Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÜÝÇLI KELLAGYRYNY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.00 (1 Ses)

Hormatly Jahan!

Kellagyrylar köp dürli sebäplere görä ýüze çykyp, olary bejermek çäreleri diňe agyrsyzlandyryjy dermanlary kabul etmege syrykmaly däldir. Agyrsyzlandyryjy dermanlary yzygiderli ulanmak Siziň saglyk ýagdaýyňyza ýaramaz täsir edip biler.


Kellagyry dowamly nerw dartgynlylykda, gan basyşynyň üýtgeme ýagdaýlarynda, böwrek we endokrin kesellerde, gan azlylykda, nerw ulgamynyň kesellerinde, gözüň, gulagyň, bokurdagyň, burnuň kesellerinde döräp biler.

Siz başga beden kesellerinden ejir çekýärsiňizmi? Kellagyrylar nämeden soň başlanýar?

Ol ýürek bulanma, gaýtarma, gözüň öňünde döreýän „ýylpyldylar“ ýaly alamatlar bilen utgaşýarmy? Kellagyrynyň sebäbini anyklap, Size degişli bejergi çärelerini bellär ýaly, maşgala lukmanyna we newropatolog lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Şeýle hem, kellagyrynyň sebäpleri we anyklaýyş çäreleri barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Kellagyry" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, Lukman.

  • 3543 gezek okalan