1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

Aýallaryň aglaba bölegi jynshanany ýuwma çäresiniň ýokançlyklardan goranmaga we ýaramaz yslary aýyrmaga kömek edýändigine ynanýarlar. Hakykatda bolsa bu bejerginiň täsiri ol diýen peýdaly däldir.

Lukmançylygyň doktory Eliza Ross jynshananyň öz-özünden arassalanmaga ukybynyň bardygy sebäpli, aýallara onuň içini ýygy ýuwmagy maslahat bermeýär. Sebäpsiz, ýygy ýuwulmalar onuň içinden peýdaly bakteriýalaryň ýuwlup aýrylyp, zyýanly ýokançlyklaryň ösmegine getirýän turşulyk-aşgar deňagramlylygynyň üýtgemeginiň sebäbi bolýar. Ondan başga-da, ýuwma üçin niýetlenen erginler allergiki täsirliligiň döremeginiň sebäbi bolup bilerler.

Eliza Rossyň bellemegine görä, her aýalyň özüne mahsus ysynyň bolmagy we onuň aýbaşy halkasynyň döwrüne we kabul edilýän önümleriň görnüşine baglylykda üýtgemegi adaty fiziologiki ýagdaýdyr. Meselem, sogan we sarymsak ýaly önümler aýalyň özüne mahsus bolan ysyny has hem güýjedip bilýär.

Doktor Ross aýallara diňe daşky jyns agzalary mylaýym suw bilen ýuwmagy maslahat berip, dürli ysly sabynlaryň derini guradýandygy sebäpli seýrek ulanylmalydygyny belleýär.

Ekspertiň bellemegine görä, jyns agzalaryň ysynyň üýtgemegi, eger ol kadasyz bölünip çykmalar bilen utgaşykda ýüze çykýan bolsa aýalyň saglygynda üýtgemeleriň bardygyndan habar berip biler. Kadasyz üýtgemeleriň ýüze çykandygyndan jyns agzalarda döreýän örgünler hem şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly ýagdaýlarda sebäpleri anyklap, degişli bejergi geçirmek üçin lukmana ýüz tutma hökmany bolup durýandyr.
 

  • 2169 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.94 (16 Ses)

Şu ýylyň maý aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän "Save the Children", ýagny "Çagalary halas etmek" atly garaşsyz gurama dünýäde sagdyn eneligiň ýagdaýlary boýunça (World’s Mothers’ report) ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabat 179 ýurtda ýaşaýan çaga dogran eneleriň ýagdaýlaryna ser salyp, netijeleri "indeks" görnüşinde jemleýär (Mother’s Index). Türkmenistan 179 ýurtlaryň arasynda 99-njy orny eýeleýär. Indeks bäş sany kriteriýany içine alýar: eneleriň saglygy, çagalaryň saglygy, eneleriň bilim, ygdysady we syýasy taýdan jemgyýetlerinde tutýän orunlary we mümkünçilikleri. 2000-nji ýyldan başlap çap edilip gelinýän bu ýyllyk hasabatda ene bolmak üçin iň amatly we howply ýurtlaryň sanawy görkezilýär.

Dowamy

  • 3726 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Barlaglaryň gidişinde alymlar 30 müň adamynyň maglumatlaryny öwrendiler. Ondan başga-da, barlagçylar 12 müň süýji keselli meýletinçileriň kesel taryhlaryna we 17 müň deňeşdirme üçin saýlanan adamlaryň ýagdaýyna seljerme geçirdiler. Netijede, alymlar ertirlik wagty iýilýän dürli şüleleriň süýji keseliniň döreme ähtimallygyny iki esse peseldýändigini subut etdiler.

Şüleleriň peýdaly häsiýeti olarda saklanýan süýümleriň mukdary bilen düşündirilýändir. Hünärmenleriň kesgitlemegine görä, şüleler bilen kadaly ertirlik edinýän adamlarda, bu önümleri seýrek iýýän adamlar bilen deňeşdirlende, süýji keseliniň döreme ähtimallygy 18% pesdir.

  • 1921 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Halkara alymlaryň topary bu ýokançlyga 800-den gowrak düýeleri barladylar. Iki ýaşly haýwanlaryň 90%-den gowragynda bu wirus bilen ýokuşma ýüze çykaryldy. Has hem bu wirus ýaş düýeleriň arasynda ýaýrawa eýedir.

Alymlar maldarçylykda geçirilmeli üýtgetmeleriň, bu wirusyň adamlaryň arasynda ýaýrama derejesini peseldip biljekdigini belleýärler.

Barlaglaryň netijeleri Emerging Infectious Diseases žurnalynda çap edildi.

  • 2215 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Angliýanyň Ekseter Uniwersitetiniň barlagçylary, her günki aýdym aýtmalaryň ukyda dem alma bilen bagly bozulmalaryň öňüni alyp biljekdigini äşgär etdiler.

Kentlewük we damak myşsalarynyň gowşaklygy horlamanyň sebäpleriniň biri bolup durýar. Sesiň dogry çykmagyny gazanmaga kömek edýän ýörite sapaklar ol myşsalary türgenleşdirmäge ýardam berýärler. Otolaringolog (Lor) lukmany Malkolm Hilton şeýle maşklary öz barlagynda ulandy.

Hünärmen öz barlagyna horlamadan we ukyda dem alşyň bozulmalaryndan ejir çekýän 127 adamyny gatnaşmaga çagyryp, olary iki topara böldi. Birinji toparyň gatnaşyjylary 3 aýyň dowamynda myşsalary türgenleşdiriji 20 minutlyk maşklary ýerine ýetirdiler. Sapaklar çylşyrymly bolman, gatnaşyjylaryň pikirine görä, olary aňsatlyk bilen ýerine ýetirip bolýardy. Ikinji topar deňeşdirmek üçin goýuldy.

Netijeler, hödürlenen aýdym aýtma usuly bilen işlän toparyň gatnaşyjylarynyň seýrek we ýuwaş horlap, olaryň ukysynyň hiliniň gowulaşandygyny beýan etdi. Öz işiniň netijelerini lukman International Journal of Otolaryngology and Head and Neck Surgery ylmy žurnalynda çap etdi.

  • 2042 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Maastriht Uniwersitetine degişli golland alymlarynyň bellemegine görä, bir gysym maňzyň kadaly iýilmegi biwagt bolup biljek ölümçiligiň öňüni almaga kömek edip biler.

Barlagyň barşynda alymlar 55-69 ýaş aralygyndaky golland erkek adamlarynyň we aýallaryň durmuşyna degişli maglumatlary öwrendiler we hemme meýletinçileriň ýaşaýyş düzgünini we iýmitleniş häsiýetini synladylar. Ondan soň, barlagçylar 10 ýylyň dowamynda olaryň ölümçilik derejesine syn etdiler.

Netijeler, günde azyndan 10 gr. maňyzlaryň haýsy-da bolsa bir görnüşini (grek hozy, findik, hindi hozy-keşýu, arahis) kabul edýän adamlaryň arasynda, 10 ýylyň dowamynda biwagt ýüze çykýan ölümçiligiň döreme ähtimallygynyň 23% peselendigini aýan etdi. Barlagçylar arahis ýagyny köp mukdarda ýagy we duzy saklaýandygy sebäpli zyýanly hasaplaýarlar.

Ekspertler maňyzlaryň kadaly kabul edilmeginiň howply täze döremeler, süýji keseli, dem alyş we nerw ulgamyny weýran ediji keseller bilen bagly ölümçilikden gorap biljekdigi barada düşündiriş berýärler.

Şeýle-de, hünärmenler maňyz iýmä ýykgyn edýän adamlaryň dogry iýmitlenmäge ymtylyp, köp mukdarda gök önümleri we ir-iýmişleri kabul edýändigini we zyýanly önümlerden gaça durýandygyny belleýärler.

  • 1993 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (18 Ses)

Häzir howp salýan MERS wirusyndan dörän birinji ölümçilik 2012 ýylyň iýun aýynda Saud Arabystanynda hasaba alyndy. Ýakyn Gündogar respirator sindromy (iňlis. Middle East respiratory syndrome – MERS) wirusynyň ýaýramagy Gündogar Koreýada täze pidalaryň döremegine getirdi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň habar bermegine görä, bu Ýakyn Gündogaryň çäginden çykýan iň uly ýokançlykly ojak bolup, täze koronawirus ýakyn galtaşykda bolan adamlaryň arasynda ýaýraýandyr.

BIZ TÄZE WIRUS BARADA NÄMELERI BILÝÄRIS?

Dowamy

  • 3978 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

Kembridž uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, iş öndürijiliginiň peselmeginiň esasy sebäbi – ukynyň ýetmezçiligidir. Öz gezeginde, iýmitlenme, çilimkeşlik we alkogol içgilerine ýykgyn etme, iş öndürijiligine ol diýen täsirini ýetirmeýär.

Synaglara iňlis kompaniýalarynda işleýän 21 müň sany meýletinçi gatnaşdylar. Barlaglaryň netijelerine seljerme berip, ýokary iş görkezijilerini gazanmak üçin 7 sagat dowamlylykdan az bolmadyk ukynyň zerurlygy kesgitlendi. Alymlaryň bellemegine görä, zyýanly endikler we iýmitlenme häsiýeti hiç hili täsirini ýetirmändir.

Ondan başga-da, alymlar maddy kynçylyklary bolan, psihiki bozulmalardan ejir çekýän, direg-hereketlendiriş ulgamynyň keselleri bolan we sport bilen meşgullanmaýan işgärleriň arasynda hem iş öndürijiligiň pesligini kesgitlediler. Şonuň ýaly-da, işde yzarlanýan, wagt ýetmezçiliginden kösenýän we ýakyn adamlaryna ideg edýän işgärleriň hem az öndürijilikli işleýändikleri äşgär bolsa-da, uky ýetmezçiligi bu görkezijä has güýçli täsir edýär.

  • 2009 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Erkek adamlar aýalyň aýagynyň uzynlygy ýa-da göwüsleriniň ululygy ýaly daşky sypatlar bilen deňeşdirlende, olaryň akyllylyk görkezijilerini has ýokary bahalandyrýarlar. Kembridž uniwersitetiniň biolog-ewolýusionist alymy Däwid Beýnbridžiň bellemegine görä, erkek adamlar akylly aýalyň jogapkär we aladaçyl ene bolup, çagalaryny dogry terbiýeläp biljekdigine düşünýärler.

Alym erkek adamlaryň arasynda sorag geçirip, şeýle ugurlary kesgitledi. Erkek adamlaryň pikirine görä, uly göwüsler köplenç görnüşi boýunça deň bolmaýarlar we aýalyň ýaşy ulaldygyça öz gözelligini ýitirýärler. Ondan başga-da, köp erkek adamlar uzynlygy ortaça görkezijilere deň bolan aýal aýaklaryny oňaýly hasaplaýarlar. Aýaklaryň göni bolmagy esasy talap bolup, göni aýaklar saglygyň alamaty bolup durýarlar.

Öz gezeginde başga barlaglar, etli-ganly zenanlaryň köplenç akylly çagalary dünýä indirýändigini görkezdi. Çaganyň nerw ulgamynyň we beýnisiniň gurluşy üçin köp ýag gerek bolýar. Çaganyň beýnisi üçin zerur bolan dokozageksaýen turşulygynyň 80%-den gowragy enäniň ýag toplamalaryndan emele gelýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu ýagdaý ewolýusion nukdaýnazardan, erkekleriň näme sebäpden "eti-gany ýerinde", "tyňkyja" aýallary halaýandygyny düşündirmäge esas döredýär.

  • 2138 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Saglygy goraýyş ulgamynyň ekspertleriniň aýtmagyna görä, temmäki önümleriniň ulanylmagy sebäpli bolup biljek ölümçiligiň 70%-i ösüp barýan ýurtlaryň paýyna düşer.

Bu görkezijiler, temmäki önümleri sebäpli döreýän keselleri, dünýäde öňüni alyp boljak kesellere degişli edip boljakdygyny görkezýär. Ýaşaýyş endikleriniň üýtgemegi sebäpli, soňky ýyllarda çilim çekýän aýallaryň sany 20% ýokarlandy. Ondan başga-da, ýetginjekleriň arasynda çilim çekýänleriň sany barha köpelýär.

Häzirki wagtda, temmäki önümlerine garaşly bolma endigi demgysma, gan basyşyň ýokarlanmagy ýaly dowamly geçýän beden keselleri bilen bir hatarda goýulýar.

Çilimkeşlik – köräp duran temmäki tüssesini sorup alma bilen häsiýetlendirilýän ýaramaz endikdir. Temmäki tüssesi diňe bir çilimkeşiň saglygyna zyýan ýetirmän, eýsem töweregindäki adamlara (passiw çilimkeşlik) hem täsirini ýetirýär. Tüssäniň işjeň bölegi bolan nikotin öýkenleriň üsti bilen umumy gan aýlanşyga düşýär. Nikotinden başga-da, temmäki tüssesinde temmäki ýapraklarynyň ýanmagy we çilimiň tehnologiki taýdan işlenilmegi netijesinde döreýän maddalar saklanyp, olar gyjyndyryjy, umumy zäherleýji we howply täze döremeleri emele getiriji täsirli bolup durýandyrlar.

  • 1993 gezek okalan