Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BRUKSIZME GETIRÝÄN SEBÄPLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Bruksizm islendik adamda, onuň dürli ýaşynda ýüze çykyp biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu hadysadan  uly adamlaryň 10-15%-i, çagalaryň bolsa 50%-i ejir çekýärler.

Şu wagta çenli bruksizmiň döreýiş mehanizmlerini açyp görkezýän düşündirişler ýokdur. Uky bozulmalaryna degişli somnambulizm (ukuda gezme), hor çekme, basyrganma ýaly ýagdaýlaryň bruksizme getirip bilme töwekgelligini artdyrýandygy barada pikirler bardyr. Bu ýagdaý köplenç kelle çanagynyň ýüz böleginiň süňkleriniň nädogry gurluşy, çekge-aşaky äň bognunyň keselleri bolan adamlarda köp duş gelýändir. Ondan başga-da, bruksizmiň stress ýagdaýlaryny ýygy başdan geçirýän adamlarda köp duş gelýändigi anyklanyldy.

Uly adamlarda duýdansyz ýüze çykýan bruksizm käbir bedeniň umumy keselleriniň, meselem, garaguşagyry keseliniň alamaty bolup bilýändir. Şonuň üçin hem uly adamlarda  has ýygy gaýtalanýan tutgaýlar lukmançylyk barlagyny geçirmäge esas döredýändir. Kiçi çagalarda bu ýagdaý öz-özünden geçip, bejergini talap etmän hem biler.

Has uzak dowam edýän bruksizm çýnlakaý ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirip biler:

► Dişleriň aşa sürtülmegi;

► Dişleriň gymyldamagy hem-de döwülmegi;

► Dişleriň duýgurlylygynyň ýokarlanmagy;

► Çekge-aşaky äň bognunyň hereketiniň bozulmagy;

► Ýüz myşsalarynyň ýygrylmagy netijesinde döreýän agyrylar.

Bruksizmiň gündiz hem-de gije döreýän görnüşleri bolup, gündizki bruksizm emosional dartgynlylyk wagtynda dişleri berk gysyp, gyjyrdatma alamatlary bilen häsiýetlendirilýär. Gysgawagtlaýyn döreýän gündizki bruksizm hadysasyna (10 sek uzak däl), stress ýagdaýyna nerw ulgamyň berýän jogaby hasaplanyp, bozulma hökmünde seredilmän hem biler. Gijeki bruksizmde bolsa ukuda dişleri gysyp gyjyrdatma ýagdaýy syn edilip, gijäniň dowamynda birnäçe tutgaýlar bolup biler.

Bruksizmiň bejergisinde  oňa getirýän esasy sebäbi aradan aýyrma, stresse getirýän ýagdaýlardan gaça durma möhümdir. Bruksizm bilen göreşmek üçin stomatolog lukmanlary birnäçe maslahatlary berýärler:

► Günuň dowamynda dişleriňizi biri-birine ýakynlaşdyrmajak boluň. "Dodaklar-bile, dişler-aýry" diýen şygara uýup, diş hatarlaryny diňe nahar iýeniňizde ýa-da ýuwdunaňyzda biri-birine degriň.

► Nerw ulgamy aşa gyjyndyrmadan saklaň. Şol maksat üçin ýatmazdan öň çaý, kofe içmäň, süýjüli tagamlary kabul etmekden gaça duruň. Tolgunmaga mejbur edýän kitaplary okamaň, kinofilmleri görmäň. Çagalary hem dürli oýunlary oýnamakdan saklaň. Gowusy, ýatmazdan öň olara erteki ýa-da başga bir çagalara niýetlenen eserleri okap beriň.

► Ýatmazdan öň çeýneýiş myşsalary köşeşdirmek maksady bilen gaty önümleri, meselem, alma ýa-da kelem iýiň.

► Çeýneýiş myşsalarynyň ýygrylmagynyň öňüni almak üçin gyzgyn suwa öllenen ýapgylary duluklaryňyza goýma hem peýdaly bolar.

Bruksizmiň alamatlary bilen özbaşdak göreşip bilmedik ýagdaýyňyzda hökman stomatolog lukmanyna ýüz tutuň. Alamatlaryň aşa güýçli ýüze çykýan halatlarynda, ortodont lukmanlar ýokarky äňi aşaky äňe ýakynlaşmadan saklaýan  ýörite enjamlary siziň agyz ölçegleriňize görä  ýasap, onuň ulanylyşy barada peýdaly maslahatlary bererler. Ýörite görkezmeler ýüze çykanda newropatolog lukmanyň maslahatyny almak hem ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3705 gezek okalan