1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

sudan ayal gyzlarOnlarça ýyl bäri Sudanda aýal-gyzlara garşy zulum meselesi babatynda gürrüňem edilenokdy. Bu baradaky maglumatlar ýiti ýetmezçilik edýärdi – diýip UN News habar berýär.

2019-njy ýylyň Aprelinde Omar al Başiriň häkimýetden agdarylmagy bilen başa geçen täze hökümet zenanlaryň hukuklaryny goramagy ösdürmäge, aýal jyns agzasynyň kastrasiýasynyň jenaýatlaşdyrylmagyna, jynsy zulum barada aç-açan aýtmaga we barlaglar geçirmäge ýol beriljekdigini mälim etdi.

Dowamy

  • 979 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

merezyel habarBütin dünýäde erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň takmynan 7.5%-inde sifilisiň (merezýel) bardygyny BSGG-nyň täze barlagy görkezýär. Bu uly görkeziji öňüni alyp we bejerip bolýan kesellere garşy dessin çäreleri görmek üçin duýduryşdyr.

Merezýel keseli (sifilis) – dowamly weneriki kesel bolup, deriniň, nemli örtükleriň, içki agzalaryň, süňkleriň we nerw ulgamynyň şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýokuşma wagtyndan başlap, umumy ýokançly kesele öwrülýär we bejergi alynmadyk halatlarynda gaýtalama we gowşama döwürleriniň gezekleşmegi bilen geçýär.

Dowamy

  • 1137 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

stereotipler habar

Irki ýetginjeklik döwri barada geçirilen global barlagyň netijelerine görä, bütin dünýäde jyns stereotipleri ýetginjek ýaşda berk ornaşyp, ömürboýy saglyk näsazlyklaryna sebäp bolýar.

The Telegraph gazetiniň baş awtorlaryndan biri Karolin Maronyň aýtmagyna görä, gyzlar we oglanlar jynsy ýetişme döwründe biri-birinden örän tapawutly "dürli dünýälere" aýralanýarlar.

Dowamy

  • 958 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aybasy icki geyimGiňden elýeterli bolmasa-da, soňky ýyllarda ABŞ-da we Ýewropada aýbaşy döwründe geýmek üçin niýetlenen içki geýimleriň meşhurlygy artyp başlady. Aýal-gyzlar aýbaşy önümlerine ýylda müňlerçe dollar sarp edýärler, emma bularyň köpüsi daşky gurşaw üçin howply bolup biler. 

Ýaponiýanyň Osakada şäherinde egin-eşik kompaniýasynyň eýesi Maýumi Miýaguçi başlangyç we orta mekdep gyzlary üçin özüne siňdiriji içki geýim liniýasyny döretdi. Miýaguçiniň gyzynyň aýbaşysy gelip başlanda, oňa aýbaşy önümlerini göze ilmez ýaly, ýaşyryn saklamagy tabşyrar ekeni. Emma ol soňra, bu önümleri ulanmagyň hiç hili utanç däldigine we gyzlaryň olary gizlemeli bolýandygynyň geňdigine akyl ýetiripdir.

Dowamy

  • 1201 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Adamyň papillomawirusyna (HPV) garşy sanjymyňHPV habar käbir ýasy öýjükli täze döremeleriň öňüni almakda täsirlidigine garamazdan, ABŞ-da bu sanjymy alýan ilatyň sany pesligine galýar. Sanjyma bolan ikirjiňlenmeleriň we garşylyklaryň birnäçe sebäbi bolup, iň ýaýgyny howpsuzlyk aladalarydyr. COVID-19 pandemiýasy sanjymlaryň howpsuzlygyna bolan ynamsyzlygy has-da artdyrdy. Täzelikde geçirilen ylmy derňew zyýanly täsirleri ýa-da howpsuzlyk aladalaryny 11 ýylyň içinde HPV waksinasyny almazlygyň esasy sebäbi hökmünde öwrendi.

Dowamy

  • 825 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

fiziki temmiFiziki jezalandyryşa çagalara zeper ýetirýän zulumyň bir görnüşi hökmünde garalmagy barha artýar. Bu düşündirişli syn fiziki temmi berýänleri we syýasatçylary fiziki jezalandyryşyň täsirini öwrenen 69 sany uzak-möhletleýin ylmy barlagyň netijeleri bilen habardar edýär. Bu syn 7 esasy netijäni kesgitledi. Olar:

Dowamy

  • 918 gezek okalan

ALAN WAKSINAŇY KIM KABUL EDER?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

waksina pasporty1-nji iýulda, Ýewropa Bileleşigi sanly COVID-19 waksina pasportyny resmi taýdan işe girizdi. Bu sanly pasport soňky negatiw test netijelerini we öň COVID-19 ýokuşanlygyny hem görkezýär. Hindistanyň resmileri eger Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary Hindistanyň ýasan waksinalaryny ykrar etseler, hindi tarapy hem Ýewropanyň Derman Serişdeler Agentligniň "ýaşyl geçişini" (iňlisçe: green pass) kabul etjekdiklerini duýdurýarlar.

Dowamy

  • 714 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

menin durmusym porno dalAdam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň (HRW) Meniň durmuşym seniň üçin porno däl: Günorta Koreýada digital jynsy erjeşme jenaýatlary atly hasabatyna görä, Günorta Koreýada digital jynsy zorluk we erjeşme epidemiýasy pidalara ömürlik yz galdyrýan şikesler ýetirýär we ýurtdaky ähli aýal-gyzlara ýaramaz täsir edýär. Günorta Koreýanyň Kriminologiýa institutynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda bikanun wideo düşürmek bilen baglanyşykly jynsy jenaýat ýagdaýlarynyň sany 2008-2017-nji ýyllar aralygynda 11 esse artdy.

Dowamy

  • 922 gezek okalan

EL SALWADORDA ABORT ÝAGDAÝY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

el salwadorda abort yagdayySara Rogel (çepde) türmeden boşadylandan soň pres-konferensiýada söz sözleýär, San Salwador.

El Salwadorda bir aýal çagasyny abort etdirenlikde şübhelenip, 30 ýyl azatlykdan mahrum edilýär we möhletiniň üçden birine golaýyny tussaglykda geçirenden soňra, azatlyga çykarylýar. Bu waka sebitiň aborty berk gadagan etme meselesine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Şol wagt 22 ýaşyndaky Sara Rogel 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda, özüniň aýtmagyna görä, öý işleri bilen meşgullanýaka ýykylmagy netijesinde ganama başlap, keselhana baranda tussag edilipdi. Ol heniz dogulmadyk bäbegini öldürendigi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, 30 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Soňra höküm 10 ýyla gysgaldyldy.

Dowamy

  • 773 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

aybasy kasesinin muzeyiKöpleriň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegidigine garamazdan, uzak wagtlap gizlin galan zatlara üns çekmek üçin dizaýn kuratorlary, saglyk işgärleri we aktiwistler topary "Eneligi planlamak: Doguluşymyza sebäp bolýan we oňa päsgel berip bilýän zatlar" atly täze kitap we sergi seriýasyny döretdiler. Bu esbaplaryň arasynda: aýbaşy käsesini, göwüsden süýt sorup alyjyny, ginekologik aýnany we spiraly görmek bolýar. Bular adatça estetiki ýa-da üýtgeşik dizaýny üçin baha berilýän zatlaryň hataryna girmeýär.

Dowamy

  • 964 gezek okalan