Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇEP ELIŇ GURŞMAGYNYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly Kasym!

Salbutamol dermany bronhlaryň (dem alyş ýollarynyň aşaky bölümleri) gysylmasynyň öňüni alyp, adaty maslahat berilýän mukdarlarda ýürek-damar ulgamyna hiç hili ýaramaz täsirini ýetirmeýär. Dermanyň aerozol (bokurdaga pürkülip ulanylýan) görnüşiniň täsiri has çalt ýüze çykýandyr.

Bu dermanyň ýaramaz täsirlerine ýürek urmalaryň ýygjamlaşmagy, gan basyşynyň ýokarlanmagy, kellagyry alamatlaryny degişli edip bolýandyr.

Salbutamoly ulananyňyzda, ony bellenilen mukdardan artyk ulanmadan ägä boluň! Dermanyň aerozol görnüşini adatça 1mukdar birliginden günde 1-2 gezek ulanýarlar. Applikatoryň her gysylmasy dermanyň 0,1 mg. işjeň maddasyny saklaýan 1 dozany (mukdaryny) berýär. Görkezme boýunça, dermanyň ulanylmagyny 4-6 gezege çenli köpeldip bolsa-da, ulanmalaryň arasyna birnäçe sagat (4-5 sagat) arakesme salma maslahat berilýär.

Aýalyňyzyň çep eliniň gurşmagy dürli sebäplere görä döräp biler. Eger gurşma duýgusy barmaklaryň ujyndan çep ele tutuş ýaýraýan bolsa, bu ýürek-damar ulgamynda döreýän bozulmalardan habar berip biler. Barlaglar bu ulgamyň işiniň kadadadygyna görkezmesine garamazdan ýene bu alamat sizi biynjalyk edýän bolsa, onda onuň sebäpleri höküminde A we B toparyň witaminleriniň ýetmezçiligini, eliň damarlarynyň ateroskleroz keseli zerarly (45 ýaşdan soň) zeperlenmegini belläp bolar.

Başam we ortaky barmaklaryň gurşup, agyrynyň eliň iç ýüzüne ýaýramagy hem-de aýalaryň ysgynsyzlygy goluň nerw suýumleriniň birleşmesiniň zeperlenmeginden habar berse, barmaklaryň goşadan – "başam – orta barmak", "başam – uly barmak" häsiýetli gurşmagy, oňurganyň boýun bölüminiň oňurgara diskleriniň şikeslenmegini aňladyp biler.

Elleriň gurşma alamatynyň sebäpleriniň köpdürliligini göz öňüne tutup, anyklama çärelerini geçirmek maksady bilen newropatolog lukmanyna ýüz tutmak netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3764 gezek okalan