Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Ýetginjeklige girip ugran döwürlerim (15 ýyl mundan ozal), joralarym bilen ýetginjeklikde bolup geçýän üýtgeşmeler (aýbaşy, göwüsleriň ulalmagy, kämillik tüýleri) barada gizlinlikde gürrüň ederdik. Her kim öz bedeninde bolup geçýän zatlary we ululardan eşdenlerini paýlaşardy. Bir gezek jynsy gatnaşyk barada gürrüň açyldy. Her kim öz bilenini orta atdy:
Lukmanlar hemişe jynsy gatnaşyklarda ýoldaşyň bir bolmagynyň howpsuzlygy barada aýdýarlar. Ýöne durmuşda hemişe şeýle bolanok. Duýdansyz duşuşyk, özara üns bermek we näz-kereşmeler, pynhan meýiller... Elbetde ol wagt siz ikiçäk galan adamyňyzyň saglygy barada pikir etmeýärsiňiz. "Dursana, sen hakykatdan hem sagmy?" diýen soragy bermek bolsa asla siziň kelläňize hem gelmeýär. Ýöne gowy tanamaýan adamyň bilen jynsy gatnaşykdan soň nämeler barada pikir etmeli bolýar?
Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.
Jemal
Meniň bir goňşym bar, ady Jemal. Jemal 33 ýaşynda we 3 sany 3 ýaşdan kiçi gyzy bar. Jemal ýoldaşy we çagalary bilen gaýynlarynda ýaşaýar. Bize-de her gün "Telefonyňyzdan jaň edäýeýin?" diýip, gelýär. Jemalyň telefonyny adamsy sögüşenlerinde döwüpdir. Bir gün, "Näme üçin täze telefon alaňyzok, ýa-da gaýynlaryňkydan aýlaňňok?" diýip, soradym. Gynançly ýylgyryp, "Alyp berenoklar, jaň etmäge-de berenoklar" diýdi. Onuň her jaň etmäge gelende aýdyp berýän zatlaryndan inim tikenekleýär. Mysal üçin, gaýynlary plan jaýda ýaşaýarlar. Jemal, adamsy we çagalary bolsa wremýankada. Jemal bilen çagalarynyň plan jaýa girmesi gadagan ekeni. Gaýyn enesi Jemal bilen sögüşse, ogluny ýanynda ýatyryp, Jemalyň ýanyna ugradanok ekeni. Adamsy Myrat bolsa özüni hiç zat bilmeýän ýaly alyp barýar. Jemaly idemeýär we goldamaýar. Onuň daşyndan bolsa, keýp çekmäni, oturlyşyklara gatnaşmany gowy görýär. Men bolsa haýran galyp diňleýärin...
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsan we aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýan programmalary gyzlyk perdaniň barlanylmagynyň bes edilmegine çagyryp çykyş etdi. "Gyzlyk perdäniň barlagy" (gyzlygy barlamak) diýip atlandyrylýan barlag synagy aýal jyns agzalarynyň barlagyndan ybarat. Onuň esasy maksady – aýalyň ýa-da gyzyň jynsy gatnaşykda bolanyny ýa-da bolmanlygyny anyklamakdyr.
Lukmançylyk boýunça Nobel baýragyny şu ýyl amerikan alymy Jeýms Allison bilen ýapon alymy Tasuku Hondzýo T-öýjükleri ulanmak bilen rak keselleriň immun bejeriş usulyny işläp düzendikleri üçin aldylar.
Adatça adamyň immun ulgamy (kesellere garşy durýan goraýjy ulgam) bedende uýtgän öýjükleri özbaşdak göžläp dargadýar we olara köpelmäge ýol bermeýär. Ýöne rak öýjüklerine bu tebigy goragy "aldama" başardýar we täze howply döremä ulalmaga mümkinçilik döredýär.
Alymlar Allison bilen Hondzýo rak öýjüklerini "aldap", olara immun ulgamyny togtatmaga mümkinçiligi bermezlik başartdy. Bu geçirlen işler ragyň bejergisinde uly açyş we öňegidişlik bolup, bu häsiýet täze dermän serişdeleriniň döredilmegine uly mümkinçilik berdi.
Bu habar häzire çenli diňe iňlis dilinde çap edildi. Habar Saglyk.org topary tarapyndan has köp sanly türkmenlere maglumat ýetirmek maksady bilen türkmen diline terjime edildi. Terjime üçin Bütindünýä Saglyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edilmedi.
2018-nji ýylyň iýul aýynyň 18-22 aralygynda Türkmenistandaky Bütindünýa Saglyk guramasynyň (WHO) döwlet ofisi we BSG-nyň Ýokanç däl Keselleriň öňüni alýan, olara gözegçilik edýän Ýewropa ofisi köçe iýmitleri, ýokanç däl (red. ýürek-damar, rak, diabet, öýken) kesellerine eltýän faktorlar we çaga semizligi ugurlaryndan 3 sany barlagnamanyň ilkinji netijelerini aýan etdiler. Ol netijeler birnäçe üstünlikleriň, şol sanda, birnäçe aladalandyryjy ýagdaýlaryň hem üstüni açdy.
Jennet beýleki gyzlar ýalydy. Men oňa kiçiräkkä iňlis dili öwredýärdim. Ol hemme gyzlar ýaly mekdebe gidýärdi, öýünde ejesine kömek edýärdi. Ol okuwy gutaryp, hünär edinip, bagtly maşgala gurmagy arzuw edýärdi. Ýöne birden Jennediň durmuşy üýtgedi, käbir zatlar ugruna bolman başlady. Durmuş onuň isleýşi ýaly dowam etmedi. Jennet başyna inen kynçylyklara çykalgalaryň "iň garaňkysyny" saýlady, hawa, siz dogry düşündiňiz, ol öz janyna kast etdi.
Meniň pikirimçe, bu günki gün suisid, ýagny öz janyňa kast etmek ýurdumyzda uly bir heläkçilikleriň biri bolup durýar. Biriniň özüni öldürmegi ýa-da öldürmäge synanyşmagy baradaky habarlary ýygy-ýygydan eşidip durus. Meniň çaklamalaryma görä, ýurdumyzda suisid esasan hem ýaşlaryň arasynda dürli sebäpler bilen edilýär. Şowsuz söýgi, ene-ata bilen oňuşmazlyk we psihiki bozulmalar bu problemanyň giňden ýaýran sebäpleri bolup durýar. Bütindünýa Saglyk Guramasyna (WHO) görä, Türkmenistanda ýaş boýunça suisidiň derejesi 100 000 ilatdan 7.2 adam janyna kast edýär.
Güýz aýlary ýetip geldi, onuň yzysüre bolsa gyş pasly geler. Onuň bilen birlikde bizi möhüm işlerimizden alyp galyp, düşege ýatyrjak dümew hem peýda bolar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hasabatlaryna görä, her ýyl 3-5 mln. adam dümew bilen keselleýär, epidemiýa döwründe onuň gaýraüzülmelerinden 300 müňden 650 müň aralygy adam ölýär.
Ondan goranmak üçin siz nämeler etmeli? Witamin serişdelerini, sarymsakdyr-sogan, limon almazdan öň – özwagtynda öňüni alyş sanjymyny alyň. Dümewe garşy waksinasiýanyň alynyş düzgünleri we wagty barada maglumaty siz ýaşaýan ýeriňiz boýunça Saglyk öýlerinden, maşgala lukmanyndan alyp bilýärsiňiz.
Öz daş keşbini, görküni daş-töweregindäki adamlaryň kabul edişi, garaýyşlary barada diňe gyzlar aladalanýarlarmy?
Ýok! Mediada, kitap-jurnallarda gyzlar hakda kän gürrüň edilsede, oglanlar hem öz görki, boý-syratlaryna degişli düşünjeler, basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Jemgyýetde gyzlardan we oglanlardan edilýän talaplar tapawutlanýarlar. Şeýle düşünjeler her bir jemgyýetde ornaşan stereotiplere (zyýanly düşünjelere), erkek we aýal bedeniniň "bolmaly standartlaryna" esaslanýar.
Göräýmäge biziň her birimiz prezerwatiwleriň ulanylşy barada habarly ýaly. Ýöne onuň ulanylmagy bilen döräp biljek dürli ýagdaýlar babatda maglumatlary bolsa hemmeleriň bilmeýän bolmagy hem mümkindir.
Prezerwatiw haçan ulanylmaly?
Siziň bilşiňiz ýaly, prezerwatiw islenilmedik göwrelilikden goranmak we jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň, AIW ýokançlygynyň öňüni almak maksady bilen ulanylýar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.