Ekologiýa degişli meseleler soňky döwürde çynlakaý üns berilmegi talap edýär. Nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar geljegi üçin bu meseleleri çözmek örän ähmiýetlidir. Ýöne şeýle global meseläni çözmek üçin ilki bilen adaty gigiýeniki çäreleriň hususy we jemgyýetçilik ýerlerinde berjaý edilmegi zerurdyr. Ösen ýurtlarda arassaçylyk babatda uly alada edilip, degişli kanunlar, kararlar çykarylýar, olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Munuň esasy sebäbi bolsa epidemiologik meseleleriň döremeginiň gigiýeniki meseleler bilen gönüden-göni baglanyşygyndadyr.
Dowamy
Rahat, asuda, sagdyn durmuş öýden başlanýar. Bir gije-gündiziň dowamynda adam ortaça 10-14 sagat öýde bolýar. Çagalar, garrylar we syrkaw adamlar bolsa ondan hem uzak wagty öýde geçirýärler. Öý adamyň ygtybarly galasydyr. Biziň her birimiz diňe öz öýümizde rahat, arkaýyn hereket edip, özümizi erkin duýýarys. Adam işden ýadap gelende öýde ýadawlyk, emosional we fiziki dartgynlylyk azalar ýaly, öz ýaşaýan ýeriniň rahat bolmagyny isleýär. Elbetde, munuň üçin otaglaryň owadan bezelmegi, olarda ähli oňaýlyklaryň bolmagy, arassalygy örän ähmiýetlidir. Ýöne her bir ýaşaýyş otagyň belli sanitar-gigiýenik talaplara laýyk bolmagy hem hökmandyr. Öýüň içi ýagty, gury, giň, gyşyna ýyly we tomsuna salkyn bolmaly. Dogry we talabalaýyk salnan jaý uzak wagt abatlaýyşa mätäç bolmaýar. Şeýle jaýda ýaşaýan adam sagdyn, işjeň, şähdaçyk bolýar.
Dowamy
Göwreliligiň gormonal öňüni alyş serişdeleri (gormonal kontrasepsiýa) – iň netijeli we ýygy ulanylýan usullaryň biri bolup, dünýäde 120 mln-dan gowrak aýal bu usuldan peýdalanýandyrlar. Dogry ulanylan halatynda onuň netijeliligi 99,9%-e deňdir.
Kontrasepsiýa üçin ulanylýan serişdeler öz düzüminde aýal jyns gormonlary bolan estrogeni we gestageni saklaýandyrlar. Häzirki zaman gormonal serişdeleriniň ýaramaz täsirliligi ýokdur we olary lukmanyň gözegçiligi astynda 6-12 aýlap kabul edip bolýandyr.
Dowamy
Biz nirede we haýsy çäklerde ýaşaýandygymyza garamazdan, daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýy saglyk ýagdaýymyza öz täsirini ýetirip, bedenimizi belli bir derejede zyýanly maddalar: zäherli gazlar, agyr metallar, nitratlar, derman serişdeleri we ş.m. bilen zäherleýändir. Bu zyýanly maddalar bedenimize howa, suw, iýmit arkaly aralaşýandyr. Mundan başga-da, biz köplenç şol bir zatlary iýmäge endik edip, maşgalada adat bolan tagamlaryň "çäklerinden" seýrek çykýarys. Biz doýmak üçin, köp iýýäris, uzak aralyklary geçmek üçin ulag serişderelinden peýdalanýarys. Umuman, köp iýip, az hereket edýäris. Şeýlelikde, biz kem-kemden diňe aşgazan – içege ulgamyna däl, eýsem ýürege, gan damarlaryna – tutuş bedenimize agram salýarys. Bedenimiz iýmiti doly özleşdirip bilmänsoň, bedendäki madda alyş-çalyş ýagdaýy bozulyp, bedenimiz "zibilhana" meňzäp başlaýar. Bu "zibiller" tutuş bedenimizi zäherläp, bedeniň kesele garşy durma ukybyny peseldýär. Şonuň üçin-de, biz öz bedenimizi şeýle "zibillerden" wagtal-wagtal arassalap durmalydyrys. Şeýle arassalaýyş çäreleriň biri-de agyz beklemeklikdir. Biz şu makalamyzda agyz beklemeklige dini nukdaýnazaryndan däl-de, onuň adam bedenine we ruhy ýagdaýyna edýän täsiri barada gürrüň etmekçi.
Dowamy
Erkeklik jyns mäziiň giperplaziýasy (dokumanyň aşa ösmegi) ýa-da erkeklik jyns mäziniň adenomasy – mäziň peşew çykaryş kanalyny gurşap alýan böleginiň dokumasynyň aşa galyňlaşmagy bilen häsiýetlendirilýän keseldir. Onuň netijesinde bolsa peşew çykaryş ýollarynyň dykylmagy ýüze çykyp, peşew bölünip çykma ýagdaýy bozulýandyr.
Mäziň howply däl täze döremesi esasan 40 ýaşdan ýokary erkek adamlarda duş gelip, ilatyň bu ýaşdaky erkek adamlarynyň 10%-de duş gelýändir, 50-60 ýaş aralygyndaky erkek adamlaryň 40%-mi adenomanyň bejergisine mätäç bolsalar, 70-80 ýaşly adamlaryň 10-dan 8-sinde bu kesel ýüze çykarylýandyr. Ýöne statistiki maglumatlaryň güwä geçmegine görä, erkek adamlaryň 1%-den azragy bu keseliň irki döwründe lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýandyrlar. Galanlary bolsa bu keseli gaýragoýulmasyz bejergini talap edýän keselleriň hataryna degişli etmeýärler ýa-da keseliň soňky tapgyrlarynda "paltasy daşa degensoň" – ýüz tutýarlar.
Dowamy
Dünýä gymmatlyklarynyň içinde saglyk esasy orunlaryň birini eýeleýär. Biziň saglygymyza dürli faktorlar täsir edýär. Azyk harytlarynyň köpelmegi – iýmit bilen bagly keselleriň ýüze çykmagyna getirse, ahlak kadalarynyň bozulmagy, azgynlyk – AIDS keseli ýaly howply kesellere uçradýar. Spirtli içgileriň we temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny dünýä epidemiýasyna deňemek bolar. Saglygy dikeltmek ugrundaky çäreler, adatça, keseliň alamatlary ýüze çykandan soň başlanýar. Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy saglyk babatda ýüze çykýan meseleleri çözmek, olaryň durmuşa täsir edişini öwrenip, keselçiligi kemeltmek işleri bilen meşgullanýar. Guramanyň teklibine görä 1950-nji ýyldan bäri Bütündünýä saglyk güni geçirilip, 1948-nji ýyldan başlap ol her ýylyň 7-nji aprel güni bellenilýär. 2012-nji ýylda bu baýramçylyk "Garrylyk we saglyk" diýen temada we "Berk saglyk ýaşyňa ömür goşýar" diýen şygar astynda geçýär.
Dowamy
"Suw ýaşaýyş üçin zerur diýmek bolmaz,
sebäbi suwuň özi ýaşaýyşdyr"
Antuan de Sent Ekzýuperi
1995-nji ýyldan bäri türkmen halky aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde "Suw damjasy – altyn dänesi" baýramçylygyny belleýär. Biziň halkymyz üçin suwuň gymmatlygy örän ýokarydyr. Suw tebigaty janlandyryp görke getirýär. Ol tebigatyň goýnunda mesgen tutan adamzadyň hem, haýwanatyň hem ýaşaýşydyr. Şonuň üçinem pederlerimiz, suwa sarpa goýup, "Suw damjasy – altyn dänesi" diýen pähimi döredipdir.
Dowamy
Aýallary we erkekleri uly we ýakymsyz alada goýýan meseleleriň biri goňakdyr. Adamlaryň köpüsi goňakdan dynmak üçin dürli serişdelerden, emlerden peýdalanýarlar, meseläni özbaşdak çözmäge synanyşýarlar. Goňak ýörite şampunlaryň kömegi bilen aýrylýan akja tozgajyklardyr diýen pikir nädogrudyr. Eger ulanýan ýörite serişdeleriňize garamazdan, goňak aýrylmaýan bolsa, bu bedeniňizde bir näsazlygyň dörändiginden habar berýändir.
Goňak nädip emele gelýär?
Dowamy
Suw! Bu tebigy baýlygy hemme halklar ýaşaýşyň gözbaşy diýip hasap edýärler. Suw bizi hemmetaraplaýyn gurşap alýar: ol biziň dem alýan howamyzda, bedenimiziň öýjüklerinde, ganymyzda bar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýylyň 22-nji mart senesini Bütindünýä Suw güni diýip yglan etdi. Şu mynasybetli biz suwuň bedene şypa beriji häsiýetleri barada Size gürrüň bermegi makul bildik.
Suwuň şypa beriji häsiýetleri bize gadym döwürlerden bäri bellidir. Hemmelere belli grek lukmany Gippokrat çeşme suwuny içmegiň we oňa suwa düşmegiň bejeriş häsiýete eýedigini subut etdi. Gidroterapiýa (suw bilen bejermek) iň gadymy bejeriş usullarynyň biri hasaplanylýar. Rim we türk hökümdarlygy döwründe adamlar suw bilen garahassalyk ýaly keselleri, dürli çişleri bejerip bolýandygyna ynanýardylar. Gidroterapiýany esaslandyryjy diýip belli nemes lukmany Sebastýan Kneýp hasaplanylýar. Ol Gadymy Müsüriň, Gresiýanyň, Rimiň we Hindistanyň tebipleriniň ulanan gidroterapiýasyny bedeni türgenleşdirmegiň we taplamagyň ulgamyna öwürdi.
Dowamy
Erkegi we aýaly näme birleşdirýär? Olar näme üçin bir-birinden aýra ýaşap bilmeýärkä? Mümkin, munuň sebäbi olaryň garşylykly jynsa degişliligindedir. Erkekleriň we aýallaryň arasynda gatnaşyklar dürli häsiýete eýe bolup bilýär. Olar dostlukly, mähirli gatnaşyklarda bolup bilýärler. Emma erkek bilen aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyklaryň eýeleýän orny örän uludyr. Erkek we aýal bir-biri bilen ýakynlaşyp, ajaýyp fiziki we emosional taýdan lezzet alýarlar. Jyns gatnaşygynyň dowamynda erkek kişi diňe özi barada, öz islegini kanagatlandyrmak barada pikir etmän, öz söýgüli zenanyny hem kanagatlandyrsa, onda seksual gatnaşyklar belli bir kämillik derejä mynasyp bolýar. Şeýle ýagdaýlarda erkegem, aýalam bu ajaýyp söýgi pursatlarynyň dowam etmegini isleýärler. Elbetde, bu hereket ikitaraplaýyn bolmalydyr.
Dowamy