Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ELIŇ TITREMEGINIŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.82 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Elleriň (barmaklaryň) titremegi dürli psihiki kynçylyklar sebäpli döräp bilýär: gahar-gazap, wajyp wakanyň öňsyrasynda tolgunma, gorkyny başdan geçirme, stress, ruhy gamgynlylyk ýagdaýlary. Köp halatlarda agyr fiziki zähmetden, gün urmadan, üşemeden soň hem elleriň titremegi syn edilip bilinýär. Bu alamat, esasy sebäp aradan aýrylansoň geçip gidýändir.

Dowamly elleriň titremesi beden bozulmalary sebäpli hem ýüze çykyp biler: galkan şekilli mäziň işiniň ýokarlanmagy, süýjüli diabet, agyr derejeli ganazlylyk, beýniniň gan aýlanşygynyň bozulmalary, bagryň işiniň bozulmalary.

Serhoş ýagdaýy, kömürturşy gaz bilen zäherlenme, derman serişdeleriniň uly mukdarynyň kabul edilmegi, neşe serişdeleriniň ulanylmagy hem elleriň titremegine getirip biler.

Elleriň titremegi garrylyk döwründe duş gelýän beýniniň bozulmalary (Parkinsonyň keseli) netijesinde hem döräp biler.

Elleriň titremeginiň bejergisini onuň döremegine getiren sebäbi aradan aýyrmakdan başlamalydyr. Sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýaramaz endiklerden saklanmak, suwda ýüzme, aram fiziki işleňligi saklama emosional sebäpler bilen dörän alamatdan dynmaga kömek edip biler.

Häzirki wagtda lukmançylykda elleriň titremegini bejermekde netijeli ençeme derman serişdeleriniň toparlary bellidir. Antidepressantlar, tutgaýlara garşy serişdeler, benzodiazepin toparynyň serişdeleri dürli täsirleri bilen belli bolup, olara bolan görkezmeleri, mukdaryny, bejerginiň dowamlylygyny diňe lukman bellemelidir.

Şol sebäpden hem, elleriň titremeginiň anyk sebäbini kesgitlemek üçin newropatolog lukmanyna ýüz tutma ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4123 gezek okalan