1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Stokgolmda 2015-nji ýyl boýunça fiziologiýa we lukmançylykda Hobel baýragynyň laureatlary bellenildi.

Baýragy ikä böldüler. Onuň bir bölegini mugthorlar tarapyndan ýaýradylýan ýokançlygyň bejergisiniň täze usuly üçin irlandiýaly Uilýam Kämpbell we ýaponiýaly Sagosi Omura aldylar.

Baýragyň beýleki bölegi gyzzyrma keseliniň bejergisiniň täze usuly üçin hytaý alymy Ýuýu Tu berildi.

Kämpbell bilen Omura onhoserkoz (derýa körlügi) we limfatiki filýariatoz bilen keselçiligi peseltmäge ýardam berýän derman serişdesini oýlap tapdylar. Ýuýu Tu gyzzyrma keselinden ölümçiligi peseldip biljek esasy derman serişdesi bolan artezimini açdy.

  • 1304 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Piwo içgisini halaýan adamlardan tapawutlylykda, çakyr içmegi halaýan adamlarda dyz bognunyň sowuklamasy seýrek duş gelýär. Piwo içgisini söýüjilerde bolsa, bogunlaryň sowuklama keseliniň (artrit) döreme töwekgelçiliginiň ýokarydygyny The Daily Mail belläp geçýär.

Hünärmenler 45-86 ýaş aralygyndaky, but we dyz bogunlarynyň artritinden ejir çekýän erkekleriň we aýallaryň 2000-iň endiklerini öwrendiler. Olary 1000 sany sag adamdan ybarat topar bilen deňeşdirdiler.

Içmeýän adamlar bilen deňeşdirlende, hepdede 20 we ondan hem köp birlik piwo içýän meýletinçileriň 93%-i dyz bognunyň zeperlenmegine sezewar boldular. Şonuň ýaly-da, olarda but bogny bilen bagly zeperlenmeler hem 2 esse köp duş geldi.

Hepdede 6 bulgur çakyr içýän adamlar bolsa, dyz bognunyň artritinden 44% seýrek ejir çekýärler.

Alymlar barlaglaryň netijelerini şeýle düşündirýärler: çakyrda antioksidant bolan polifenollar saklanyp, olar bogunlary sowuklamadan goraýarlar. Öz gezeginde, piwo içgisi bogunlary zeperlendirýän peşew turşulygynyň derejesini ýokarlandyrýar.

  • 1414 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Ýüregiň infarktynyň, insultyň we ýogyn içegäniň rak keseliniň döreme töwekgelçiligini peseltmek üçin, 50 ýaşly adamlara her gün aspiriniň az mukdaryny bellemelidir.

Öňüni alyş çäreleri boýunça amerikan garaşsyz topary, ýurek-damar ulgamynyň keselleriniň döreme ähtimallygy ýokary bolan we gan akmalar ýaly ýaramaz täsirleri döreme töwekgelçiligi pes bolan adamlara her gün aspiriniň bellenen mukdaryny kabul etmegi maslahat berýär.

"Berlen maslahatlar esasan 50 ýaşly adamlara degişli bolsa hem, lukmanlar beýleki çärelerden degişli netijeleri almaýan 60 ýaşly näsaglary hem nazara almalydyrlar" – diýip, Amerikan garaşsyz topary öz hasabatynda belleýär.

Şeýle bejergini ýaramaz täsirleriň döreme töwekgelçiligi bolmadyk, soňky 10 ýylda infarktyň we insultyň döreme töwekgelçiligi 10%-den pes bolmadyk adamlara maslahat berip bolýandyr. Belli bolşy ýaly, aspiriniň dowamly kabul edilmeginiň ýaramaz täsirleri höküminde iýmit-siňdiriş agzalaryna gan inme ýagdaýyny belläp bolýandyr.

Ýeri gelende, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň geçiren barlaglary esasynda, Ýer Togalagynyň ýaşaýjylarynyň biwagt ölüminiň sebäpleri barada toplanan maglumatlar barada aýtmak ýerlikli bolardy. Köp sebäpleriň arasynda esasy sebäp-ýürek-damar ulgamynyň keselleri anyklanyldy. Hasaplara görä, 2012-nji ýylda ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden 17,5 mln. adam ýogalyp, bu dünýä boýunça ölümçiligiň 31%-ni düzdi. Olardan 7,4 mln.adam ýüregiň işemiýa keseli netijesinde, 6,7 mln. adam bolsa insult sebäpli ýogalypdyr.

  • 1305 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alymlar üýtgedilen görnüşiniň çagalarda agressiw häsiýetliligi döredip bilýän geni ýüze çykardylar. Barlaglar Developmental Psycholigy žurnalynda çap edildi.

Psihologlaryň düşündirişine görä, 4 ýaşa çenli çagalarda agressiw häsiýetliligiň syn edilmegi kadaly ýagdaý hasaplanýar. Ýöne käbir ýagdaýlarda şeýle häsiýet bilen bagly kynçylyklar uly ýaşlarda hem dowam edýär. Şeýle ýagdaý beýle kynçylyklary çaga diňe jynsy kämillik döwründe dälde, ondan soň hem çekip biljekdigini äşgär edýär.

Barlagçylar üýtgeme netijesinde uly ýaşly çagalarda hem agressiw häsiýetliligi ýüze çykarýan geni tapdylar. Gen COMT adyny alyp, ol çagalyk döwründe sezewar bolnan ruhy sarsgynlyklar netijesinde üýtgemäge ukyplydyr.

  • 1685 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (11 Ses)

Günüň şol wagtynda erkek adamlaryň ganynda testosteronyň ýokarlanýandygyny göz öňüne tutup, alymlar jynsy gatnaşyklary üçin oňaýly wagty bellediler.

Jynsy gatnaşyklary geçirmegi irdene, has takygy sagat 5.48. meýilleşdirmek has oňaýly bolup durýandyr.

Irden çagy erkek adamlaryň ganynda testosteron gormonynyň iň ýokary mukdary bolup, ýagtylyk bolsa onuň has hem bölünip çykmagy üçin gipotalamusy tijendirýändir.

  • 2197 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Ýürek boýunça Britan Fondunyň alymlary göwrelilikden öňki hem-de şol döwürde peýdaly iýmitlenmegiň doga ýürek kemçilikli çagalaryň dogulma töwekgelçiligini peseldýändigini bellediler.

Balyk, gök we ir-iýmiş önümleri, maňyzlar, foliý turşylygy, witaminler, şol sanda süňkleriň we dişleriň saglygy üçin zerur D witamini göwreliler tarapyndan kabul edilmek üçin maslahat berilýän önümler bolup durýarlar.

Häzirki wagtda Angliýada döwlet meýilnamasy hereket edip, göwreli eneler ýörite berlen rugsatnamalar boýunça süýt we gök önümleri alyp bilýärler.

Tejribelere gatnaşan iki toparyň göwreli aýallarynyň saglyk ýagdaýlaryny derňäp, alymlar dogry iýmitlenen aýallardan doglan çagalaryň arasynda doga ýürek kemçilikleriniň has seýrek duş gelendigini bellediler. Howply doga bozulmalaryň arasyndan alymlar alynýürekara germewiň kemçiliklerini we "gök" doga kemçiligi bolan Fallonyň Tetradasyny belleýärler.

Ýüregiň doga kemçilikleri has ýygy ýaýran doga döreýän näsazlyklaryň biri bolup, Beýik Britaniýada doglan her 1000 çagadan 9 çagada duş gelýändir. Şonuň üçin hem, Ýürek boýunça Fonduň baş berhiz lukmany Teýloryň bellemegine görä, aýalyň göwrelilikden öň we şol döwürde dogry hem-de peýdaly iýmitlenmegi diýseň wajyp bolup durýandyr.

Teýloryň aýtmagyna görä, peýdaly iýmitlenme doga ýürek näsazlyklardan 100% goraglylygy üpjün etmese hem, aýallary peýdaly iýmitlenmäge itergi berýän goşmaça faktor bolup durýandyr.

  • 1490 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

Beden myşsalaryny ösdürme islegi amala aşyrma maksady bilen erkek adamlar steroid gormon serişdeleri kabul etmäge başlaýarlar. Şeýle serişdeleriň erkek önelgeliligine täsir edip biljekdigi barada lukmanlar belleýärler.

Ondan başga-da, türgenleşmeleriň ýygylygy, agramy gözegçilikde saklama maksady bilen kadaly iýmitlenmezlik hem önelgesizligiň we ruhy gamgynlylygyň döremegini ýokarlandyrýar. Barlagçylaryň bellemegine görä, beden gözelligi ugrundaky göreşiň netijesinde azoospermiýa –  dölde spermatozoidleriň bolmazlygy ýagdaýyny hem gazanyp bolýandyr. Ýöne oturymly, hereketsiz durmuş tertibi hem saglyk üçin howp salýandyr.

Adatça, jübütlerde bir ýylyň dowamynda çaga galmadyk ýagdaýynda, lukmanlar "önelgesizlik" kesel kesgidini belleýärler. Önelgesizlik ýagdaýlarynyň sebäbi köplenç belli bolman galýar. Ekspertleriň bellemegine görä, her üçünji erkek adamda önelgelilik bilen bagly kynçylyklar duş gelýändir.

  • 1575 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Oksford uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlarynyň bellemegine görä, içilýän gormon serişdeleri ýatgynyň rak keseline garşy uzakmöhletleýin goraglylygy döredýär.

Alymlaryň bellemegine görä, gormon serişdeleriň soňky 50 ýylda kabul edilmegi ýatgynyň rak keseliniň döremeginiň 400 müň ýagdaýynyň öňüni aldy. Bu görkezijiler bütin dünýäniň aýallarynyň lukmançylyk görkezijileriniň öwrenilmegi netijesinde toplandy.

Barlagyň ýolbaşçysy, professor Waleri Beral, kontraseptiw serişdeleriň bildirýän goraglylygynyň kabul edilmesi bes edilenden soň hem birnäçe onýyllyklara dowam edýändigini belledi. Bu bolsa, 20 ýaşda kabul edilen serişdäniň täsiriniň, 50 ýaşa etenden soň hem dowam edýändigini aňladýar.

Professoryň bellemegine görä, gormonal serişdeler ýumurtgalyklaryň rak keseliniň döremeginiň hem öňüni alýar. Bu serişdeleriň her 5 ýyl dowamlylykda kabul edilmeginiň, ýatgynyň we ýumurtgalyklaryň rak keseliniň döremegini takmynan 25-30% peseldýändigini alymlar belleýärler.

Alnan maglumatlar Demirgazyk we Günorta Amerika, Ýewropa, Aziýa, Awstraliýa ýurtlaryndan bolan 27276 aýalyň gatnaşmagynda geçirilen 36 sany lukmançylyk tejribeleriniň netijesi bolup durýandyr.

Barlaglaryň netijeleri The Lancet Oncology žurnalynda çap edildi.

  • 1589 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (14 Ses)

Şwed alymy, neýroimmunolog Manfred Şedlowski immun ulgamynyň ýagdaýynyň jynsy gatnaşyklarynyň häsiýetine baglylygyny öwrenýän tejribeleri geçirdi. Alymyň gelen netijesi şeýle: jynsy kanagatlanmadan soň bedende "ýok ediji" – killer öýjükleriniň derejesi 1,5 esse ýokarlanýar.

"Killer öýjükleri (başgaça fagositler) wirus bilen zeperlenen öýjükleri tanamaga ukyplydyrlar –  diýip, alymyň kärdeşi Peter Şlýaýher düşündirýär – Killer öýjükleri zeperli şeýle öýjükleriň içine aralaşyp, onuň özbaşdak dagamagyna ýardam berýärler. Şeýlelikde, eger jynsy gatnaşyklar killer öýjükleriniň derejesini ýokarlandyrýan bolsa, onda onuň diňe bedene oňaýly täsir etmän, immun ulgamynyň taplanmagyna hem ýardam berýändigi barada aýdyp bolar".

Saglyk üçin ýaramly bolup biljek jynsy gatnaşyklarynyň ýygylygy barada bolsa, alymlaryň pikirine görä, belli bir kesgitli maglumat berip bolmaýar. Hemme zat adamyň ýaşyna, hünärine, häsiýetine bagly bolup durýandyr.

Ýöne barlagçylaryň köpüsiniň bellemegine görä, hepdede 2-3 gezek geçirilýän jynsy gatnaşyklar saglyk üçin ýaramly bolup durýandyr. Bu pikiri ençeme barlaglar we sorag etmeler hem tassyklaýar.

Her gün (ýa-da günde birnäçe gezek) geçirilýän "seksual gahrymançylyklar" adamyny ýadadyp, onuň beden kuwwatlylygyny peseldýär. Alymlaryň bellemegine görä, adamlaryň köpüsi bu barada öwnüp gepleseler hem, hepdede 7 gün seksual gatnaşyklary geçirmeýärler.

  • 2951 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Hünärmenleriň bellemegine görä, suw heňiniň we suw akarlaryň dykylmagynyň öňüni almak üçin ulanylýan himikatlar deriniň gyjyndyrylmagyny döredip, deri keselleriniň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup bilerler.

Suw çüwdürimlerinde oturdylýan süzgüçler suwy diňe iri hapalardan arassalaýarlar. Fontanlarda bolsa guşlaryň, itleriň hem ýuwnup bilýändigini ýatda saklamalydyr. Deri kesellerinden başga-da, fontanlarda suwa düşmek ýiti içege ýokançlyklaryna, gastrit, peritonit, meningit we konýuktiwit kesellerine duçar bolmak üçin şert döredip bilýändir.

Fontanlarda suwa düşmek çagalaryň saglygy üçin has hem howply. Eger immun ulgamy gowşak çaganyň bedenine ýokançlyklary saklaýan suwuň birnäçe damjasy düşen ýagdaýynda hem dürli keselleriň döreme howpy ýokarlanýandyr.

  • 1766 gezek okalan