Opioidiň artykmaç dozasyna garşy ömri halas ediji derman ABŞ-nyň dükanlarynda satylmaga başlady.
Derman öndüriji Emergent BioSolutions-a görä, naloxone dermanynyň Narcan görnüşi burun spreýi görnüşinde bolup, onuň 2 dozasynyň bahasynyň $45 bolmagyna garaşylýar. Derman dermannamasyz satyn almaga dükanlarda we onlaýn elýeterli bolar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda COVID-19-a garşy jogap" taslamasynyň çäginde derman serişdeleriniň täze tapgyryny üpjün etdi:
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalarynyň we dokumalarynyň sanawyny tassyklady. Resminamanyň teksti Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk namalary portalynda çap edildi.
Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň aglabasynda bolşy ýaly, Özbegistanda hem maýyplara güzeran aýlamak aňsat däl. Saglyk we sosial uýgunlaşma meselelerinden başga-da, maýyplara iş tapmak we özlerini jemgyýetde ähmiýetli agza hökmünde duýmaklary kyn. Döwlet kanunlaryna we goldaw maksatnamalaryna garamazdan, şäherleriň we etraplaryň köpüsinde olary durmuşa geçirmegiň mehanizmleri, ornaşdyrylan infrastruktura, oňaýly gurşaw we iş üpjünçilik ulgamy ýetmezçilik edýär.
"Şekerli içgiler" diýlip düzümine şeker ýa-da beýleki süýjedijiler (ýokary fruktozaly mekge siroby, saharoza, miwe şiresiniň konsentraty we baş.) goşulan islendik içgä aýdylýar. Bu içgilere mysallar: gazlandyrylan içgiler, kola, lemonad, sowuk çaýlar, tonik, poroşok görnüşli napitoklar, sport we energiýa içgileri. Ösüp barýan ýurtlarda urbanizasiýanyň we içgi marketinginiň netijesinde şekerli içgileriň sarp edilişi güýçli depginde ýokarlanýar.
2022-nji ýylyň ahyrynda ABŞ-da aborta garşy toparlar ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri agentliginiň (FDA) mifepriston dermanyny tassyklamagyna garşy esassyz kazyýet işini açdylar. Mifepriston irki göwreliligi togtatmak üçin giňden ulanylýan iki dermanyň biridir. Aborta garşy toparlar dermanlar barada ýalňyş beýanlary ýaýratmaga synanyşdylar, emma olar alymlar we lukmançylyk edaralary tarapyndan ret edildi.
Özbegistanda 65 sany çaga Marion Biotech hindi kompaniýasynyň öndüren sirobyny içenden soň öldi. Ýanwaryň başynda siropdan 20 çaganyň ölendigi habar berlipdi we ölenler barada goşmaça maglumat aýan edilmändi.
Ölümçilik hadysalary "Doc-1 Max" atly sirop bilen baglanyşdyrylýar. Meselä jogap hökmünde Özbegistanyň Derman senagatyny ösdürmek agentligi Marion Biotech kompaniýasynyň ähli dermanlaryny, şol sanda "Cinepar Kid", "Travamax" we "Ambronol" dermanlarynyň satuwyny togtatdy.
COVID-19-yň EG.5 ştamy (başgaça Eris diýlip atlandyrylýar) beýleki ştamlardan üstün çykyp, ABŞ-da we Birleşen Patyşalykda (BP) agdyklyk edýän ştama öwrüldi. Häzirki wagtda, bu ştam ABŞ-daky ähli hadysalaryň 17.3%-ini we BP-daky hadysalaryň 14.6%-ini düzýär. Emma, Keselleriň öňüni alyş merkeziniň (CDC) görkezijileriniň doly däldigini Marketwatch gullugy belleýär. EG.5 ştamynyň haýbatly lakamy "Eris" grekleriň jenjel hudaýynyň ady bolmagyna garamazdan, alymlar munuň beýleki ştamlardan howply däldigini we waksinalaryň oňa garşy täsirlidigini aýdýarlar.
Uzak dowam edýän COVID-19-yň giň ýaýbaňlanan simptomlarynyň biri hem hroniki ýadawlyk bolup, bu iň nädogry düşünilen alamatlardandyr. "Ýadawlyk diňe aklyňda bolup geçýän zat" diýip, ondan ejir çekýän adamlara köplenç mert bolmak maslahat berilýärdi. Bu bolsa dartgynlylykdan soň bedeniň halsyzlygynyň (PEM) ýitileşmegine getirýär.
Ýönekeý ýadawlykdan ötri: PEM bolan adamlar alawlaýan, dümewlemede ýüze çykýan zäherlenmä meňzeş agyrylary başdan geçirýärler.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.