol ýörite gasykdaky "ýodajygyň" üsti bilen ýumurtga haltajygyna düşýär. Çaga doglanda ýa-da doglandan soň 6-8 aýyň dowamynda ýumurtgajyklar öz ýerine düşýändirler.
Eger birnäçe sebäplere görä ýumurtgajyklaryň biri (käwagtlar ikisi hem) öz ýerine düşmän garyn boşlugynda ýa-da gasykda saklanyp galsa, onda lukmana ýüz tutup onuň maslahatyny diňlemek hökmandyr. Sebäbi garyn boşlugynyň temperaturasy ýokary bolup, ol ýerde düşmän "saklanan" ýumurtgajykda erkek öýjükleriniň emele gelmegine ýaramaz täsirini ýetirip biler. Bu bolsa oglanjygyň soňundan önelgesiz bolmagyna getirip bilýändir.
Ýumurtgajyklaryň biriniň ýa-da ikisiniň hem ýumurtga haltajygyna wagtynda düşmedik ýagdaýynda lukmanlar hirurgiki usul bilen bejergi geçirýärler. Bejergi esasan çaga 1 ýaşandan soň geçirilýär.
Jynsy gormonlaryň işjeňleşmegi we olaryň deňagramlylygynyň wagtlaýyn bozulmagy seniň ýetginjeklik döwrüne mahsusdyr. Gormonlaryň täsirine süýt mäzleri (göwüsler) juda duýgur bolýarlar.
Gyzjagazlarda göwüsleriň ulalmagy 10-12 ýaşdan başlaýar we 11 ýaşdan 25 ýaşa çenli onuň doly emele gelmegi bolup geçýändir. Gyzjagazlarda göwüsleriň emele gelmegi we ulalmagy sanjylaryň ýüze çykmagy bilen geçip bilýändir we lukmanlar tarapyndan bu bozulma hasaplanmaýar. Şeýle hem aýbaşynyň öň ýanynda olaryň agyrmagy we emzikleriň çişmegi bolup biler. Ýöne göwüslerde gatylyklaryň döremegi, ellenilende hereketjeň togalajyk emele çişjagazlaryň duýulmagy, göwsüň üstüniň gyzarmagy, derisiniň üýtgemegi keseliň alamatlary bolup, seniň üçin lukmana ýüz tutmagyň sebäbi bolup biler.
Iki sany meňzeş adam bolmaýar. Her ýetişip barýan gyz maşgalanyň öz beden gurluşy, ýüz keşbi bolýar. Bu göwüsleriň ululygyna we daş durkuna hem degişlidir. Uly göwüsleriň ýa-da kiçi göwüsleriň bolany gowymy? Dogry jogaby berip bolmaýar. Şeýle-de, bir göwsüň beýlekisinden biraz uly bolmagy hem kada hasaplanýar.
Gyzjagaz ulalyp, onuň aýbaşysy gelende jynsy taýdan ýetişmäniň başlanandygyndan habar berýär. Gyzjagaz bu hadysa taýyn bolup, degişli gigiýeniki serişdeler barada habarly bolmalydyr.
Aýal-gyzlaryň arasynda iň belli gigiýeniki serişdeler höküminde tämizlik esgileri (prokladkalary) ulanmak ýörgünli. Olar aýallara öňden belli bolup, öz amatlylygy bilen tapawutlanýarlar. Ýöne soňky onýyllykda gigiýeniki tamponlary ulanmak diňe bir uly aýallaryň arasynda ýörgünli bolman, eýsem ýaş gyzlaryň arasynda hem belli boldy.
Jynsy ýetişme döwründe, gormon üýtgeşmeleri netijesinde deridäki ýag mäzleri has hem işjeň işläp başlaýarlar. Netijede, ýüzde, boýunda, arkada döreýän düwürtikler (olary "akne" diýip atlandyrýarlar) biynjalyklyk döredip biler. Olardan dynmagyň netijeli ýoly – deriňi arassa saklap, dogry iýmitlenmekdir. Eger sende düwürtikler köp bolup, wagtynda aýrylmaýan bolsa, dermatolog lukmanyna ýüz tutmak möhümdir.
Göwrelilik döwründe enäniň iýmitlenişiniň çaga saglygyna edýän täsiri uzak wagtlap dowam edýär. Muňa Niderland Açlyk Derňewi (Dutch Famine Study) aýdyň mysaldyr.
Ikinji Jahan Urşunyň soňlarynda Germaniýa niderland hökümeti tarapyndan gurnalan demir ýol işçileriniň iş taşlaýyş hereketlerine gaýtargy hökmünde Niderlandiýanyň käbir böleklerini gabap alýar. Nemesler gabap alan ýerlerine daşardan iýmit harytlarynyň getirilmegini gadagan edýärler. Gadagançylyk ýatyrylan wagty eýýäm ýowuz gyş başlaýar we daşardan iýmit getirmek henizem arzuw bolup galýar. Birnäçe aýlap adamlar açlykdan ejir çekýärler. Diňe tutuş Ýewropa azat edilenden soňra açlygyň hem soňy gelýär.
Ýetginjek oglanlaryň köpüsi wagtal-wagtal, gijelerine içki eşikleriniň öllenýändigini, ýagny dölüň bölünip çykmagynyň bolup geçýändigini aňlaýarlar. Bu ýagdaýa lukmançylykda "pollýusiýa", halk arasynda bolsa "şeýtan oýnama" diýilýär. Jynsy taýdan ýetişme döwründe oglanlaryň ýumurtgajyklarynda tohum öýjükleriniň uly mukdary işlenilip çykarylýar we jyns agzalarda basyş ýokarlanýar. Şonuň üçin hem, agzalarda basyşy peseltmek üçin köplenç gijelerine pollýusiýa bolup geçýär. Ýetginjeklik döwründe bu kadaly hadysa hasaplanýandyr.
"Oglanlar aglamaýar: sagdyn erkeklik" – bu "White Ribbon" guramasynyň Kanadadaky hem-de Awstraliýadaky şahamçalarynyň bilelikdäki sosial mediýa kampaniýasydyr. Terjimäniň asyl nusgasy.
Terjime eden Jumadurdy Rejebow
Doglan pursatymyzdan başlap, biz öz jynsymyza görä terbiýelenýäris. Hatda akyl ýetirmezden, belli bir jynsyň ösüş ýolundan ýöräp kemala gelýäris. Şol ýoldan çykaýsak welin, ýakymsyz netijeler garaşyp bilýär.
Adatça, dogumlylygy, syratlylygy, ähli şertlerde ýeňişe ymtylmagy, hiç haçan yza tesmezligi, güýçli erki, duýguçyl däldigi, we ulalandaky jynsy kuwwatlylygy üçin oglanlar "hakyky erkek" diýlip taryplanýar. Gyzlardan bolsa, ejizlemek, gerek bolanda kömek soramak, diýlene gulak asmak, belli kärleri saýlamak, we jynsy aýratynlygyny goramak talap edilýär.
Gyzlyk perde jynshana girelgäni ýapýan ýukajyk bardadyr. Ol girelgeden 1-3 sm çuňlukda ýerleşýändir we daşky jyns agzalary içki jyns agzalaryndan araçäkleýändir. Gyzlyk perde myşsa süýumlerinden, gan damarlaryndan we nerw uçlaryndan ýbaratdyr. Birinji geçirlen jynsy gatnaşykda gyzlyk perde ýyrtylýandyr. Perdäniň ýyrtylan ýerine baglylykda agyrylaryň ýa-da gan akmalaryň ýüze çykmagy mümkindir. Eger ýyrtylma gan damarlaryň geçýän ýerine gabat gelse ujypsyz gan akmany (ganjymak nem gatyşyk) syn edip bolar. Ýöne ilkinji jynsy gatnaşykda hökman köp gan akmaly diýen düşünje nädogry bolup durýandyr.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.