1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Dogrudan hem gazlandyrylan süýjüli içgiler şeýle zyýanlymyka ýa-da bu maglumatlar toslamamyka? Gynansak hem, getirilýän deliller toslama däldir. Meselem, Kolanyň düzümindäki fosfor turşylygy dişiň daşky gatlagyndan kalsiý mineralynyň ýuwulmagyna getirýändir. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen dişleriň dargamagyna getirip biler.

Başga bir kynçylyk – bu içgileri halaýan adamlar semizligiň döremegine ýykgyn bolýarlar. Sebäbi içgiler ýokumly bolup, gandyň köp mukdaryny saklaýandyr. Süýjüli gazlandyrylan içgileri içip, az hereket etmeklik bolsa semizligiň döreme ähtimallygyny has hem ýokarlandyrýandyr.

Elbetde, şeker saklamaýn içgiler hem bardyr. Ýöne biziň hemmämiz olarda şekeriň ýerini tutujy maddalaryň bardygyny bilýäris. Meselem aspartamy olara degişli edip bolýandyr. Soňky yllaryň barlaglary emeli tagam beriji maddalaryň süýji keseline we işdäniň ýokarlanmagy netijesinde semizlige getirp bilýändigini subut etdi. Ondan başga-da, aspartamy rak keselini döretmäge ukyply goşundy hasaplaýarlar. Şol sebäpli hem, Pepsi içgisini öndürijiler bu süýji tagam beriji goşundynyň ýerine kaliniň asesulfamy bilen goşulan sukralozany ulanýarlar.

Şeýle-de, barlaglar gazlandyrylan süýjüli içgileriň köp kabul edilmeginiň beden süňkleriniň gowşamagyna we aýal maşgalalarda jyns gormonlarynyň emele gelmeginiň bozulmalaryna getirip biljekdigini subut etdi.

  • 2162 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Şu ýylyň 28-nji iýulynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Zika wirusynyň dünýäniň 70-e golaý döwletine ýaýrandygyny tassyklady. Gözegçilikler 9 ýyl dowam etdi, kesel esasan mör-möjekler arkaly geçirildi. Soňky iki ýylda bu wirus 67 sany döwletiň 64-de tapyldy. Şu ýylyň gyş aýlaryndan başlap wirusyň adamdan-adama (jyns gatnaşygy arkaly) geçiş ýoly hem hasaba alyndy. Wirusyň täsiri bilen täze dogan çagalarda duş gelýän dogabitdi şikeslenmeler barada dünýäniň 11 sany döwletinden BSGG-na habar gelip gowuşdy. Çagalarda mikrosefaliýa we nerw ulgamyň başga bozulmalary anyklanyldy. Birnäçe wirus ýokuşan aýalda çaganyň düşmegi, döwletleriň birnäçesinde Giýena-Barre sindromy bilen kesellän näsaglaryň köpelmegi hasaba alyndy. Keseli çybynlar geçirip, wirus esasan hem Amerika, Aziýa we Afrika sebitlerine giňden ýaýrady.

  • 1918 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Ýewropa himiki agentliginiň alymlary tatuaž geçirmek üçin ulanylýan reňkleriň howplulygyny subut edýän barlaglary geçirdiler. Bu reňkler zäherli bolup, dürli keselleri, şol sanda allergiki täsirliligi we rak keselini döretmäge ukyplydyr. Reňkleriň içinde iň zäherlisi gyzyl reňk bolup, zäherliligi boýunça soň gök, ýaşyl we gara reňkler bellenilýändir.

Alymlaryň tatuaž geçirmek meselesi bilen gyzyklanmagy tötänden däldir: Ýewropa ýurtlarynda tatuažyň ösýän meşhurlygyna seretmezden, käbit ýurtlarda (meselem, Beýik Britaniýa) ony geçirmek üçin ulanylýan serişdeleriň hil taýdan ygtyýarnamasy tassyklanmadykdyr.

Saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri hem tatuaž geçirmegiň düzgünleriniň bir bellenilen we gözegçilikde saklap boljak ülňülere salynmagynyň wajypdygyny belleýärler. Meselem, tatuaž geçirýän hünärmen, müşderinden gan akýan bolsa hem, bir gezek ulanylýan ellikleri geýmäge borçly däldir. Işlerinde bir gezek ulanylýan gurallary ulanmak barada hem kabul edilen berk talaplar ýokdur. Bu bolsa tatu-salonyň bir müşderinden beýlekisine ýokançlyklaryň aňsat ýaýrama ähtimallygyny ýokarlandyrýandyr.

  • 1654 gezek okalan

ÝODA ALYP BARÝAN UMYT

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.77 (22 Ses)

30-njy IÝUL – ADAM SÖWDASYNA GARŞY GÖREŞMEGIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜDIR.

Gündelik dünýä täzeliklerini görenimizde gowy habarlardan betbagtçylykly habarlar has agdyklyk edýär. Käbir meseleler, gynansakda, belli bir derejede hemme ýere mahsus meseleler bolup durýarlar: jynsy gulçulyk, maşgala içinde zulumlyk (esasan aýal maşgalalara garşy), jynsy erjeşme, islenilmedik göwrelilik. Bu ýagdaýlaryň esasy sebäpleriniň biri – garyplyk, ýagny ýeter-ýetmezçilik diýsek ýalňyş bolmazmyka diýip pikir edýärin.

Bulara öz rahat öýlerimizde, çaý başynda seredip, başgalaryň başdan geçirýän durmuşy wakalaryna biparh garamak örän aňsat. Eýsem bu betbagtçylyklarda çekilýän ejir her birimizde deň duýulmazmy ahyryn? Aramyzdaky sanlyja duýgudaşlyk bildirýänlerimiz bolsa bu meseleleri çözmekde özlerini güýçsiz, alaçsyz duýýarlar. "Eýsem biz nädip kömek edip bileris?" diýen soraglaryna jogap tapman, umytsyz, göwniçökgünlik bilen galýarlar.

Dowamy

  • 2644 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Dürli ýaşdaky 7 müň adamynyň gatnaşmagynda geçirlen, bäş ýyllyk barlaglaryň dowamynda alymlar şunuň ýaly netijä geldiler.

Barlaglar iýmitinde konserwirlenen önümleri kabul edýän adamlaryň ganynyň düzüminde dürli himiki maddalaryň ýokary mukdarynyň saklanýandygyny görkezdi.

Barlagçylar konserwalary iýmek bilen ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň, süýji keseliniň döremeginiň we gormonal bozulmalaryň arasynda ýakyn arabaglanşygyň bardygyny ýüze çykardylar.

Barlaga gatnaşyjylarda bisfenolyň ýokary mukdary ýüze çykaryldy. Bisfenol plastik önümleri öndürmekde we konserw gaplary örtüji serişde höküminde ulanylýar. Bu madda adam üçin juda zäherli bolup, konserwirlenen önümiň bir adama niýetlenen mukdary kabul edilende onuň bedendäki mukdary 24% ýokarlanýandyr.

Şeýle netijeleri alyp, alymlar öz howsalalaryny bildirýärler we konserwalary gowy görüjilere iýmitinde olaryň mukdaryny azaltmagy maslahat berýärler.

  • 1771 gezek okalan
1 1 1 1 1

Izwestiýa gazetiniň habar bermegine görä, düzüminde retinoid turşylygyny saklaýan serişdeler gizlin, täsirsiz wiruslary ýok edip, immun ulgamyna wirusly öýjükleri dargatmaga mümkinçilik berýändir.

AIDS dörediji wirusa garşy bejergi serişdeler ol diýen netijeli däldir, çünki zeperlenen öýjükleriň içinde gizlin ýatan wiruslar, bedende wiruslaryň köp bölegi ýok edilenden soň hem işjeňleşip bilýändir.

Amerikan alymlarynyň pikirine görä, retinoid tutşylygyny saklaýan serişdeleriň ulanylmagy diňe bir näsaglaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltman, eýsem AIW doly ýok etmekde päsgel berýän sebäplere garşy hem göreşmäge mümkinçilik döreder.

  • 1747 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Hünärmenleriň bellemegine görä, indiki ýylyň dowamynda rak, ýürek keselleri, emfizema ýaly çilimkeşlik bilen bagly keseller sebäpli 6 mln. adam öler.

Alymlar dörän ýagdaýy öwrenip, temmäki önümleriň ulanylmagynyň dünýä ykdysadyýetine 500 mlrd. amerikan dollary möçberinde zyýan ýetirýändigini we ol pullaryň lukmançylyk çykdaýjylara, zähmete ukypsyzlygyň öwezini dolmaga we ekologiki zyýançylyklary ýok etmäge sarp edilýändigini beýan etdi.

Çilimkeşlik döreýän ölümçiligiň her onunjy ýagdaýyna günäkärdir. Geçen ýyl bu ýaramaz endik sebäpli dünýäde 5,5 mln. adam öldi we bu sanlar ýylsaýyn ýokarlanar. Öňünden berilýän seljermeler, eger netijeli çäreler geçirilmese, 2020-nji ýylda çilimkeşligiň 7 mln. adamyň, 2030-njy ýylda bolsa 8 mln. adamyň ölüminiň sebäpkäri boljakdygyny äşgär etdi.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, geçen kyrk ýylyň dowamynda ösen ýurtlarda (ABŞ, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa) çilimkeşleriň sany azalyp, tersine, ösüp barýan ýurtlarda ýokarlandy.

  • 3582 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Rak öýjüklerini dargatmaga mümkinçilik berýän usuly Tehas Uniwersitetiniň alymy, dosent Metýu Gdowin öz ady bilen hasaba goýdy. Bu tehnologiýa iki sagadyň içinde rak öýjükleriniň 95%-den gowragyny ýok etmäge ukyplydyr. Täze usulyň esasynda howply döremä nitrobenzaldegid himiki birleşmesini göýbermek ýatýar. Bu madda çişiň dokumasyna aralaşyp we rak öýjükleriniň içinde turşy gurşawy emele getirip, öýjükleriň dargamagyna getirýändir.

Bu usul süýt mäzleriniň ragy bilen keselli näsaglarda barlanylyp, himiki madda göýberlenden soň howply çişiň iki esse kiçelendigi, näsaglaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga mümkinçiligiň dörändigi aýdyň göründi.

M. Gdowin bu usuly ulanmagyň ýakynlaşmasy kyn bolan ýerlerdäki howply çişleri bejermekde (meselem, beýniň sütüninde, oňurgada, aortada) peýdaly we netijeli boljakdygyna tama bildirýär.

  • 1730 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Eger çaganyň mekdepdäki ýetişigi pes bolsa, onuň sebäbini gijeki ukynyň hiliniň pesliginden, has takygy horlama häsiýetiniň barlygyndan hem gözleme dogry bolar. Çikago Uniwersitetiniň barlagçylary çaganyň hemişe horlamagynyň onuň ünsüni jemlemeginde we okuw sapaklaryny özleşdirmekde kynçylyk döredip biljekdigini anykladylar. Ukyda horlama netijesinde dem alşyň birnäçe gezek saklanmagy we dikeldilmegi bolup geçip, bu ýagdaý beýniniň gan aýlanşygyna ýaramaz täsir edýär. Ulalan badam şekilli mäzler we burnuň adenoid mäzleri çagalaryň horlamagynyň has köp duş gelýän sebäpleri bolup durýandyr.

Mekdep ýaşly 1359 sany çaganyň gatnaşmagynda geçirlen barlaglar, wagtal-wagtal döreýän horlamanyň hem ünslülik, ýatkeşlik we pikir etme häsiýetlerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini görkezdi.

  • 2188 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Zibilhanalardan bölünip çykýan zäherli maddalaryň howa düşmegi dem alyş ýollarynyň keselleriniň döremegine itergi berýär. Aerozol görnüşli we dürli himiki maddalaryň dargamagyndan döreýän zäherli maddalar (endotoksin) öýkeniň rak keseliniň döremegini 34%, başga keseller bilen keselçiligi bolsa 5% ýokarlandyrýar. Beýik Britaniýada her ýyl öýken ragy bilen keselçiligiň 45 müň ýagdaýy anyklanylyp, olardan 33 müň näsag kesel kesgidi goýlandan soň az wagtdan ýogalýarlar. Agtarmalaryň görkezişi ýaly, näsaglaryň köpüsi şäher zibilhanalaryň töwereginde ýa-da şäheriň ekologiki taýdan ýaramaz böleginde ýaşaýarlar.

  • 1829 gezek okalan