1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Inçekesele ýolugan adam köp ýyllaryň dowamynda inçekeseliň taýajyklaryny göteriji hökmünde gezip bilýär. 

Beýik Britaniýa göçüp barýan adamlarda inçekeseliň taýajyklarynyň bolup-bolmazlygyny ýüze çykarmak üçin, olaryň hemmesi rentgene düşürýärler. Ýöne iňlis alymlary bu usulyň köp ýagdaýlarda doly maglumaty bermeýär diýen netijä geldiler.  

Bu alymlaryň aýtmagyna görä, rentgen şöhlesi inçekeseliň diňe aktiw görnüşini, ýagny ötüşen ýagdaýlaryny ýüze çykaryp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda inçekeseliň hemme alamatlary bireýýäm mese-mälimdir.

Dowamy

  • 5710 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Gyzzyrma (malýariýa) keseli – gyzzyrma parazitleri bilen döreýän ýokançly keseldir. Onuň esasy ýüze çykyş alamatlary gyzzyrma tutgaýlary, gan azlylyk, bagryň we dalagyň ulalmagy, gaýtalanyp durma ýagdaýy bilen häsiýetlendirilýär.

Gyzzyrma parazitleri Anopheles maşgalasyndan bolan çybynlar ýaýradýarlar. Keseliň ýaýraýşy hem şol çybynlaryň duş gelýän ýerine, olaryň bedeninde kesel döredijiniň doly ösmegine kömek edýän howa şertlerine baglydyr.

Dowamy

  • 4379 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýylyň  7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününi belleýär. Bu gurama her ýyl adamzadyň saglygyny goramaga niýetlenen belli bir mowzugy saýlaýar. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň mowzugy — mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine bolan durnuklylyk. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bize şeýle duýduryş berýär:

Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine durnuklylyk: şu gün degişli çäreler görülmese, biz ertir dermansyz galarys.

Dowamy

  • 4024 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

INÇEKESEL   WE   SOSIAL   FAKTORLAR.

Inçekesel düýpli gaýraüzülmelere getirýän infeksion kesel bolup, soňky ýyllarda bu keseliň ýayramaklygynyň ýokarlanandygy ýüze çykdy. Bize belli bolşy ýaly, bu kesel, bedeniniň kesellere durnuklylygy pes adamlarda ýüze çykýar. Ýer ýüzüniň ilatynyň 1/3 bölegi inçekesel basillasyny göterýändir. Kesel ýokuşanlaryň her 10-dan biri kesel bilen keselleýändir.

Sosial-ykdysady ýagdaýlaryň durnuksyzlygy, işsizligiň ösmegi, ilatyň migrasiýasynyň ýokarlanmagy, arakhorlyk, neşekeşlik, öýsüzlik inçekesel bilen kesellemegiň ýokarlanmagyna we onuň ýaýramagyna sebäp bolýar.

Dowamy

  • 2934 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

"Güller açylýandyr diňe suw bilen,

Toprak eçilýändir diňe suw bilen,

Suw içinde almasam-da demimi,

Ullakan bir parhym ýokdur luw bilen."

Berdinazar Hudaýnazarow.

 

Biziň ata-babalarymyz ene topragymyzyň bütin durkunyň täzelenmegine, Ýer togalagyndaky materiýanyň dürli görnüşleriniň hereket etmegine ýardam berýän suwy ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, onuň her damjasyny gymmatly derman saýyp, oňa  çäksiz hormat goýupdyrlar.

Dowamy

  • 3586 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

ONKOLOGIKI KESELLER KIME HOWP SALÝAR?

Howply täze döremeleriň (HTD) gelip çykyşyny öwrenmek, olary bejermek, öňüni alyş çärelerini anyklamak, häzirki zaman lukmançylygynda iň bir wajyp meseleleriň biridir. Esasan hem keseliň öňüni alyş çärelerini bilmekligiň zerurlygyny nygtamak möhüm bolup durýandyr.

Çiş kesellerinde bedeniň käbir agzalarynda ýa-da dokumalarynda täze öýjükler saklap bolmaýan derejede köpelýär, ösýär. Agzada çiş emele gelip, ol onuň ýerine ýetirýän işini bozýar. Wagtyň geçmegi bilen ulalyp, ol töweregindäki agzalary hem gysyp, olaryň işini hem bozup biler. Şonuň ýaly ýagdaý, esasan «howply däl» çişlerde ýüze çykýar. Olar öz wagtynda ýüze çykarylyp, hirurgiki usul bilen aýrylanda, uly bir zyýan ýetirilmeýär.

Ýöne käbir ýagdaýlarda öýjükler gaty çalt köpelip, olaryň görnüşleri adaty, sagdyn öýjüklerden düýpgöter tapawutlanýar. «Howply çişler» diýip atlandyrylýan bu öýjükler bir ýerde ösüp köpelmän, ýanyndaky agzalara, hatda limfa arkaly bütün bedene ýaýraýar. Ýaýran ýerinde hem bölünip, täze çişleriň döremegine sebäp bolýar.

Dowamy

  • 8601 gezek okalan

3-nji DEKABR HALKARA MAÝYPLAR GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Her ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara maýyplar güni geçirilýär. Bu günüň geçirilmegi maýyplaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryna has oňat düşünip, olaryň hak-hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryny tapmaga ýardam edýär.

Maýyplyk — bu jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak mümkinçiligini we işjeňligi çäklendirýän islendik beden bozulmasyny aňladýan adalgadyr. Bozulmalar – bu  organizmiň gurluşynda ýa-da funksiýalarynda ýüze çykýan kynçylyklardyr;  hereketiň çäklendirilmegi — adamyň haýsydyr bir hereketleri ýa-da ýumuşlary berjaý etmekde çekýän kynçylyklarydyr; emma haýsydyr bir çärä, işe we ş.m. gatnaşmaklygyň çäklendirilmegi — adamyň durmuş ýagdaýlaryna gatnaşmakda çekýän kynçylyklarydyr.

Dowamy

  • 3385 gezek okalan