2003-nji ýylda ABŞ-nyň prezidenti Jorj W. Buş tarapyndan ABŞ-nyň Prezidentiniň AIDS-e garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz meýilnamasy (PEPFAR) döredildi. PEPFAR bütin dünýäde AIW-e jogap bermegiň wajyp bölegine öwrüldi. Bu meýilnama AIW/AIDS keselleriniň iň köp ýaýran pes girdejili ýurtlaryna goldaw berýär. PEPFAR $110 milliarddan gowrak maýa goýum arkaly gözegçiligi ýokarlandyrmak, kliniki hyzmatlaryň uly toruny döretmek we dermanlaryň üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrmak esasynda saglyk ulgamlaryny düýpgöter üýtgetdi. Bu meýilnama AIW bilen bagly ~25 million ölümiň öňüni almaga kömek etdi. Guramanyň hyzmatlaryndan başga-da millionlarça adam gytaklaýyn peýdalanýan bolmagy mümkin.
2-nji oktýabrda BSGG gyzzyrma keseline garşy ikinji waksinany maslahat berdi. Bu her ýyl afrikaly çagalaryň içinde 500,000-e golaýlaýan gyzzyrma ölümleriniň sanynyň azaljakdygy barada umydy artdyrdy.
BSGG-nyň beýanatyna görä, BSGG-nyň 2021-nji ýylda maslahat beren RTS, S waksinasy ýaly R21/Matrix-M waksinasy hem howpsuz we täsirli.
JAMA Network lukmançylyk žurnalynda çap edilen täze barlag uzak wagtlap işde we öýde oturýan adamlarda az oturýanlara garanyňda demensiýa keseliniň döreme howpunyň has ýokarydygyny ýüze çykardy.
Barlaga 60 we ondan uly ýaşly 49,841 erkek we aýal gatnaşdy. Alymlar adamyň hereketini syzyp bilýän emeli akyl algoritmlerini ulanyp, günüň her minudynda gatnaşyjylaryň hereket edişini ýa-da hereketsizligini (oturyşyny, ýatyşyny emma uklaýşyny däl) kesgitlediler. Uzak wagtlap oturmagyň täsirleri juda ýaramaz bolup biler. Hatda, yzygiderli maşk edýänlere hem günüň aglaba bölegini oturup geçirseler uly howp abanýar.
Pandemiýanyň başlanyna 3 ýyldan gowrak wagt geçenden soň, millionlarça adamyň hakykatdanam uzak dowam edýän Covid-den ejir çekýändigine ahyry ylmy subutnamalar bar.
Alymlar uzak dowam edýän Covid-li adamlaryň ganyndaky aýdyň tapawutlary ýüze çykardylar. Bu keseli anyklamak üçin testleri işläp düzmekde ilkinji ädimdir.
2023-nji ýylyň awgustynda Global klimat we saglyk birleşigi (GCHA) tarapyndan "Metanyň täsirini azaltmak: Global saglyk strategiýasy" atly hasabat çap edildi. Hasabatda metanyň adam saglygyna ýetirýän täsirlerine giňişleýin garalyp geçilýär.
Kuwwatly parnik gazy bolan metan bütindünýä maýylganlygyny çaltlaşdyrýar we ýere ýakyn ozonyň emele gelmegine goşant goşmak arkaly howanyň hem hilini ýaramazlaşdyrýar. Metanyň ýany bilen howa zyňylýan hapalaýjylar bolsa, adamlara zerur bolan howany, suwy we topragy haraplaýarlar.
Covid pandemiýasynyň tamamlanandygy maýyň başynda resmi taýdan yglan edilse-de, sentýabryň başyndan bäri ABŞ-da koronawirus ýokuşan adamlaryň sany çalt artmagyny dowam edýär. Ýurtdaky häzirki Covid hadysalarynyň tolkuny 2020-nji ýylyň ýazyndaky tolkunyň derejesine tas deňeçer.
"Hadysalaryň we agyr keselleýänleriň sany diňe ABŞ-da köpelmeýär. Diýmek, keseliň şeýleräk artmagyna beýleki ýurtlar hem taýýar bolmaly" – diýip, BSGG-nyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça jogapkäri Mariýa Wan Kerhowe belleýär.
Hindistanda derman öndürijiler özleriniň çig mal üpjün edijilerini ýylda azyndan bir gezek audit (resmi derňew) etmeli bolarlar. Bu düzgün Hindistanda öndürilen üsgülewük siroplary dünýäde 141 çaganyň ölümine sebäp bolanyndan soň has berkedildi. Täze düzgün iýunda ornaşdyrylan eksport edilýän üsgülewük siroplary üçin goşmaça barlag düzgünleri bilen birlikde, Hindistanyň alyjylary öz derman senagatynyň howpsuzlygyna ynandyrmak isleýändigini görkezýär. Ýurt dünýäniň iň uly derman öndürijileriniň biri bolup, derman serişdelerinden $42 milliard girdeji gazanýar.
2023-nji ýyl poliomiýelit keseliniň soňuna çykylan ýyl bolmalydy. Ýöne, poliomiýeliti ýok etmek başlangyjynyň Garaşsyz syn geňeşiniň täze hasabatyna görä, muny gazanmak bu ýyl başartmaz.
Keseliň soňuna çykmak üçin täze senäni bellemäge şertler henizem gowşak.
Diňe 20 ýyl mundan öň hem global AIDS pandemiýasy ýeňip boljaga meňzemeýärdi. Her ýyl 2.5 milliondan köp adama AIW ýokuşýardy we AIDS zerarly ýylda 2 million adam aradan çykýardy. Netijeli bejergiler we dermanlar oýlanyp tapylan hem bolsa, bahasynyň gymmatdygy sebäpli olardan sanlyja adam peýdalanyp bilýärdi. UNAIDS-iň ýakynda çap eden global AIDS baradaky soňky hasabaty häzirki wagtda dünýäde AIW bilen ýaşaýan 39 million adamyň 29.8 millionynyň ölümden halas ediji bejergileri alýandygyny görkezýär.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.