Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÜREGI KEMÇILIKLI (PAROKLY) DOGLAN ÇAGANY NÄHILI BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.20 (5 Ses)

Hormatly Nurýagdy!

Ýüregiň dogabitdi kemçilikleri öz ýüze çykyşy boýunça "ak" we "gök" görnüşlere bölünýärler.

"Ak" ýürek dogabitdi kemçiliklerinde deri örtükleri solgun reňkliligi bilen tapawutlanyp, olar birden ýüze çykman hem biler.

Kemçilikleriň "gök" görnüşinde bolsa, ýürekden arteriýa we wena  ganlarynyň gatyşýanlygy sebäpli, deri örtükleri, dodaklar, gulaklar gögümtil öwsüp, çaga aglanda ýa-da emende gögerme has hem bildirip biler.

"Gök" dogabitdi ýürek kemçilikleriniň hem dürli görnüşleri bolup, olar diňe hirurgiki usul bilen bejerilýändir. Bu ýürek kemçilikleriniň çalt gaýraüzülmelere getirýänligi sebäpli, barlag we bejergi üçin haýal etmän kardiohirurg lukmanlaryna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2924 gezek okalan