1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.79 (19 Ses)

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleri!

Halkyň saglygyny goramak ugrunda Siz her gün ummasyz işleri amala aşyryp we bahasyna ýetip bolmajak Adam Saglygyny dikeldip, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga kömek edýärsiňiz.

Siz üçin şanly bu günde biz Size saglyk, maşgala abadançylygyny, şähtiňiziň hemişe açyk bolmagyny, tutýan meýilleriňiziň amala aşmagyny, siziň aňsat bolmadyk, şeýle zerur zähmetiňizde uly kämillik ösüşlere ýetip, abraýyňyzyň, hormatyňyzyň mundan ötri hem ýokarlanmagyny, işleriňiziň rowaç almagyny arzuw edýäris.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlag arzuwlary bilen,
saýtyň işgärler topary.

  • 2869 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.94 (16 Ses)

Şu gün www.saglyk.org saýtynyň öz işini başlanyna 3 ýyl boldy. Biz, saýtyň iş topary, bu saýty lukmançylyk ulgamyna degişli mowzuklar bilen tanyşdyrmak, möhüm lukmançylyk we sosial meselelere degişli soraglary beýan edip, okyjylarymyzy habardar etmek maksady bilen açmaga meýilleşdiripdik. Ýene bir esasy maksat – her bir mesele babatda biziň okyjylarymyzyň pikirlerini, garaýyşlaryny bilip, özara pikir alyşmalary, ýagny göni dialogy ýola goýmakdy. Saýt, Türkmen jemgyýetiniň saglyga degişli meselelerini galdyrýan we öwrenýän, jemgyýetçilik forumyna owürler diýip umyt edipdik.

Edilen işlere seredip, bu maksatlara ýetmek üçin ummasyz uly işleriň ýerine ýetirilendigini syn etseň bolýar. Geçen döwrüň içinde saýtda 360-a golaý makala taýynlanyp ýerleşdirildi, okyjylarymyzdan gelen dürli soraglaryň 343-ne lukmanlar tarapyndan jogap berildi, makalalarda galdyrylýan mesele barada öz pikirlerini we teswirlerini biziň okyjylarymyzyň 428 sanysy beýan etdiler. Şu döwrüň içinde işgärler topary "Maşgala saglygy", "Daşky gurşaw we adam saglygy" kitaplaryny, "Çagaňyzy neşe belasyndan halas ediň", "Inçekeselden goranmagy başar", "Prezerwatiw: saglygyň barada alada", "Arassa suw-sagdynlygyň gözbaşy" atly kitapçalary taýynlap okyjylarymyza ýetirmekde ägirt uly işi amala aşyrdylar.

Dowamy

  • 6031 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (6 Ses)

HORMATLY SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATYNYŇ IŞGÄRLERI!

Biz sizi saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size jan saglyk, maşgala agzybirligini, hemme meýilleriňiziň rowaçlyk bilen amala aşyp, ynsanyň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly, abraýly sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýäris.

Gutlaglar bilen,
saýtyň işgärler topary.

{jcomments off}

  • 3545 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (12 Ses)

Hirurgiýa bölümindäki näsag operasiýadan beter nämeden gorkýar? Lukmançylyk enjamlary öndürme ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ýokary derejeli agyrsyzlandyryjy usullaryň ulanylýan döwründe, operasiýa edilmeli näsaglar lukmançylyk gurallarynyň ýa-da donor ganynyň ýaramaz sterilizasiýa edilmegi zerarly ýüze çykjak  dürli ýokançlyklaryndan howatyrlanýarlar.

Dowamy

  • 4304 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)
Lukmanlar eýýäm 10 ýyl bäri Ora Quick  toplumyna  meňzeş testi  ulanýarlar. Indi test Amerikada hemmeler üçin elýeter bolar.

AIW-i  öý şertlerinde anyklamak üçin ilkinji toplum ABŞ-nyň sazlaýjy guramalary tarapyndan  tassyklanylyp, ýakyn günlerde satuwa çykarylar.

OraQuick ekspres testi tüýküligi barlap, onuň netijeler 20-40 minutdan belli bolýar.

ABŞ-nyň hökümetiniň baha bermegine görä, ýurduň  AIW-li 1,2 million  ilatynyň 20 % özleriniň bu kesele ýoluganlygyndan bihabardyr.

Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça Federal gullugy OraQuick testiniň dermannamasyz satylmagyna rugsat berdi. Bu AIW-i ýüze çykarmak üçin özbaşdak barlaglardan geçmek islemeýänler üçin örän wajypdyr.

Dowamy

  • 3166 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.61 (18 Ses)

Çaga näme üçin ýaramaz okaýar? Ol bir ýerde oturmaga asla kanagat etmeýär. Oňa bir zat öwretmek mümkin däl! Düşündirilýän zatlara-da üns bermeýär. Misli biri sapajyklardan çekýän ýaly, ol bir zatda-da ünsüni jemlemegi başarmaýar.

Ozallar şeýle çagalara garagol diýýän bolsalar, häzirki döwürde olara üns ýetmezçiliginiň we çenden aşa hereketjeňligiň sindromy (ÜÝHS) diýen kesgit goýulýar. Bu sindromyň aýdyň alamatlary çagalaryň arasynda 2,5% duş gelýär. Onuň ýeňil we aram görnüşleri bolsa iki esse artyk duşýar. Gyzlara garanda, oglanlar ÜÝHS  has ýygy sezewar bolýar. Keseli psihologlar we psihiatrlar bejerýär. Ýörite dermanlar hem ulanylýar. Ýöne çagalaryň köpüsine iýmit, has takygy, çaganyň iýmitinde käbir zatlaryň bolmazlygy hem kömek edip biler. Bu bejeriş usulyny 1970 ýylda amerikaly allergolog Ben Feýngold oýlap tapdy.

Dowamy

  • 4535 gezek okalan

ÖPÜŞMEGIŇ PEÝDASY WE ZYÝANY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (57 Ses)

"Piste dodaklaryň, bal agyzlaryň

 Altyn piýaladyr, gandu-şekerli"

Mollanepes

Pynhan posalar... Uzak wagtlap didarlaşmadyk dostlaryň ýa joralaryň salamlaşyp ogşaşmasy... Eýsem bu zyýanlymy ýa-da peýdalymyka? Bu barada gapma-garşylyklaýyn pikirler bardyr. Geliň, dürli nukdaýnazarlara garap geçeliň.

Dowamy

  • 16902 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (6 Ses)
Erkek adam üçin günüň dowamynda 1pintadan (0,567 litr) artyk piwo içmek howpludyr.

Alymlar 1 pintadan (567 ml) artyk piwo içmegiň  düwnük (rak) keseliniň döremek howpuny mese-mälim artdyrýar diýen netijä geldiler.

British Medical Journal (BMJ) lukmançylyk žurnalynda 363988 adam barada maglumatlary ýygnan ýewropa alymlarynyň geçiren barlaglarynyň  netijeleri çap edildi. Olar erkek adamlaryň  10-dan biriniň we aýallaryň 33-den biriniň alkogolly içgileri öň ýa-da häzirki wagtda aşa köp içendikleri sebäpli düwnüge ýolugandygyna şaýatlyk edýärler.

Alkogol sebäpli  erkeklerde  dörän düwnük keselleriniň 18%, aýallarda bolsa 4% alkogolly içgileriň aşa kop içilmegi sebäpli döreýär.

Dowamy

  • 6346 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Lukmanlar: "Güneşlemek zyýanlydyr" diýip gaýta-gaýta nygtaýarlar. Hawa, "güneşlemek howpsuzlygynyň" berjaý edilmedik ýagdaýynda olaryň diýýäni dogrudyr. Ýöne gün şöhlelerinden paýhasly peýdalanmagy başarýanlar welin güneşleme arkaly öz saglygyny berkidýändirler.

Gün şöhleleri ukyny sazlaýar

Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde gün şöhleleriniň uky gormony bolan melatoniniň işlenilip çykarylmagyna ýardam berýändigi subut edildi. Şonuň üçin-de, dogry güneşleme gije-gündiziň dowamyndaky bioritmleri sazlap, gijeki ukynyň berk we kadalay bolmagyna kömek edýär. Melatonin bolsa öz gezeginde serotonin (şatlyk gormony) we dofamin (lezzet gormony) gormonlarynyň işlenip çykarylmagyna ýardam berýär. Netijede, adamyň keýpi saz bolup, süýji önümlerine az ýykgyn edýär. Bu bolsa öz gezeginde bedeniň agramynyň kadalaýyk bolmagyna ýardam berýär.

Dowamy

  • 3786 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Amerikanyň lukmanlary günüň dowamynda üç sagatdan artyk oturmaýan adamyň ömri ortaça iki ýyl uzaýar (!) diýen netijä geldiler.

Alymlaryň nygtamagyna görä, telewizora seredip oturmaga sarp edilýän wagt günüň dowamynda iki sagada çenli azaldylan ýagdaýynda adamyň ömrüni ýene-de 1,4 ýyl uzaltmak mümkinçiligi döreýär.

Bu makala Beýik Britaniýanyň BMJ atly lukmançylyk žurnalynda  çap edildi.

Dowamy

  • 5579 gezek okalan