26-njy iýulda BSGG ýaýraň sklerozy, ragy, ýokanç keselleri we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary öz içine alýan Esasy dermanlaryň (EDS) we Çagalar üçin esasy dermanlaryň (EDSç) model sanawynyň täze neşirini çap etdi. Täzelenen sanaw kliniki taýdan peýdalary subut edilen innowasion dermanlara elýeterliligi ýeňilleşdirmek üçin taýýarlanyldy.
Dowamy
Bir ýyl gijikmeden soň, Milli saglyk instituty (NIH) 1.5 milliard dollarlyk täze "RECOVER Initiative" gözleg maksatnamasynyň çäginde, uzak dowam edýän COVID-iň bejergilerini barlagdan geçirmek üçin ilkinji kliniki synaglara başlaýar.
Dowamy
Dowamy
COVID ýokuşsa-da keselden ejir çekmedik birini tanaýaňmy? Ýa-da ýoldaşy erbet syrkawlasa-da, özüne wirusyň ýokuşman geçendigini aýdýan adamlar bardyr.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, COVID ýokuşan adamlaryň 20% -den gowragynda hiç hili simptom ýüze çykmandyr we olaryň käbiri wirusyň ýokuşandygyndan hem habarsyz galypdyrlar. Täze barlaga görä, olaryň wirus bilen syrkawlamazlygynyň sebäbi genetika bolmagy mümkin.
Dowamy
Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda ulularyň we çagalaryň arasynda semizlik epidemiýasy ýaýbaňlanan. BSGG-nyň Ýewropa sebitindäki ulularyň 60%-i we mekdep ýaşyndaky çagalaryň üçden bir bölegi aşa semiz ýa-da semiz.
Merkezi Aziýada 6-9 ýaş aralygyndaky her üç çaganyň biri aşa semiz ýa-da semiz. Aşa agramly çagalaryň iň azy Täjigistanda (10% -den az) bolup, ikinji orunda Gyrgyzystan (~10%), üçünji ýerde Türkmenistan (10% -den biraz kän) we dördünji orunda Gazagystan (20% -den az) durýar.
Çagalar aşa şekerli gazlandyrylan içgileri köp mukdarda sarp edýärler.
Dowamy
Esasan hem, COVID-19 pandemiýasy döwründe dezinformasiýanyň köpelendigine garamazdan, sosial mediýa dünýädäki millionlarça adama wirus barada öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat etdi. Birnäçe gözleglere görä, sosial mediýany yzygiderli ulanýanlar wirus barada has köp bilýärler we saglyk gollanmalaryna eýerýärler.
Dowamy
Dowamy
Johnson & Johnson (J&J) kompaniýasy inçekeseli bejermekde ulanylýan dermanynyň nusgalaryny başga kompaniýalara öndürmäge rugsat berdi. Indi, jany halas ediji inçekesel bejergisi pes we orta girdejili ýurtlarda ýene müňlerçe adama elýeterli bolar.
Elýeterlilik üçin uzak garaşyldy: Bedaquiline gerdejigi 2012-nji ýylda tanyşdyryldy we tizara köp dermana çydamlylyk görkezýän inçekesel bejergisiniň möhüm dermanyna öwrüldi. Ýöne, derman gymmatlygy sebäpli ençeme ýurtlarda elýeterli däldi.
Dowamy
2023-nji ýylyň 13-nji iýulynda Wenada geçirilen diňlenişikde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna (ÝHHG) Birleşen Patyşalygyň delegasiýasynyň orunbasary Deirdre Brown ÝHHG-nyň Türkmenistanda alyp barýan işleri, esasan-da serhet mümkinçilikleri, gender deňligi we klimat meselelerinde Birleşen Patyşalygyň goldawy hakynda gürrüň berdi.
Hanym Brownyň aýtmagyna görä, Aşgabatdaky ÝHHG merkezi Türkmenistandaky taslamalarynyň sanyny we täsirini, esasan-da aýal gatnaşyjylaryna ýetirýän täsirini artdyrdy.
Dowamy
2019-njy ýylda Global saglyk howpsuzlygy indeksiniň (GSHI) 195 ýurduň pandemiýa jogap beriş ukybyny bahalandyrmasy Covid ýüze çykandan soň ýaňsa alnypdy. Sebäbi, indeks pandemiýanyň öňüsyrasynda ABŞ-ny we Birleşen Patyşalygy epidemiýa garşy taýýarlyk boýunça sanawda ilkinji orunlarda goýupdy.
Emma, ýakynda BMJ Global Health žurnalynda çap edilen derňew işi ýurtlaryň arasynda 2 sany esasy tapawudy, ýagny ilatynyň ýaşyny we COVID-19 hadysalaryny we ölümlerini anyklamak ukybyny nazara alsaň, GSHI-de ilkinji orunlarda ýer alan ýurtlaryň pandemiýada ölümçilik derejesiniň pes bolandygyny anyklady.
Dowamy