Awgustyň başynda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy dogrumdan soňky depressiýany (DSD) bejermek üçin ilkinji gerdejigi tassyklady. DSD giň ýaýbaňlanan, emma ýeterlik bejerilmeýän ýagdaýdyr.
Zurzuvae markasynyň "zuranolone" atly dermany göwrelilik bilen bagly agyr depressiýany başdan geçirýänler üçin niýetlenip, 3 günde simptomlary ýeňilleşdirip bilýär. Ozal dermanyň diňe wena damarynyň içine goýberilýän ergin görnüşi elýeterlidi.
Dowamy
2022-nji ýylda Türkmenistanyň iki sany uly nebit-gaz ýataklaryndan çykan metan zyňyndylarynyň sebäp bolan bütindünýä maýylganlygy tutuş Birleşen Patyşalygyň kömürturşy gaz (CO2) zyňyndylarynyň döreden maýylganlygyndan hem geçdi. Bu iki türkmen gaz ýataklaryndan howa zyňylan CO2 möçberi 366 tonna ýetdi.
2007-nji ýyldan bäri, bütin dünýäde metan zyňyndylary barha artyp gelýär – munuň bolsa maýylganlygyň derejesini 1.5 gradusdan aşakda saklamagy kynlaşdyrjakdygyny alymlar aýdýarlar.
Dowamy
Zeýnep Ibrahim kyzy gyrgyz we iňlis dillerinde çykan "Өзгөчө бөбөгүм" (Aýratynlykly oglan jigim) çagalar kitabynyň awtory we autizmli Urmat atly oglanjygyň uýasydyr. Urmatyň ejesi Baktygul Çynybaýewa bolsa, žurnalist, ýazyjy we ululara niýetlenen "Аутизм менен жашоо" (Autizm bilen ýaşamak) atly kitabyň awtory.
Dowamy
26-njy iýulda BSGG ýaýraň sklerozy, ragy, ýokanç keselleri we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary öz içine alýan Esasy dermanlaryň (EDS) we Çagalar üçin esasy dermanlaryň (EDSç) model sanawynyň täze neşirini çap etdi. Täzelenen sanaw kliniki taýdan peýdalary subut edilen innowasion dermanlara elýeterliligi ýeňilleşdirmek üçin taýýarlanyldy.
Dowamy
Bir ýyl gijikmeden soň, Milli saglyk instituty (NIH) 1.5 milliard dollarlyk täze "RECOVER Initiative" gözleg maksatnamasynyň çäginde, uzak dowam edýän COVID-iň bejergilerini barlagdan geçirmek üçin ilkinji kliniki synaglara başlaýar.
Dowamy
Dowamy
COVID ýokuşsa-da keselden ejir çekmedik birini tanaýaňmy? Ýa-da ýoldaşy erbet syrkawlasa-da, özüne wirusyň ýokuşman geçendigini aýdýan adamlar bardyr.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, COVID ýokuşan adamlaryň 20% -den gowragynda hiç hili simptom ýüze çykmandyr we olaryň käbiri wirusyň ýokuşandygyndan hem habarsyz galypdyrlar. Täze barlaga görä, olaryň wirus bilen syrkawlamazlygynyň sebäbi genetika bolmagy mümkin.
Dowamy
Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda ulularyň we çagalaryň arasynda semizlik epidemiýasy ýaýbaňlanan. BSGG-nyň Ýewropa sebitindäki ulularyň 60%-i we mekdep ýaşyndaky çagalaryň üçden bir bölegi aşa semiz ýa-da semiz.
Merkezi Aziýada 6-9 ýaş aralygyndaky her üç çaganyň biri aşa semiz ýa-da semiz. Aşa agramly çagalaryň iň azy Täjigistanda (10% -den az) bolup, ikinji orunda Gyrgyzystan (~10%), üçünji ýerde Türkmenistan (10% -den biraz kän) we dördünji orunda Gazagystan (20% -den az) durýar.
Çagalar aşa şekerli gazlandyrylan içgileri köp mukdarda sarp edýärler.
Dowamy
Esasan hem, COVID-19 pandemiýasy döwründe dezinformasiýanyň köpelendigine garamazdan, sosial mediýa dünýädäki millionlarça adama wirus barada öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat etdi. Birnäçe gözleglere görä, sosial mediýany yzygiderli ulanýanlar wirus barada has köp bilýärler we saglyk gollanmalaryna eýerýärler.
Dowamy
Dowamy