1-nji dekabr: AIDS keseline garşy göreşmegiň halkara güni.
Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA) sebitinde jemgyýetçilik saglygyny we hukuklaryny öňe sürmekde iş alyp barýan AFEW International guramasynyň maý aýynda çykaran hasabaty GÝMA sebitinde AIW bilen ýaşaýan aýallaryň ýüzbe-ýüz bolýan diskriminasiýasyny we utanjyny ölçeýär.
AIW bilen baglanyşykly utanç duýgusy daşky ýa-da içki utanç görnüşinde kabul edilýär. Daşky utanç duýgusyna AIW bilen ýaşaýan adamlar barada negatiw pikir edýän köpçülik sebäp bolýar. AIW bilen ýaşaýan adamyň öz-özüne bolan negatiw garaýyşlary bolsa, içki utanja alyp barýar.
Dowamy
20-nji noýabrda Birleşen milletler guramasynyň Türkmenistandaky çagalar gaznasy (ÝUNISEF) görüş ukyby pes çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen türkmençe ýazgylary sese geçirýän sanly ses programmasyny ulanyşa çykardy.
ÝUNISEF programmany Türkmenistanyň Bilim ministrligi, kömekçi tehnologiýa boýunça iş alyp barýan ATScale global hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti hem-de okamak we ýazmak maýyplygy bolanlar üçin ýazgylary sese geçirýän Louder Pages guramasy bilen hyzmatdaşlykda döretdi.
Dowamy
Özbegistanyň Saglyk ministri Amrillo Inoýatow Namangan regionyndaky çagalaryň zäherlenmesiniň sebäbiniň ýoduň artykmaç dozasydygyny belläp, şeýle diýdi: "Ministrlik munuň artykmaç dozadygyny 100% boýun alýar. Bu ýagdaý bilen baglanyşykly ähli jogapkär işgärler kanunyň öňünde jogap berip başlarlar".
Dowamy
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) we Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) bilelikdäki çaklamalaryna görä, günüň aşagynda işlemek deriniň melanoma däl rak keselinden ölümçiligiň üçden birine sebäp bolýar. 2019-njy ýylda 1.6 milliard işe ukyply ýaşdaky adamlar (15 ýaş we ondan ulular) daşarda işläp, günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsirine sezewar bolupdyr. Bu ähli işe ukyply ýaşdaky adamlaryň 28%-ine deňdir. Diňe 2019-njy ýylda 183 ýurtdan 19,000 töweregi adam daşarda günüň astynda işlänligi sebäpli deriniň melanoma däl rak rak keselinden ölýär. Ölenleriň 65%-i erkekler.
Dowamy
BSGG
görä, inçekesel dünýäde adam ölümçiliginiň 13-nji sebäbi we ýokanç keselleriň arasynda COVID-19-dan soň ikinji ýerde durýar. Gyrgyzystanda inçekesel hadysalary Merkezi Aziýada iň ýokary bolup, 100.000 adamdan 130-sy inçekesel bilen keselleýär (Täjigistan – 88, Gazagystan – 74, Özbegistan – 62, Türkmenistan – 47).
Dowamy
Saglyk garyplygy adaty garyplykdan has giň ýaýbaňlanandyr. Policy Wisdom LLC jemgyýetçilik saglygy boýunça maslahat beriji kompaniýanyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Ana Rita Gonzaleze görä, saglyk garyplygy – bu adamyň saglygyny gowulandyrmak üçin anyklaýyş barlaglaryna, degişli bejergilere we beýleki hyzmatlara elýeterliliginiň bolmazlygydyr.
Dowamy
Aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk (APH) indeksi Georgetown Institute for Women, Peace and Security we PRIO Gender, parahatçylyk we howpsuzlyk merkezi bilen bilelikde Norwegiýanyň daşary işler ministrliginiň goldawy bilen 2017-nji ýyldan bäri her iki ýylda bir gezek çap edilýär. 2023-nji ýylyň APH indeksi 177 ýurtda aýallaryň statusyny üç ölçeg boýunça bahalandyrýar:
Dowamy
Sentýabrda bir adam öňki aýalyny zorlany üçin gözegçilikde saklanylýan döwründekä, öňki aýalynyň burnuny we gulaklaryny kesdi. Jenaýatçy indi türmede, ýöne pida jenaýatçynyň öňden türmä salynmandygy üçin gynanýar we gaharlanýar. Ozal aýalyna haýbat atanlygy, zorlanlygy we zalym daraşanlygy üçin jenaýatça diňe tussaglykdan şertli boşadylmak hökümi berlipdi.
Dowamy
Täze barlaga görä, antibiotikler adaty çagalyk infeksiýalaryna garşy aladalandyryjy derejede durnuklylyk görkezýär. Bu täze bejergileri gyssagly oýlap tapmak zerurlygyny ýüze çykarýar.
Dowamy
Süýji keseli
(diabet) hroniki kesel bolup, haçanda aşgazanasty mäz ýeterlik insulin bölüp çykarmasa ýa-da beden bölünip çykýan insulini netijeli ulanyp bilmese ýüze çykýar. Insulin gandaky şekeri (glýukoza) sazlaýan gormondyr. Gandaky şekeriň ýokarlanmasy ünsden düşürilse, beden ulgamlaryna, esasan-da nerw we gan damarlaryna çynlakaý zeper ýetirýär. Süýji keseli körlügiň, böwrek durmasynyň, insultyň, beýnä gan inmäniň we beden bölekleriniň kesilip aýrylmagynyň iň uly sebäbidir.
Dowamy