• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • Sagdyn durmuş

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

yas tutyan yakynynaHaçanda gowy gatnaşýan adamyň ýakyn kişisini ýitirende, näme diýjegiňi bilmezligiň mümkin. Halk içinde adatça ilki bilen "yzy ýarasyn" ýa "jaýy jennet bolsun" ýaly sözler dile gelýär, emma bu sözler merhuma gönükdirilen bolup, yzynda ýas tutýanyň çekýän yzasyny ýeňletmekde täsirsiz bolup biler. Sen bolsa ýakynyňa onuň aladasyny edýändigiňi we kömege taýýardygyňy bildiresiň geler. Bu ýagdaýda hernäçe birhili görünse-de, ýakynyň bilen onuň başdan geçirip biljek duýgulary barada açyk gürleşmegiň iň ýerliklisidigini psiholog we ýas konsultanty Mekel Harris belleýär. Eger näme diýjegiňi bilmeseň, Harris we awtor Marisa Renee Lee dogry sözleri tapmakda etmeli we etmeli däl zatlary paýlaşýarlar.

Dowamy

  • 1352 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 revacCOVID-19 indi halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý däl hem bolsa, onuň täze ştamlary döremesini, ýaýramasyny we adamlaryň janyna howp salmasyny dowam edýär. Esasan-da gartaşan ýa hroniki keselli adamlar, göwreliler we immunoýetmezçilikli kişiler töwekgelçilik astyndadyrlar.

Howpsuz we netijeli COVID-19 waksinalarynyň kömegi bilen agyr kesellemäniň we ölümiň öňüni alyp bolýar. 2021-nji ýylyň özünde waksinalar azyndan takmynan 14.4 million adamyň janyny halas etdi.

Aşakdaky tablisadan öz COVID-19 waksinasiýa statusyňy barla we eger saňa sanjym almak gerek bolsa, maşgala lukmanyňa ýüz tut.

Dowamy

  • 1176 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tkm cagalaryn saglygyTürkmenistan 1993-nji ýylda Birleşen milletler guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna goşulyp, ençeme döwletler bilen birlikde çagalaryň hukuklaryny goramaga wada berdi. Ondan bäri Türkmenistanyň hökümeti Birleşen milletler guramasyna ýurtda çagalaryň saglyk-abadançylygy barada birnäçe gezek hasabat berdi. 2024-nji ýylyň hasabat diňlenilişiginde ýurduň çagalaryň hukuklaryny goramakda oňaýly özgerişlikleri geçirendigi, emma welin ösüşiň göwrümini we täsirini ölçemekde möhüm maglumatlaryň we aç-açan sanlaryň kemçilik edýändigi bellenildi.

Dowamy

  • 1186 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

nahardan son dykylyarsynmyHatda nahardan soň gapyňda gysga wagtlyk gezmelemek hem, naharyň gowy siňmesine, gandaky şekeriň (glýukoza) sazlanmasyna we gije has gowy uky almaga kömek edýär.

Uly baýramçylyk möwsümi hem geldi. Indiki birnäçe hepdäniň dowamynda sen bol iýmitler bilen bezelen saçaklaryň başynda ençeme gezek agyr-agyr iýmeli bolup bilersiň. Emma welin, garnyňy ýazanyňdan soň oturyp başga zatlara güýmenmegi dowam etmäge derek, daşarda gysgajyk ýöriş edip gelseň-de özüňi duýşuňda uly üýtgeşikligi başdan geçirersiň.

Dowamy

  • 1300 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

endamda doreyan duwurtiklerDüwürtik diňe ýüzde çykmaýar. Gyzarmalar we düwürtikler bedeniň islendik ýerinde ýüze çykyp bilýär, olar esasanda arkada, döşde we gollaryň ýokarky böleginde köp duşýarlar. Bedendäki düwürtikler kä adamy gijäp ýa-da agyryp bimaza etseler, käbirlerinde ýygralyga sebäp bolýarlar.

Dowamy

  • 1623 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

rulun basynda telefon ulanmaly dal"Diňe gyssagly jaň gelse jogap berýärin", "Sebäbi men tejribeli sürüji", "Diňe gelen hatlary barlaýaryn", "Diňe swetoforda durkam seredýärin…" ýaly sebäpleri ruluň başynda telefon ulanýan sürüjiler ýygy-ýygydan özlerini aklamak üçin berýärler. Emma welin, ulag sürýärkäň telefon ulanmagyň diňe bir bikanundygyny däl, eýsem seresaply sürüjiler bilen deňeşdireniňde heläkçilige uçramak ähtimallygyňy 240 esse artdyrýandygyny hem bilmelidiris.

Dowamy

  • 1232 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Aýbaşydan galmaaybasydan ynjalyk tebigy hadysa bolup, her aýda gelýän aýbaşynyň soňlanandygyny habar berýär. Bu döwürde aýallyk ýumurtgalary kem-kemden ýumurtga öýjügini bölüp çykarmagy bes edýärler. Aýbaşydan galma adatça 45-55 ýaş aralygynda başlanýar we giňişleýin 3 döwre bölünýär:

Dowamy

  • 1541 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

ko baglylykdan cykmak"Ko-bagly adamlar başgalary özlerinden beter söýýärler" diýip, bu temada ýazlan esasy kitabyň awtory Melody Beattie belleýär. Ko-baglylyk (iň: codependency) çynyň bilen islemeýän zatlaryňa hem "hawa" diýmekligi, ähli zadyňy taşlap, betbagtlyga uçran ýoldaşyňy halas etmäge dyrjaşmagy ýa-da ýarawsyz dogan-garyndaşyň barada yzyny üzmän gaýgy etmegi öz içine alyp biler.

Dowamy

  • 1652 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

demensiyanyn onuni alyp bolyarmyKöp adamlar demensiýanyň öňüni alyp bolýan keseldigine ynanmaýarlar, emma täze çykan hasabat demensiýanyň döremesine böwet bolup ýa-da ony gijikdirip bolýandygyny görkezdi.

Adamlaryň ömür dowamlylygy uzadygyça, dünýä ýüzünde demensiýa bilen ýaşaýanlaryň sany hem artýar. Şu ýyl The Lancet žurnalynda çap edilen demensiýanyň öňüni alyş, interwensiýasy we idegi boýunça hasabata görä, bejerilmedik körlük we ýokary holesterin demensiýanyň döremesi üçin töwekgellik faktorlarydyr.

Dowamy

  • 1578 gezek okalan