Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GURÇUKLY ÇAGA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Halk arasynda dişiňi gyjyrdatma alamatyny içdäki gurçuklar bilen baglanyşdyrsalar hem, lukmanlar bu pikiri dogry hasaplamaýarlar. Dişleriň gyjyrdatylmagyna getirýän,  çeýneýiş myşsalarynyň ygtyýarsyz ýygrylmagyny lukmanlar "bruksizm" diýip atlandyrýarlar. Alymlaryň pikirine görä, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň her üçünjisihde  hem-de kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň her ikinjisinde bu ýagdaý syn edilýändir.

Bruksizmiň döremegi babatda dürli düşündirişler bar bolsa-da, alymlaryň köpüsi onuň döremegini içki dartgynlylyk, stress ýagdaýynyň uzak täsiri, uka gitmezden öň merkezi nerw ulgamynyň aşa oýandyrylmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne bu ýagdaý emosional taýdan asuda çagalarda we uly adamlarda hem döräp, wagtyň geçmegi bilen ýitip gidip biler. Dişleriň uzak wagt gyjyrdytylmagy kellagyrylara, myşsalardaky hem-de aşaky äňdäki agyryly duýgulara,  dişleriň  zeperlenmegine getirip bilýändir. Eger  bu ýagdaý uzak wagt dowam edip, çagany biynjalykdyrýan alamatlary döretse, psihonewrolog  lukmanyň  maslahatyny almak peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3450 gezek okalan