• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (20 Ses)

oydaki zorlugy bes est intro

Öýdäki (maşgaladaky) zorluk Türkmenistanda her maşgala diýen ýaly täsir edýän jemgyýetçilik meselesidir. Emma, gynansakda, ýurdumyzda döwlet edaralary ýa aýallara we çagalara garşy zorlugyň bardygyny inkär edýärler ýa-da muňa göz ýumýarlar. Bu bolsa maşgaladaky zorlugy öwrenmäge, oňa düşünmäge we çözgüt tapmaga böwet bolup durýar. Şol sebäpli hem, biz öýdäki zorluk hakynda ähli toslamalary paş etmek, ol barada düşünjämizi giňeltmek, öz şahsy jogapkärçiligimize düşünmek we jemgyýetimizdäki bu çynlakaý meselä degişli açyk gürrüňdeşligi öňe sürmek maksady bilen şu düşündiriş maglumatly işi taýýarladyk.

Türkmençe / На русском

  • 4218 gezek okalan

MUNUŇ ADY EMOSIONAL ZORLUK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (10 Ses)

zorluk infographic

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Jemal

Meniň bir goňşym bar, ady Jemal. Jemal 33 ýaşynda we 3 sany 3 ýaşdan kiçi gyzy bar. Jemal ýoldaşy we çagalary bilen gaýynlarynda ýaşaýar. Bize-de her gün "Telefonyňyzdan jaň edäýeýin?" diýip, gelýär. Jemalyň telefonyny adamsy sögüşenlerinde döwüpdir. Bir gün, "Näme üçin täze telefon alaňyzok, ýa-da gaýynlaryňkydan aýlaňňok?" diýip, soradym. Gynançly ýylgyryp, "Alyp berenoklar, jaň etmäge-de berenoklar" diýdi. Onuň her jaň etmäge gelende aýdyp berýän zatlaryndan inim tikenekleýär. Mysal üçin, gaýynlary plan jaýda ýaşaýarlar. Jemal, adamsy we çagalary bolsa wremýankada. Jemal bilen çagalarynyň plan jaýa girmesi gadagan ekeni. Gaýyn enesi Jemal bilen sögüşse, ogluny ýanynda ýatyryp, Jemalyň ýanyna ugradanok ekeni. Adamsy Myrat bolsa özüni hiç zat bilmeýän ýaly alyp barýar. Jemaly idemeýär we goldamaýar. Onuň daşyndan bolsa, keýp çekmäni, oturlyşyklara gatnaşmany gowy görýär. Men bolsa haýran galyp diňleýärin...

Dowamy

  • 4120 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Nobel Prize 2018Lukmançylyk boýunça Nobel baýragyny şu ýyl amerikan alymy Jeýms Allison bilen ýapon alymy Tasuku Hondzýo T-öýjükleri ulanmak bilen rak keselleriň immun bejeriş usulyny işläp düzendikleri üçin aldylar.

Adatça adamyň immun ulgamy (kesellere garşy durýan goraýjy ulgam) bedende uýtgän öýjükleri özbaşdak göžläp dargadýar we olara köpelmäge ýol bermeýär. Ýöne rak öýjüklerine bu tebigy goragy "aldama" başardýar we täze howply döremä ulalmaga mümkinçilik döredýär.

Alymlar Allison bilen Hondzýo rak öýjüklerini "aldap", olara immun ulgamyny togtatmaga mümkinçiligi bermezlik başartdy. Bu geçirlen işler ragyň bejergisinde uly açyş we öňegidişlik bolup, bu häsiýet täze dermän serişdeleriniň döredilmegine uly mümkinçilik berdi.

Dowamy

  • 2537 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

caga semizligiHabaryň iňlisçesi we çeşmesi: Turkmenistan: new findings on street food, NCDs risk factors and childhood obesity.

Bu habar häzire çenli diňe iňlis dilinde çap edildi. Habar Saglyk.org topary tarapyndan has köp sanly türkmenlere maglumat ýetirmek maksady bilen türkmen diline terjime edildi. Terjime üçin Bütindünýä Saglyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edilmedi.

2018-nji ýylyň iýul aýynyň 18-22 aralygynda Türkmenistandaky Bütindünýa Saglyk guramasynyň (WHO) döwlet ofisi we BSG-nyň Ýokanç däl Keselleriň öňüni alýan, olara gözegçilik edýän Ýewropa ofisi köçe iýmitleri, ýokanç däl (red. ýürek-damar, rak, diabet, öýken) kesellerine eltýän faktorlar we çaga semizligi ugurlaryndan 3 sany barlagnamanyň ilkinji netijelerini aýan etdiler. Ol netijeler birnäçe üstünlikleriň, şol sanda, birnäçe aladalandyryjy ýagdaýlaryň hem üstüni açdy.

Dowamy

  • 3697 gezek okalan

"GARAŇKY" ÇYKALGA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

garanky cykalga

Jennet beýleki gyzlar ýalydy. Men oňa kiçiräkkä iňlis dili öwredýärdim. Ol hemme gyzlar ýaly mekdebe gidýärdi, öýünde ejesine kömek edýärdi. Ol okuwy gutaryp, hünär edinip, bagtly maşgala gurmagy arzuw edýärdi. Ýöne birden Jennediň durmuşy üýtgedi, käbir zatlar ugruna bolman başlady. Durmuş onuň isleýşi ýaly dowam etmedi. Jennet başyna inen kynçylyklara çykalgalaryň "iň garaňkysyny" saýlady, hawa, siz dogry düşündiňiz, ol öz janyna kast etdi.

Meniň pikirimçe, bu günki gün suisid, ýagny öz janyňa kast etmek ýurdumyzda uly bir heläkçilikleriň biri bolup durýar. Biriniň özüni öldürmegi ýa-da öldürmäge synanyşmagy baradaky habarlary ýygy-ýygydan eşidip durus. Meniň çaklamalaryma görä, ýurdumyzda suisid esasan hem ýaşlaryň arasynda dürli sebäpler bilen edilýär. Şowsuz söýgi, ene-ata bilen oňuşmazlyk we psihiki bozulmalar bu problemanyň giňden ýaýran sebäpleri bolup durýar. Bütindünýa Saglyk Guramasyna (WHO) görä, Türkmenistanda ýaş boýunça suisidiň derejesi 100 000 ilatdan 7.2 adam janyna kast edýär.

Dowamy

  • 2801 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

dumew sanjymGüýz aýlary ýetip geldi, onuň yzysüre bolsa gyş pasly geler. Onuň bilen birlikde bizi möhüm işlerimizden alyp galyp, düşege ýatyrjak dümew hem peýda bolar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hasabatlaryna görä, her ýyl 3-5 mln. adam dümew bilen keselleýär, epidemiýa döwründe onuň gaýraüzülmelerinden 300 müňden 650 müň aralygy adam ölýär.

Ondan goranmak üçin siz nämeler etmeli? Witamin serişdelerini, sarymsakdyr-sogan, limon almazdan öň – özwagtynda öňüni alyş sanjymyny alyň. Dümewe garşy waksinasiýanyň alynyş düzgünleri we wagty barada maglumaty siz ýaşaýan ýeriňiz boýunça Saglyk öýlerinden, maşgala lukmanyndan alyp bilýärsiňiz.

Dowamy

  • 2625 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (11 Ses)

ogulgerekGelin bäbekhanadan gyz bäbejigini alyp öýe gelýär. Her kim her ýerden göwünlik berýär:

− Ýene gyz boldumy? Gynanma, ogul hem bolar.

− Ogulgerek, Ogulbagt, Ogulsabyr, Ogul+… atlaryndan birisini dakaý, yzyndan ogluň bolsun.

− Indiki bäbegiňi hasapladyp edäý.

Ýokardaky "gutlag sözleri" türkmen maşgalalarynyň köpüsinde bolşy ýaly, ikinji gyzym bolansoň maňa-da aýdyldy. Ene hökmünde, gyz çagalaryň ikinji derejeli görülmegi meni juda gynandyrýar. Türkmen jemgyýetinde bu ýagdaýy öwrenýän sosiologiki derňewler ýa-da statistiki sanlar bolmasa-da, herimiz öz maşgalamyzda we tanaýanlarymyzyň maşgalalarynda oglan çaganyň gyz çagadan göz-görtele ileri tutulýandygyny görýändiris. Erkek jynsyna çenden aşa buýsanylýar, olaryň gowy şertlerde ýetişmekleri we durmuşda islän arzuwlaryna ýetmekleri üçin mümkinçilik döredilýär, emma welin, gyz çagalarymyza gezek gelende, men olar bilim almakda, islän kärlerini we geljeklerini saýlamakda oglanlar bilen bir hatarda deň mümkinçiliklere eýe däl diýip pikir edýärin. Men özümiň we tanyşlarymyň tejribesini göz öňüne tutup, oglan çaganyň öňe sürülmeginiň 3 sany sebäbiniň üstüni açdym.

Dowamy

  • 5890 gezek okalan

NÄHILI OTURMAK HOWPSUZ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (15 Ses)

Siz nähili oturmagy halaýarsyňyz? Biziň herimiziň öz oturyş ýagdaýymyz, aýratynlygymyz bolup, ol biziň bedenimiziň saglyk ýagdaýyna, endigimize, jemgyýetde tutýan ornumyza baglydyr.

Siz aýagyňyzy aýagyňyzyň üstünde goýup oturmagy halaýaňyzmy? Göräýmäge, amatly. Şeýle oturma has hem zenanlaryň arasynda ýörgünli we bu oturyş olary has näzik görkezýän ýaly. Ýöne lukmanlar bu ýagdaýda oturmagyň saglyga zyýan ýetirip biljekdigini aýdýarlar.

Geliň, delillere ýüzleneliň.

Dowamy

  • 1907 gezek okalan

BIZ NÄME ÜÇIN SYPAÝYLYGYMYZY ÝITIRDIK?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.65 (20 Ses)

...Awtobusda adam köpdi. Olar awtobusyň dymyk salonynyň içinde biri birine söýenşip diýen ýaly durdylar. Ulag durmaly duralgasyna ýakyn geleninde salonyň ortasyndan ýol torbalaryny göterip, öňündäki adamlary itip gelýän orta ýaşan daýzanyň meni hem yzymda duran adamlara tarap itip, aýagymy basyp gidenini duýup galdym. Adamlar daýzanyň gödek hereketine gatyrgandylar, emme daýza olara barmysyň hem diýmedi. Men bolsa, eger daýza ýol berilmegini sorap: "Men geçäýin" diýip haýyş eden bolsa hem adamlaryň onuň haýyşyny bitirjekligi barada pikirlendim. Meniň aýagymyň agyrsynyň aýrylmagy üçin bolsa daýzanyň "Bagyşla!" diýen jümlesiniň ýeterlik boljakdygy barada oýlandym. Adamda näme göwün bar?...

Dowamy

  • 2679 gezek okalan

HOŞBOÝ YSLARYŇ MUŞDAGYMYŇ? ONDA GULAK AS!

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Durmuş şeýle bir ýeňil. Öýüň ysyny halamyzokmy? Ony oturan ýerimizde derrew öz göwün söýen ysymyza üýtgetmäge ukybymyz bar. Emeli ys berijiler bir ýeñillik! Otaglarymyzy, hajahathanalarymyzy bu hoşboý yslar bilen bezäp, durmuşymyzy "gül" ýaly edýäris. Ys berijiler hakyky tebigy yslar bolmasa-da, olara laýyk alternatiwa bolup durýar. Ýurdumyza bu haryt esasy üç ýurtdan gelýär: Hytaý, Russiýa we Türkiýe.

Öýlerimiziň arassa we gowy ysly bolmagy örän möhüm zat, emma "Ys berijileriň adam saglygyna zyýany barmyka?" diýip, pikirlendiňizmi? Geliň, soňky döwrüň ygtybarly ylmy çeşmeleriniň bu baradaky gürrüňlerine göz aýlalyň. Bu makala ABŞ-nyň tebigat alymy tarapyndan Waşington uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Tebigat Ylymlary Milli Institutynyň ylmy barlaglaryna esaslanyp ýazyldy.

Dowamy

  • 1953 gezek okalan