1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (9 Ses)

Numbai’s Nanavati Super Spesialty Hospital klinikasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, serotonin we dopamin gormonlarynyň ýetmezçiligi ruhy gamgynlylyk, ünsüň peselmegi, keýpiň bolmazlygy, öz-özüňe kast etmäge meýliň döremegi, göze görünmek we gulaga eşidilmek duýgylaryň döremegi ýaly saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklara getirip bilýär. Barlagyň awtory, neýrohirurg Mohiniş Bhwatiwaliň düşündirmegine görä, bedende bu gormonlaryň derejesiniň peselmegi adamyň keýpiniň bozulmagyna getirýär. Dopamin gormony keýpiň köklügini saklamaga kömek etse, serotonin emosional asudalygyň, ynamlylygyň saklanmagyna ýardam edýär. Bedende bu neýrohimiki maddalaryň kadaly saklanmagy üçin, alymlar fiziki işjeňligi saklamagy, ýoga bilen meşgullanmagy, dem alyş maşklary ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Şeýle-de, triptofan saklaýan önümleri, meselem, goňur tüwi, ýaglar, deňiz önümleri ýaly iýmitleri kabul etmek peýdaly netijeleri berip biler. Çünki triptofan beýnide serotonin gormonyna öwrülýändir. Hürärmenleriň pikirine görä, özüňi gowy duýmagyň iň peýdaly dermany – peýdaly iýmitlenme, dynç alma, halaýan işiň bilen meşgullanma we özüňe emosional ýaramly adamlar bilen gatnaşyk saklamadyr.

  • 1673 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

Bingempton uniwersitetiniň amerikan alymlary adamlary ikilik etmäge mejbur edýän geni tapdylar. Barlaglara 180 sany ýaş erkek adamlar gatnaşdylar. Olaryň hemmesiniň DNK-nyň nusgalaryny alyp, seksual häsiýetliligi barada soragnama geçirdiler. Seljermeler DRD4 görnüşli geni bolan erkek adamlaryň hiç hili jogapkärçilik duýmazdan jynsy gatnaşyklary geçirip bilmäge meýillidigini ýüze çykardy. Alymlar bu geniň beýniniň lezzetlilige jogap berýän merkezi bilen arabaglanşygynyň bardygyna güman edýärler. Ekspertleriň düşündirmegine görä, uzaga çekmeýän gatnaşyklary bu geni saklamaýan adamlar hem açýan bolsalar, bu geni göterijiler tertipsiz seksual gatnaşyklary geçirmäge has ýykgyn bolýarlar.

  • 2030 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (15 Ses)

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şu ýylyň ýanwar aýynyň 25-ne Latyn Amerikasynyň birnäçe döwletine ýaýran afrikaly Zikanyň wirusynyň, Kanadany we Çilini hasaba almanyňda, bütin Günbatar Ýarymşaryna howp salýandygyny habar berdi.

Zikanyň wirusy 1947-nji ýylda tapyldy. Ilkinji gezek ol Ugandanyň Zika tokaýlaryndaky rezus makaka maýmynlarynda tapylyp, birnäçe ýyldan soň adamlarda hem ýüze çykaryldy. Bu wirus çybynlar arkaly ýaýraýar, ýöne jyns gatnaşygy arkaly ýokuşmagyň mümkindigi barada hem maglumatlar bar.

Dowamy

  • 2200 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (22 Ses)

Biz geçen ýylyň gyzykly ylmy açyşlaryny size ýatladasymyz gelýär. Dünýäni antibiotiklere duýgur bakteriýalar "basyp" aldylar, sütünli öýjükleriň kömegi bilen agyr keseli üstün çykma, nobel laureatyna bolsa bagta baha bermek başartdy, emeli döredilen aşgazanasty mäz bolsa adamlarda üstünlikli ulanyldy.

Nobel baýragy: gyzzyrma, genetiki özgermeler we bagtlylyk

Nobel baýragynyň fiziologiýa we lukmançylyk ugrundan berilmegi ylymda 2015-nji ýylyň iň wajyp wakalarynyň biri boldy. Geçen ýyl gyzzyrma, onhoserkoz ýokançlyklaryna garşy derman döreden alymlary sylagladylar. Bu derman serişdeleri amaly lukmançylykda eýýäm giňden ulanylyp, millionlarça adamlaryň ömrüni halas etmäge kömek etdi.

Dowamy

  • 2565 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Rus lukmanlarynyň Ebola gyzdyrmasyna garşy waksina döredendigi barada Russiýanyň sarp edijilik gözegçiliginiň gullugynyň başlygy Anna Popowa habar berdi. A. Popowanyň aýtmagyna görä, hünärmenler döredilen waksinany hasaba goýmak üçin resmi kagyzlary taýynlaýarlar we gysga wagtda Ebola gyzdyrmasy ýokuşma töwekgelçiligi ýokary adamlara sanjym etmek mümkinçiligi dörär. Häzirki wagtda waksina synaglaryň soňky tapgyryny geçýär. Ondan soň serişde howply kesele garşy waksina ýetmezçiligi bolan ýurtlara iberiler.

  • 1148 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ABŞ-ky leselleriň öňüni alma we gözegçilik etme Merkeziniň ekspertleri geçen üç möwsümden tapawutlylykda, bu ýyl dümew (gripp) keseliniň ýaýrawly geçmejekdigini habar berýärler. Syn edilmesine görä, keselçiligiň ösüş derejesi Täze ýyl baýramçylygyna gabat gelýär. Bu döwürde garyndaşlaryň bilen duşuşma, baýramçylyk jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak dümew wirusynyň ýaýramagyna itergi berýär. Matematiki hasaplamalaryň kömegi bilen alymlar keselçiligiň ösüşiniň 2016-njy ýylyň fewral aýyna gabat geljekdigini kesgitlediler. Lukmanlar dümew keseliň ýeňil, gaýraüzülmesiz geçjekdigini belläp geçýärler. Olaryň düşündiriş bermegine görä, umumy ýagdaýyň erbetleşmegine we gyzgynyň galmagyna dümewiň wirusynyň birnäçe görnüşi getirýär. Bu ýyl kesel dörediji wirusyň bir görnüşiniň "gatnaşmagynyň" garaşylýandygy sebäpli, kesel hem ýeňil görnüşde geçer. Lukmanlar dümewe garşy öňümi alyş sanjymlary almadyklara, sanjymlary tizden-tiz almagy maslahat berýärler.

  • 1425 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Oregona Uniwersitetiniň alymlary biologiki işjeň aýnalary diş petikleri (plomba) üçin ulanyp boljakdygy barada aýdýarlar. Minerallaryň goşulmagy bilen ýasalan şeýle serişdeli diş petikleri dişleriň dargamagynyň öňüni alyp, diş dokumasyny ýetmeýän minerallar bilen üpjün edip bilerler. Şeýle hem, bu häsiýet karies keseliniň öňüni almaga hem kömek edip biler. Çünki bioligiki işjeň serişdeden ýasalan petikde agyz boşlugynda ýaşaýan bakteriýalar köpelip bilmeýärler. Şeýle petik kalsiniň, kaliniň we fosforyň oksidinden ybarat bolup, daşyndan kiçijik aýna bölejigine meňzeýändir. Bedeniň dokumalary bilen özara täsirliligi bolany üçin bu serişde "biologiki işjeň" diýip atlandyrylýar.

  • 1331 gezek okalan

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (17 Ses)

SAÝTYMYZYŇ HORMATLY OKYJYLARY!

Biz Täze ýylyň bosagasynda durus. Geçeninden sapak alyp, geljegine uly ynam bilen seretme adamzada mahsus häsiýetleriň biri bolup durýar.

Täze, 2016-nji ýyl bilen gutlap, Size berk jan saglygyny, rowaçlygy, üstünlik, hemme meýilleriňiziň we isleg-arzuwlaryňyzyň amala aşmagyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris.

Goý, Täze ýyl heriňiziň maşgala ojagyna bagtyýarlyk getirsin!

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 2663 gezek okalan

DÜRLI HALKLARYŇ TÄZE ÝYL DÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.81 (16 Ses)

Her ýurtda bu baýramçylyk özboluşly bellenilip geçilýär. Täze Ýyly belleme däpleriniň dürliligine garamazdan, olaryň esasynda geljege bolan ynamlylyk, täzeliklere we arzuwlara bolan ymtylyş, biri-biriňe hormat goýma duýgulary ýatandyr.

Argentina

Köne däbe görä, geçýän köne ýylyň soňky güni edaralaryň gullukçylary penjireden köne kalendarlary, gerek bolmajak iş kagyzlaryny zyňýarlar. Buenos-Aýresde eýýäm ikindinara pyýada geçelgeleri we maşyn ýollary kagyzlaryň galyň gatyna örtülen bolýar. Hiç kim bu däbiň haçan we nähili dörändigini bilenok. Ýöne täsin ýagdaýlaryň hem ýüze çykýan halatlary az bolanok. Bir gezek kelleleri gyzan bir gazetiň redaksiýasynyň işgärleri bütin arhiwi daşyna zyňaýypdyrlar.

Dowamy

  • 3086 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

J. Waşington adyndaky Saglyk görkezijilerini öwreniji institutyň işgärleri tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan aýallaryň we erkekleriň ölümçiliginiň esasy sebäpleri bellenip geçildi. Bu sanaw tertibi dünýäniň 108 döwletinden alnan köp maglumatlaryň öwrenilmegi netijesinde düzüldi.

Barlaglar netijesinde köp ýurtlarda ençeme ýyllaryň dowamynda ölümçiligiň esasy sebäbiniň gan basyşynyň ýokarlanma keselidigi anyklanyldy. Ondan başga-da, ekspertler tarapyndan erkekleriň we aýallaryň "jellady" höküininde çilimkeşlik hem anyklanylyp geçildi.

Dünýäde iki jynsyň hem ölümçiliginiň esasy sebäpleriniň sanawy aşakdakylardan ybarat:

1. Ýokary gan basyşy;

2. Çilimkeşlik;

3. Semizlik;

4. Ganda glýukozanyň ýokarlanmagy. Duzuň köp kabul edilmegi;

5. Ir-iýmişleriň iýmitde ýetmezçiligi;

6.  Howanyň hapalanmagy;

7.  Ýaşalýan öýleriň we önümçiligiň howasynyň hapalanmagy;

8. Holesteriniň ýokary görkezijileri;

9. Alkogol içgileriň kabul edilmegi;

10. Neşe serişdeleri.

  • 1506 gezek okalan