Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAKAWLAMANY NÄDIP BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (10 Ses)

Hormatly Myhman!

Sakawlama keseli beden keseli däl-de, nerw ulgamynda, onda ýüze çykýan näsazlyklara bagly gepleýşiň çylşyrymly bozulmasydyr.

Sakawlamany bejerme belli bir wagty, taýynlygy bolan hünärmeni talap edip, ýörite düzülen bejeriş meýilnamalary esasynda alnyp barylýar.                                                                        

Bejergi aşakdaky çärelerden başlanýar:

1. Adamyň psihologiki aýratynlyklaryny öwrenmek, sakowlamanyň görnüşini kesgitlemek;

2. Endik bolup galan gepleýiş düzgünlerden dynmak. Dem alyş, ses çykaryş we sesleri dogry aýdyp bilmek ukybyny kadalaşdyrmak maksady bilen maşklary geçirmek. Onuň üçin gepleýişde  dogry dem almak, sesleri ýumşak we dogry aýtmak, gepleşige gatnaşýan beden agzalaryny türgenleşdirmek ýaly çäreler toplumy ulanylyp, geplemek, ýuwaş , mesaýy düzgünden başlanýandyr.

3. Sözleýişde kyn düşýän sesleriň üstünde işlemek. Adamda şol sesleri geplemekde ýüze çykýan gorkyny aýyrmak.

Bar bolan kynçylyklardan dynmaga Size logoped we psihonewrolog lukmanlary kömek eder. Belli bir wagt, siziň erjellidigiňiz we sabyrlydygyňyz, lukmanyň siz üçin saýlap alan bejergi usuly Size sözleýiş kemçiliginden dynmaga kömek eder.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4385 gezek okalan