1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Alymlaryň bellemegine görä, tokaýyň ýa-da seýilgähleriň, bagçylyklaryň ýanynda ýaşap, gezelenç etmek saglyk üçin örän peýdalydyr. Aslynda agaçlaryň ýanynda bolmak adam üçin oňaýly bolup durýar. Bu delili lukmanlar hem, psihologlar hem tassyklaýarlar.

Agaçlar we başga gök ösümlikler adamyň özüni ýaş we sagdyn duýmaga kömek edýär. Olar adamyň ruhy ýagdaýyna ýaramly täsir edip, ýürek-damar ulgamynyň işini tijendirýär. Bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyryp, kelagyrylary aýyrýar, stress ýagdaýyny azaldýar. Çikago Uniwersitetiniň işgärleri 5000 adamynyň saglyk ýagdaýyny öwrenip şeýle netijä geldiler. Şeýle-de, agaçlaryň ýakynlygy hem göz öňüne tutuldy.

Seljerme geçirme netijesinde, seýilgähleriň ýanynda ýaşaýan adamlaryň kardiolog we psihiatr lukmanlaryna saglyk kynçylyklary bilen seýrek ýüz tutýandygy belli boldy. Ondan başga-da, olarda täze döremeleriň we süýji keseliniň döreme töwekgelçiligi pesdir. Öň subut edilşi ýaly, bagçylykly ýerleriň ýanynda ýaşaýan adamlar, başgalara garanyňda özlerini gowy duýup, şähdiaçyklygy bilen tapawutlanýarlar.

  • 1574 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Şu günki günde adamyň ölen wagtyny dine ölenden soňky birinji 36 (1,5 gije-gündiz) sagadyň dowamynda kesgitläp bolýandyr. Ýöne awstriýaly alymlaryň işläp düzen üýtgeşik usuly adamyň ölen wagtyny 10 gün (240 sagat) geçenden soň hem kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Kriminalistleriň dilinde adamyň ölen wagty diýip, ölümiň ýüze çykan wagtynyň dowamlylygyna düşünilýär. Takmynan 36 sagatdan soň, adam bedeniniň temperaturasynyň daşky gurşawyň temperaturasy bilen deňleşýändigi sebäpli, adamyň ölen wagtyny takyklamak mümkin bolmaýar.

Barlaglaryň gidişinde, awstriýaly alymlar doňuzlaryň jesedinde beloklarda we fermentlerde bolup geçýän özgermeleri öwrendiler. Alymlaryň bellemegine görä, adam dokumalaryna hem ölümden soň, doňzuň jesedinde syn edilýän üýtgemeler mahsusdyr. Tejribeleriň netijelerini öwrenip, alymlar adamyň ölen wagtyny has dowamly wagt aralygynda kesgitlemäge mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler.

Barlagçylara beloklaryň bir böleginiň (aktinin, tripomiozin) ölümçiligiň dörän wagtyndan 10 gün geçenden soň hem üýtgemelere sezewar bolmaýandygy belli boldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, adamyň ölüminden soň hemme beloklar dürli wagt aralygynda üýtgemelere sezewar bolýarlar.

Barlag taslamasynyň ýolbaşçysy Piter Ştaýnbaheriň aýtmagyna görä, beloklaryň dargamagy netijesinde döreýän önümler, ölümden soň dürli wagt aralygynda emele gelip başlaýarlar. Şolaryň döreme wagtyny öwrenip, ölümiň ýüze çykan wagtyny kesgitlemäge mümkinçilik alyp bolar. Häzirki wagtda alymlar adam dokumalaryny öwrenmäge girişip, 60 sany taýynlanan nusgalara seljerme geçirdiler.

Täze usulyň kriminalistler tarapyndan ulanylyp başlamagyndan öň, alymlara usulyň netijelerine täsir edip biljek faktorlary kesgitlemek gerekdir.

  • 1432 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Professor Hiromisu Nakauti adam beden agzalaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan täze barlag taslamasynyň ýolbaşçysy bolýar. Bu täze taslama özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, onuň kömegi bilen ýapon barlagçylary adam agzalaryny haýwanlarda, has takygy doňuzlarda ösdürmäge synanşarlar. Barlagçylaryň bellemegine görä, eger taslama netijeli bolsa, onda şeýle tehnologiýalary ulanma birinji onýyllykda mümkin bolar.

Alymlar geçiriljek tejribeleriň meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar. Tejribeleriň birinji ädimi aşgazanasty mäz emele gelmez ýaly, haýwanyň düwünçeginiň DNK-ny üýtgetmekden ybaratdyr. Soňundan adamyň sütünli (stwolowyýe) öýjükleri goşulan haýwan düwünçegi uly ýaşly doňzuň urkaçysyna oturdylar. Barlagçylaryň pikirine görä, adamynyň öýjükleri haýwanyň bedenine uýgunlaşyp, soňundan doňuzda kadaly işleýän aşgazanasty mäziň ösmegi mümkindir.

Şeýle-de alymlaryň aýtmagyna görä, eger tejribeler üstünlige eýe bolsa, adama tutus agzalary oturtma mümkinçiligi bolmasa hem, şeýle tehnologiýalar insuliniň derejesini kadalaşdyrýan aşgazanasty mäziň käbir öýjüklerini ösdürmäge mümkinçilik döreder.

Tejribäniň esasy maksady – adama oturtmaga ýaramly bolan dokumalary we agzalary ösdürmek üçin şertleri kesgitlemek we öwrenmekdir.

Ondan başga-da, alymlar öz barlaglarynda ýene bir esasy agza bolan bagry ösdürmäge synanşarlar. Eger tejribeler netijeli bolsa, täze döremeleri bejermegiň üstünlikli usullaryny işläp düzmäge mümkinçilik dörär we adaty ýagdaýda ösdürilmedik agzalarda täze dermanlaryň täsiri öwreniler.

Üç ýyl ozal ýaponiýaly professor Sinýa Ýamanaka bu ugurda geçiren barlag işleri üçin Nobel baýragyna mynasyp bolansoň, bedeniň dikeliş hadysalaryna gatnaşmaga ukyply sütünli (stwolowyýe) öýjükleri uly ünsi çekdi.

Lukmançylykda dikeldiş hadysalaryny öwrenme esasy ylmy ugry düzýän bolsa hem, Ýaponiýada kanunçylyk agzalary ösdürmek üçin haýwanlaryň ulanylmagyny gadagan edýär. Professor Nakautiniň ylmy taslamasynyň hem gadagan edilýändigi sebäpli, hemme tejribeler Lelanda Stenford adyndaky hususy barlag uniwerstitetinde (Kaliforniýa ştaty) geçiriler.

  • 1369 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

 

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleri!

Lukmançylyk käri dünýäde iň bir ynsanperwer kärleriň biri hasaplanýar. Adam üçin zerur gymmatlyk bolup durýan saglygyň gorawynda bolan saglygy goraýyş işgärleri, her gün müňlerçe adam janlaryny halas edip edermenlik görkezýärler.

Biz hem Siziň dabaralanýan günüňizde, Size berk jan-saglygyny, maşgala abadançylygyny, rowaçlygy, öz hünäriňizde uly üstünliklere we belent sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýäris.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlag arzuwlary bilen,
saýtyň işgärler topary.

  • 1610 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Direkt Line kompaniýasynyň barlagçylary 2000 britanlylaryň arasynda sorag etmeler geçirenlerinde, olaryň 46%-i adamlaryň haýwanlara mähirli gatnaşyk bildirmeginiň olary özüne çekiji edýändigini belläp geçdiler.

Şeýle-de, sorag etmä gatnaşanlar öý haýwanlarynyň eýeleriniň gowy adamçylyk häsiýetlerini hem özünde jemleýändiklerini bellediler. Gatnaşyjylaryň 32%-i iti bar adamynyň wepaly, hemişe kömege gelmäge taýyndygyny aýtsalar, 46%-i it bilen gezelenç etmegiň täze dostlary tapmaga ýardam berýändigini bellediler.

Sorag edilenleriň 29%-i geljekde ýakyn dost bolup galan adamlary bilen, öz iti bilen gezelenç edip ýörkä tanşypdyrlar. Şeýle netijelere Tafts Uniwersitetiniň alymlary hem geldiler. Olar 18-26 ýaş aralygyndaky 500 adamynyň arasynda sorag etme geçirdiler. Barlaglar öý haýwanlaryna ysnyşmagyň başga adamlar bilen berk we mähirli gatnaşyklary açmaga ýardam berýändigini görkezdi.

  • 1366 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Tomus paslynyň gelmegi bilen hemme adamlary dürli mör-möjekleriň, şol sanda çybynlaryň hem çakmagy biynjalyklyga getirýär. Çybynlaryň çakmagy bolsa diňe gijilemä getirmän, dürli ýokanç keselleriň ýaýramagynyň sebäbi hem bolup bilýär.

Öňden belli bolşy ýaly, käbir adamlary çybynlar köp çakýarlar. Edil şu aýratynlyk hem alymlaryň ünsüni çekdi. Soňky barlaglaryň görkezişi ýaly, çybynlary bedeniň ysyny kesgitleýän adamyň gen toparlary özüne çekýär.

Şu soragy öwrenmek maksady bilen Beýik Britaniýanyň alymlary synag geçirdiler we onuň üçin74 adamy saýlap aldylar (bir we aýry ýumurtga öýjüginden emele gelen ekiz jübütleri).

Alymlar her ekiz jübütlerine, ýörite yslaryň ýaýramagy üçin iki deşikli edilip ýasalan turbanyň içine ellerini sokmagy haýyş etdiler. Netijede, alymlar çybynlary göýberenlerinden soň, olaryň dürli ýumurtga öýjüginden bolan ekiz jübütlere dürli gyzyklanma bildirýändikleri anyklanyldy. Bir ýumurtga öýjüginden bolan ekizleriň genetiki topluny meňzeş bolany üçin, çybynlar turbanyň içine deň ýaýraýardylar.

Barlaglar çybynlaryň öz "pidasyny" saýlamagynda onuň genleriniň möhüm orun eýeleýändigini takykladylar.

Häzir alymlar haýsy gen toplumlarynyň bedeniň ysyna jogap berýändiklerini we olaryň haýsysynyň çybynlary özüne çekip ýa-da ürküzip biljekdigini anyklamaga kömek etjek barlaglary başlamagy meýilleşdirýärler.

Barlagyň esasy hünärmeni, professor Jeýms Loganyň aýtmagyna görä, gazanylan açyş çybynlara garşy netijeli serişdäni döretmäge we olar arkaly geçýän ýokanç keselleriň ýaýramagyny peseltmäge kömek edip biler.

Öňden belli bolşy ýaly, çybynlar alkogol kabul eden adamlara duýgurlygy bildirýärler. Hatda bir kürüşge piwo hem olaryň ünsüni çekip bilýär. Barlagçylaryň bellemegine görä, bu ýagdaýda çybynlaryň duýgurlylygy adamynyň deri bilen etanolyň bölünip çykarylýandygy we bedeniň gyzgynynyň ýokarlanýandygy bilen düşündirilýär.

Barlagçylaryň öň belläp geçişleri ýaly, çybynlar adamynyň gan toparynyň görnüşini duýýarlar we birinji we üçünji gan toparly adamlara "gyzyklanma" bildirýärler.

Dem alyşda bölünip çykarylýan kömürturşy gaz hem çybynlaryň özüni alyp barşyna täsirini ýetirip, olar bu himiki elementi 50 m. aralykda duýýarlar. Olaryň ünsüni bir gezekde bu gazyň uly göwrümini (daýaw adamlar) dem alyp çykarýan adamlar çekýärler. Kömürturşy gazdan başga-da, çybynlar der bilen çykýan başga maddalara (ammiak, peşew turşylygy) hem duýgurdyr.

Bir barlagyň kömegi bilen çybynlaryň gara, gök we gyzyl reňkleri gowy görýändikleri we şeýle reňkli egin-eşikleri geýen adamlary has köp çakýandyklary kesgitlendi.

  • 1640 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Lukmanlaryň topary uzaga çeken barlag işlerinden soň, ýumurtgalyklaryň ragyny ilkinji alamatlary döremezden öň anyklap bolýandygyny mälim etdiler. 10 ýyla çeken barlaga aýbaşydan galma döwrüne aýak basan aýallaryň 46 müňi gatnaşdylar. Hemme gatnaşyjylaryň saglygyna lukmanlar gözegçilik edip, kadaly ganyň barlagyny geçirýärdiler. Aýallaryň ganynda lukmanlar üýtgeme häsiýetli CA125 belogyň derejesine gözegçilik edýärdiler. Howply çiş dörände bu belok howply täze döreme arkaly örän uly mukdarda işlenilip çykarylýar (ganda CA125 belogy anyklama öňden täze döremeleriň käbir görnüşlerini kesgitlemek üçin ulanylýar).

Barlaga gatnaşyjylarda bu belogyň uly görkezijileri anyklanylandan soň, aýal başga barlaglara ugradylýardy. Britan lukmanlarynyň hödürlän usuly, täze howply döremeleri 90% ýagdaýlarda irki möhletde anyklamaga kömek edýär.

Aýal jyns agzalarynyň howply döremeleriniň getirýän ölümçiliginiň sebäpleriniň arasynda ýumurtgalyklaryň ragy bäşinji orny eýeleýär. Statistiki maglumatlara görä, ýumurtgalygyň ragy anyklanan näsaglaryň ömrüniň uzaklygy 5 ýyldan geçmeýär. Bu bolsa keseliň giçki tapgyrlarda anyklanylyp, bejerginiň netijesiz bolýandygy bilen düşündirilýär.

Bu keseli anyklamagyň kynçylygynyň ýene bir sebäbi hem, alamatlaryň başga bozulmalar bilen meňzeşligindedir (garnyň aşagynda agyrylar, içiň ýellenmegi, täretiň üýtgemegi, ýygy buşukma, ganazlylyk, ysgynsyzlyk).

  • 1389 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Şu ýylyň mart aýynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Günorta Afrikan Respublikasynyň lukmanlarynyň geçiren deňi-taýy bolmadyk operasiýasy barada habar beripdiler. Lukmanlara operasiýanyň kömegi bilen, birnäçe ýyl mundan ozal nädogry we gaýtaüzülmeli sünnet edilmeden soň ujydy kesilip aýrylan oglana başga önelgelilik agzasyny oturtma başardypdy.

Üç aýdan soň näsag öz seksual durmuşynyň kadalaşandygyny begenç bilen äşgär eden bolsa, ýakyn günlerde onuň basym ata bolmaga taýynlanýandygy belli boldy.

Agzany oturtma operasiýasyna ýolbaşçylyk eden lukman Andre wann der Merwe, öz näsagynyň häzir özüni gowy duýýandygyny we onuň gelinliginiň çaga garaşýandygyny belledi. Lukmanyň sözlerine görä, operasiýadan soň näsagyň peşew çykaryş kanalynyň işjeňligi we önelgelilik ulgamy tutuşlaýyn dikeldilipdi we näsag çaga barada arzuw edýärdi. Ýöne hiç kim bu arzuwlaryň beýle çalt amala aşjakdygyny aňlamaýardy.

Häzir geljekki ene atalygy subut etme barlagyny geçmäge taýynlanýar. Lukmanlaryň pikirine görä bu barlagy geçirme zerur bolup, eger ujydy oturdylan oglanyň atalygy subut edilse, bu lukmançylykda geçirilen deňi-taýy bolmadyk operasiýanyň görnüşi bolar. Çünki bu birinji geçirilen şowly operasiýa bolup, ondan öňki geçirilen synanşyklar şowsuzlyga uçrapdy.

Ýeri gelende aýdylsa, kämillik ýaşyna ýeten afrikan oglanlarynyň arasynda sünnet etdirme has giň gerim alýar. Ýöne diňe Günorta Afrikan Respublikasynda her ýyl nädogry geçirilen sünnet edilmeden soň 250 golaý ýaş oglanlar öz önelgelilik agzalaryndan jyda düşýärler.

  • 1388 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

Habar beriş agentliginiň habar bermegine görä, amerikan şäheri bolan Detroýtda (Miçigan ştaty) dünýäde iň garry aýal bolan, 117 ýaşly Džeralien Telli aradan çykdy.

Džeralien Telli öz 116-njy doglan gününi 23-nji maýda belläp geçipdi. Žurnalistleriň uzak ýaşamagyň syrlary baradaky soraglaryna jogap berip aýal şeýle diýipdi: "Men aýratyn bir maslahat berip biljek däl. Hemme zat Allanyň emri bilen bolýar".

Şeýle hormatly ýaş Džeralien Tellä durmuşdan lezzet almaga bökdençlik döredenokdy: ol balyk tutmagy gowy görýärdi, bagbançylyk bilen meşgullanýardy we ot ormagy halaýardy.

Indi dünýäniň iň garry ýaşaýjysy höküminde Nýu-Ýorkda ýaşaýan, 115 ýaşly Sýuzanna Muşatt Džons bellenilýär. Ýer ýüzünde ýaşan iň uly ýaşuly höküminde fransuz aýaly Žanna Luiza Kalman hasaplanýar. Ol 1997-nji ýylda 122 ýaşynyň içinde aradan çykypdy.

100 ýaşdan geçen adamlaryň aglaba bölegi Ýaponiýada (51 müňe golaý) we ABŞ-da (53 müňe golaý) ýaşaýar.

  • 1588 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

Aýallaryň aglaba bölegi jynshanany ýuwma çäresiniň ýokançlyklardan goranmaga we ýaramaz yslary aýyrmaga kömek edýändigine ynanýarlar. Hakykatda bolsa bu bejerginiň täsiri ol diýen peýdaly däldir.

Lukmançylygyň doktory Eliza Ross jynshananyň öz-özünden arassalanmaga ukybynyň bardygy sebäpli, aýallara onuň içini ýygy ýuwmagy maslahat bermeýär. Sebäpsiz, ýygy ýuwulmalar onuň içinden peýdaly bakteriýalaryň ýuwlup aýrylyp, zyýanly ýokançlyklaryň ösmegine getirýän turşulyk-aşgar deňagramlylygynyň üýtgemeginiň sebäbi bolýar. Ondan başga-da, ýuwma üçin niýetlenen erginler allergiki täsirliligiň döremeginiň sebäbi bolup bilerler.

Eliza Rossyň bellemegine görä, her aýalyň özüne mahsus ysynyň bolmagy we onuň aýbaşy halkasynyň döwrüne we kabul edilýän önümleriň görnüşine baglylykda üýtgemegi adaty fiziologiki ýagdaýdyr. Meselem, sogan we sarymsak ýaly önümler aýalyň özüne mahsus bolan ysyny has hem güýjedip bilýär.

Doktor Ross aýallara diňe daşky jyns agzalary mylaýym suw bilen ýuwmagy maslahat berip, dürli ysly sabynlaryň derini guradýandygy sebäpli seýrek ulanylmalydygyny belleýär.

Ekspertiň bellemegine görä, jyns agzalaryň ysynyň üýtgemegi, eger ol kadasyz bölünip çykmalar bilen utgaşykda ýüze çykýan bolsa aýalyň saglygynda üýtgemeleriň bardygyndan habar berip biler. Kadasyz üýtgemeleriň ýüze çykandygyndan jyns agzalarda döreýän örgünler hem şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly ýagdaýlarda sebäpleri anyklap, degişli bejergi geçirmek üçin lukmana ýüz tutma hökmany bolup durýandyr.
 

  • 1635 gezek okalan