Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝAKDA DÖREÝÄN DAMAR ÇEKMELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (8 Ses)

Hormatly Kakajan!

Statistiki maglumatlara görä, ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 80%-den gowragy aýaklarda gaýtalanyp durýan damar çekmelerden ejir çekýärler.

Bedende kalsiý, magniý, kaliý hem-de D witamininiň ýetmezçiligi damar çekmeleriň esasy sebäbi höküminde bellenilýär. Sary gaýnamalaryn bejergisinde ulanylýan antasid dermanlar bu duzlaryň özleşdirilmegini kynlaşdyrsalar, buşukdyryjy serişdeler bedenden olaryň çykarylmagyny ýokarlandyryp bilerler. Adam köp derlände hem kaliý duzunyň köp ýitirilmegi netijesinde, yssy howalarda ýa-da depginli geçirilýän sport türgenleşiklerinden soň, aýaklaryň damar çekmelerini ýygy syn edip bolýandyr.

Damar çekmeleriň başga sebäpleri höküminde wenalaryň warikoz giňelmesini, aýaklaryň gan aýlanşygynyň dowamly bozulmalaryny, galkan şekilli mäziň kesellerini, süýji keselini, ýasydabanlygy, aýaklaryň şikeslenmesini, fiziki agramlylygyň täsirini, aýaklaryň üşemegini belläp bolýandyr.

Sebäpleriň köpdürliligini göz öňüne tutup, ony kesgitlemek we degişli bejergini geçirmek üçin lukmana ýüz tutmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6321 gezek okalan