Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EL TITREMESINIŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Elleriň titremegi agyr fiziki zähmetden, nerw bozulmalardan, üşemeden soň döräp, dynç almadan, köşeşmeden, ýylanmadan soň onuň aýrylyp gitmegi adaty ýagdaýdyr. Keseliň alamat höküminde ýüze çykmagy ensefalit, Parkinsonyň keseli (esasan 50-55 ýaşdan soň duş gelýär), käbir endokrin kesellerde syn edilip bilner. Elleriňiziň titräp, aglaklygyň, gaharjaňlygyň döremegi, Sizde galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalarynyň ýüze çykandygynyň hem alamaty bolup biler. Doly barlag çärelerini geçip, anyk sebäbi anyklamak üçin newropatolog we endokrinolog lukmanlaryna ýüz tutmaklygy Size maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3291 gezek okalan