1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Loma Linda Uniwerstitetiniň lukmançylyk mekdebiniň alymlary et önümlerinden ýüz döndürmekligiň erkeklik tohumynyň hil we mukdar taýdan peselmegine getirýändigini kesgitlediler. Şol sebäpli, Meddaily neşirýaty wegetariançylygyň erkekleriň nesil öndürijiligini peseldip biljekdigi barada ýazýar.

Dört ýylyň dowamynda ekspertler iýmit önümleriniň erkeklik tohumlygynyň hiline edýän täsirini öwrendiler. Görlüp oturulsa, et iýmeýän erkek adamlaryň dölüniň 1 ml. mukdarynda 50 mln. erkeklik öýjükleri (spermatozoidler) saklanýar ekeni (et iýýänlerde 70 mln.). Ondan başga-da, et iýmeýän barlanýanlaryň spermatozoidleriniň pes hereketli bolýandygy hem anyklanyldy. Et iýmeýänleriň erkeklik öýjükleriniň umumy mukdarynyň diňe 1/3 bölegi kadaly hereketli bolýan bolsa, bu görkeziji et söýüjilerde 60%-e eýe bolupdyr.

Barlagçylaryň pikirine görä, soili önümleriň köp kabul edilmegi we peýdaly maddalaryň ýetmezçiligi şeýle kynçylyklaryň döremegine getirip bilýändir. Soýa öz düzüminde, täsiri boýunça aýal gormony estrogene meňzeş fitoestrogenleri saklaýarlar. Eger erkek adam ömrüniň dowamynda eti soýaly önümler bilen çalyşýan bolsa, onuň dölüň hiline täsir edip biljegi ikuçsyzdyr. Hünärmenler çaga etmegi meýilleşdirmezden 74 gün öň soýaly önümleri kabul etmekden saklanmagy maslahat berýärler.

  • 2076 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (19 Ses)

Gadyrly dost, jora!

Martyň 4-ne Saglyk.org "Türkmen aýdymlary we sagdyn durmuş" atly aýdym-saz bäsleşigini yglan edipdi. Saýtyň iş topary bäsleşige gatnaşyjylar sagdyn durmuş ýörelgeleriniň bähbitli taraplaryny görelde hökmünde döredijilikli, durmuşy we adamlary pikirlenmäge we üýtgeşmeleri girizmäge çagyrýan usullaryň üsti bilen görkezmäge ymtylarlar diýip umyt edipdi we baýraklary kesgitläpdi. Bäsleşik her adamyň çylşyrymly meseleleriň çözgüdüne pikirleri, döredijiligi bilen goşandyny goşyp biljegine ýnanyp gurnaldy.

Bu işe goşandyny goşup we gyzyklanma bildirip, bäsleşige gatnaşmak uçin diňe bir adam öz aýdymyny iberdi.

Resul Almyradow, 23 ýaşynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Harbin şäherinde okaýar. Resul boş wagtlarynda saz we goşgy düzýär.

Aýdymyň ady: Durmuş seň eliňde. (Ululygy 6.2 MB)

Resul, gatnaşanyňyz uçin Size tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Geljekde Siz ýaly ýaşlaryň sany köpeler diýip umyt edýäris. Okuwyňyzda üstünlik, janyňyzyň sag bolmagyny arzuw edýäris!

Saýtyň işgärler topary.{jcomments off}

  • 3221 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

INÇEKESEL WE ADAM GATNAŞYKLARY

Inçekesel özboluşly, geçişi jähtden ýaýbaňlanma häsiýetli bolup, inçekesel taýajyklarynyň (Kohuň taýajyklary, inçekeseliň mikobakteriýalary) bedene düşmegi hemişe diýen ýaly ýokuşma ýagdaýyna, seýrek ýagdaýlarda – keseliň işjeň görnüşiniň döremegine getirip bilýändir. Birinji gezek Kohuň taýajyklary bilen ýokuşma, çagalyk ýa-da ýetginjeklik döwründe, adamynyň bu bakteriýa bilen ilkinji galtaşygy netijesinde bolup geçýär. Bir-iki sany çaganyň dem alyş ýollaryna düşen Kohuň taýajyklary ýerli zeperlenme hadysalaryny döretse hem, bedeniň kesellere garşy durma ulgamynyň (immunitet) ýokary işjeňligi keseliň ýaýbaňlanmagyna ýol bermän, özbaşdak sagalma ýagdaýyny gazanmaga kömek edýär. Bu hadysalaryň hemmesi alamatsyz geçip, inçekeseliň işjeň görnüşiniň döremegine getirmeýär. Keseliň ýokuşmagynyň bolup geçendigi barada maglumaty lukmanlar Mantu synagyny ulanma netijesinde kesgitleýärler. Inçekeseliň ýokuşmagy bedende özboluşly immunologiki "yz" galdyryp, mundan beýläk bedeniň immun ulgamyna inçekeseli tanamaga we onuň bilen göreşmäge şert döredýär. Şeýlelikde, inçekesele garşy immunitet döreýär.

Dowamy

  • 4256 gezek okalan

NOWRUZ BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (16 Ses)

HORMATLY SAÝTYMYZYŇ OKYJYLARY!

Gözel Nowruzyň gelmegi tebigaty janlandyryp, oňa köpdürli reňkleriň öwüşginini, syrlylygy, owadanlygy we täze, täsin üýtgeşmeleri peşgeş berýär. Onuň gelmegi bilen adamlarda hem täze özgermelere, täzeliklere, ösüşlere bolan isleg döreýär.

Baýramyňyz bilen gutlap, Biz Size berk saglyk, göwünleriňiziň galkynmagyny, maşgala abadançylygyny, hemme maksatlaryňyzyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris. Durmuşyňyz ýylyň bahary ýaly ajaýyp bolsun!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 3668 gezek okalan

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (27 Ses)

Gözel baharyň gelmegi näzenin gelin-gyzlarymyzyň güni bolan 8 Mart baýramçylygy bilen utgaşyp, bu baýramçylyga aýratyn bir öwüşgin we syrlylyk berýär. Biziň enelerimiz, ýarlarymyz we uýalarymyz bu gün has hem näzenin, mähirli bolup görünýär. Şeýle günde olara ýüregiňden çykýan gutlag sözlerini, arzuwlary beýan edesiň gelýär.

HORMATLY ZENANLAR!

Biz hem Size berk jan-saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlygy, ýüregiňizde besleýän hemme arzuw-hyýallaryňyzyň bökdençsiz amala aşmagyny arzuw edýäris. Wagtyň öçürip bilmejek zenan gözelliligini saklap, hemişe söýüp we söýlüp ýaşaň.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.


  • 6534 gezek okalan

MIGRANTLAR WE HUKUK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (14 Ses)

"Meni hem hasap etme bilen 232 million
adam öz gelip çykan ýurdunyň daşynda ýaşaýarlar".

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun.

18-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Migrantlaryň Halkara güni bellenilip geçilýär. Bu gün her bir jemgyýetde iki sany esasy meseleleriň üstünde durup geçmek uçin mümkünçilik döreýär: millionlarça migrantlaryň Watanlaryna we göçüp baran ýurtlarynyň ykdysadyýetine edýän goşantlary barada gürrüň açmak we jemgyýetiň olaryň hak-hukuklary baradaky düşünjelerini artyrmakdyr.

Dowamy

  • 4085 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (16 Ses)

Ýokanç keselli näsaglary jemgyýetden daşlaşdyrmak, kowmak, olary masgaralamak, olary azatlykdan mahrum etmek saglyk ulgamyndaky ýaramaz tejribeler diýlip hasaplanylýar. Şunuň ýaly çemeleşme geçen döwürlerde, taryhda köpçüligiň saglygyny goramak uçin ulanylan netijeli usullar hasaplanypdyr. Penn State barlaglar uniwerstitetiniň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, bu usullaryň biziň döwrümizde ulanylmagynyň adamlara we jemgyýete edýan zyýanly täsiri peýdasyndan has köp bolup durýandyr.

Geçen zamanlarda adam jemgyýetden, bir topardan kowlan wagtynda dürli sebäplere görä çalt ölüpdir – iýmit ýetmezçilikden ýa-da ýyrtyjy haýwanlaryň pidasy bolupdyr. Toparlar biri-biri bilen aragatnaşykda bolmandyrlar, şonuň üçin hem bir topardan kowlan adam başga topar tarapyndan kabul edilmändir. Şeýle usul bilen ýokanç kesellerden goranmak adamzadyň irki dowrüniň aragatnaşyk kadalaryna laýyk amatly bolupdur.

Dowamy

  • 3212 gezek okalan

AIDS — SOŇKY TÄZELIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (21 Ses)

1-nji dekabrda AIDS keseline garşy göreşmegiň Halkara güni bellenilip geçilýär. Keseli dörediji wirus tapyldy, keseliň alamatlar toplumy hem kesgitlendi. Täsirliligi ýyldan-ýyla kämilleşýän antiretrowirus derman serişdeleri bilen bejergi geçirilip, AIW- göterijileriň we AIDS kesellileriň ömrüniň dowamlylygy uzaldylýar. Alymlar bu keselden doly we gutarnykly sagalmany üpjün edýän dermanlaryň we waksinalaryň gözleginde.

Dünýä habar beriş serişdeleri AIDS keseline degişli soňky täzelikleri habar berýärler.

Dowamy

  • 3535 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (18 Ses)

KÖÇE DÜZGÜNI WE SÜRÜJILER BARADA KELAM AGYZ SÖZ

Şu döwürde biziň durmuşymyzy awtomobilsiz göz öňüne getirmek ýeňil bolmasa gerek. Ýyldan-ýyla ösüp barýan tehnologiýalaryň netijesinde awtomobilleriň görnüşleriniň we sanlarynyň artýandygy hemmämize hem mälimdir. Ýer ýüzünde adamzat durmuşynyň köp ugurlarynda ulanylýan ulag serişdeleriniň esasylarynyň biri bolup durýan awtomobiller ulanylyşy boýunça adamzadyň öňünde köp meseleleri keserdip goýýar. Ol meseleleriň aglabasy ulanylşy babatynda ymykly öwrenmegi we uly ünsi talap edýändir. Eýsemde şu döwürde ulanylýan uly tizlikli awtomobilleri başarnyksyz, seresapsyz sürmek mümkinmi? Elbetde onuň jogaby köpler üçin aýdyňdyr. Şäherlerde geçen asyrda ulanylan dar köçelerden soňky 20-25 ýylyň dowamynda sany boýunça birnäçe gezek artan awtomobilleri sürmek örän uly seresaplylygy talap edýär. Hereketiň artýan köçelerinde çatryklarda sfetofor yşyklaryna laýyklykda 4-6 gezek gyzyl, ýaşyl çyranyň gezekli-gezegine ýanmagyna garaşmaly bolýar. Köçelerde dykyn emele getirýän awtomobilleri göreniňde bialaç kelläňi ýaýkaýarsyň we şol wagt ruluň başynda oturan sürüjileriň başdan geçirýän ahwalatlaryna duýgudaşlyk bildiresiň gelýär.

Dowamy

  • 3525 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (16 Ses)

SÜÝJÜLI DIABET BARADA NÄMELERI BILMELI?

Süýjüli diabet – aşgazanasty mäziň işläp çykarýan insulin gormonynyň ýetmezçiligi netijesinde döreýän dowamly keseldir. Ol iýmitler arkaly gana düşýän we dokumalary kuwwatlylyk bilen üpjün edýän glukozany beden öýjüklerine ýetirmäge kömek berýändir. Insulin ýetmezçiliginde ýa-da dokumalaryň oňa bolan duýgurlylygy peselen halatynda ganda glukozanyň derejesi ýokarlanyp – giperglikemiýa ýagdaýy döreýär. Bu ýagdaý beden agzalarynyň hemmesi üçin howply bolup durýandyr.

Dowamy

  • 4782 gezek okalan