Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝEŇSE GATAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

Hormatly  Maýagözel!

Ýeňse myşsalarynyň gatamagy hem-de agyrmagy dürli sebäplere görä ýüze çykyp, degişli barlaglary geçirmezden olaryň sebäbini kesgitlemek kynçylyk döredip bilýär.

Ýeňse myşsalarynyň gatamagy (miogeloz) olatyň sowuklamasy, dik ýöremezlik, oňaýsyz ýagdaýda uzak oturma, dowamly stress ýagdaýlary getirip biler. Ondan başga-da, ýeňse nerwiniň sowuklamasy, oňurganyň boýun böleginiň osteohondrozy, şikeslenmeden soň myşsanyň süýnmeleri, spondilit (oňurgalaryň gapdal ösüntgileriniň üýtgemegi), oňurgaara birleşmeleriň üýtgemeleri hem ýeňsede ýüze çykýan oňaýsyzlyklaryň sebäbi bolup bilerler. Bu ýagdaý gan basyşyň ýokarlanmagynda hem döräp bilýändir. Eger bu ýagdaý uzak wagt biynjalyksyzlandyrýan bolsa, onda munuň sebäbini doly anyklamak üçin newropatolog lukmanyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, Lukman.

  • 4202 gezek okalan