Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KELLÄM AGYRÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Adam beýnisini dürli şikeslenmelerden, kelleçanak süňklerinden başga-da, hereket edýän oňurga – beýni ýiliginiň suwuklygy (likwor) hem goraýandyr. Bu suwuklyk beýniniň bir böleginde çykyp, ýörite akarjyklar arkaly onuň başga bölümlerine baryp, şol ýerden hem gana düşýändir. Likworyň mukdarynyň aşa köp ýygnanmagy beýnä edilýän basyşy ýokarlandyrýp, kelle çanagynyň içindäki basyşyň ýokarlanmagy hadysasynyň düýp manysyny aňladýandyr. Beýnä edilýän basyş likworyň köp işlenilip çykmagy, onuň beýnide hereketiniň böwetlenmegi, merkezi nerw ulgamyň gurluşynyň doga aýratynlyklary, beýni şikeslenmeleri, beýnide  döremeleriň  täsiriniň netijesinde ýokarlanyp biler.

Bu ýagdaý irden güýjeýän kelledäki agyrylar, ýörek bulanma, gan basyşyň üýtgemegi, ýüregiň ýygy urmagy, görüşiň peselmegi, çalt ýadamaklyk ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilip bilner.

Newropatolog lukmany tarapyndan geçirilen barlag we şol esasda berlen bejergi çäreleri, sizi biynjalyk edýän alamatlardan dynyp, bar bolan beýnidäki näsazlyklary aradan aýyrmaga kömek edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4125 gezek okalan